garlawac
15.02.2024 00:24


1). Ajymy? Geçmedi, diňe öwrenişdim.

2). Men bu şäherde iň köp seni söÿdüm.

3). Haýsysy has kyn? Jennetdäki bir bagtsyz bolmakmy ýa-da jähennemdäki bir bagtly?

4). Gorkyny ÿeñmäge çalyshma. Sebäbini ÿok etmegi bil.

5). Ýolumdan dönmedigim üçin däl, seniň bilen hiç bir ýolda ýöremejegimi bilýänim üçin gidýän. Ýer ýüzüniň bütin söÿgüleri seniňki we meni unudyp bilersiň.

6). Ajynyň täsiri, size güýçli bir häsiýet sowgat etmegidi.

7). Ýalňyzlygym ahy-perýatdy, hemmäňiz kerdiňizmi?!

8). Nähili geň. Içimdäki hasratlar sendiň, olary diňdirjek bolan-da.

9). "Unutmak" diýmegiň nämesi kyn-a; asyl unutmak mejburyýetinde galmak ÿykar adamy.

10). Yşkk barlygyň däl ÿoklugyň ýitgisidir.

11). Beýik söýen ýüregiň ajysy kiçi bolmaz.

12). Hemme zat geçmişde galýar, ýöne hiç bir zat geçmeÿär.

13). Görmeýän göz däl, ynsandyr aslynda we gözler dodaklar gymyldamasa hem sözleşip biler.

14). Mesele şu; durmuşy ýaşap düşünmekmi, ýa düşünip ýaşamakmy?

15). Ynjanjak hal galmady mende. Saňa bir maslahat; hoshlaşygymyz sowuk bolar, galyňrak geýin.

16). Söýgi, ynsanyň öz kemligini başgasynda tamamlamak islegidir. Terk edilmek bolsa kemliginiň
has-da kemelip yzyna tabşyrylmasydyr.

17). Uly hyýallaryň döwükleri-de uly bolar, ýöne nädeýin ÿyldyzlar hem diňe özüni ýakyp bilýän wagtynda ÿyldyzdyr.


Kahraman TAZEOGLU
32
151
sabyrly
15 Fewral 2024
@garlawac_, hä onda bagyşlañ siziñ özüñiz geçirdiñizmikä diýdim türkmençä arasynda terjime edäýmäñizem barda şondan aýdypdym
sabyrly
15 Fewral 2024
Ajymy? Gecmedi öwrenşdim. Birtäsinräk 11.Beýik söýen ýüregiñ ajysy kiçi bolmaz.şu sözüñem türkçesini bilesim gelýär galanlarayna söz ýok üstünlik şahsy pikrimi aýtdym gaty göräýmäñ ýene
flowers_
15 Fewral 2024
@garlawac_, şu wagtam elinden gelýän üýtgedýä, biz möhürlenen ýaly bolup gezip ýörüs, "ilki bir şapbatdan dat" diýlen bolaýmasa biziñ senariýamyzda😁
flowers_
15 Fewral 2024
@garlawac_, gowy filimler-ä(durmuşlar) dörärdi))), muñada şükür diýäýmesek😊
flowers_
15 Fewral 2024
14). Wahh, düşünip soñ ýaşap bolsady).
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.