garlawac
03.10.2024 23:59

Ýürekdeşim! Ýüregimdeş! Ekiz taýym ýaly mep-meňzeşim! EÝ meniň durmuşymyň ýeke-täk ,,serendipity"-sy! Dogry seni tananyma köp wagt bolmady, ýöne şunça ýyllap ýanymda bolanlaryň köpsünden ýakyn sen maňa.

A bu gün seniň durmuşyňda iň bir wajyp günleriň biri, şol sanda meniňem! Sebäbi bu gün seniň doglan günüň. Biz bu güni ilkinji gezek bilelikde garşy alýas! Ara daş bolsa-da ýüregi ýakynym, ýüregim ýakynym! Täze ýaşa gadam basanyň bilen! Täze ýaşa gadam basanymyz bilen!

EÝ DÜNÝÄNIŇ AJAÝYPLYGY! SENI TANAMAK BAGTYNDAN MAHRUM DÄLDIGIME BEGENÝÄNIM! HÄPPI BÖZDEÝ GADYRDANYM!

Ýene niçeme ýyllar bile garşylamak nesip etsin! Ýanymda bolmasaňam içimden gelýän iň süýji sözleri öpüjikler bilen ýolladym! 😘😚.



14
232
garlawac
03.10.2024 00:08

Ýanyp duran hyjuwy dek jahylyñ,
Hakykat ejizdir özün bukardan.
Kesdirip gylyja öz duran gynyn,
Büdretdiň göwnümi,
Bolup ýykarman.

Ýalbarsamam huzuryndan gaýtmadyň,
Ertirleri tüm görünýän şol günüň.
Sen meň syrym dostuma-da aýtmadyk,
Men seň ile berýän soňsuz gürrüňiň.

Ýoluňa ýagtylyk düşeýän güneş,
Kölegäň mazamlar del nazarlara.
Bolmanda käteler özüňe geňeş,
Ugruň Gündogarmy,
Günbatarlara?!

Mylaýym ýylgyryş, hoşamaý dide,
Owal-ahyr arzymany her kimiň.
...Aýt,
Kimsäniň syny gider sergide,
Tegmil degen peýzažyna bagtymyň.

...Ýan-ýodaň bezegi elwan nagyşly
Gülleri-de basga alyp gitdiň sen.
Mertdiň welin,
Şol gezeg-ä bagyşla,
Namardyňam etmejegin etdiň sen.

Gurbansähet Gurbansähedow
16
90
garlawac
23.09.2024 00:16

Susarak her şey biter...


Bizim aybimiz da güvenmek olsun. Yine olsa yine güveneriz...


Biraz geç anladım...


Sevilmeyeceğimi bile bile ona gittim. Attiğim her adimda bittim...


Yeri asla dolmayacak bazi boşluklar vardır hayatta. İşte sen o boşluksun baba. Yerinin dolmayacaği ve asla doldurmak istemeyeceğim boşluğumsun... 😔


Seni düşünmek güzel şey,
Seni düşünmek ümitli şey.
Dünyanın en güzel sesinden,
En güzel şarkıyı dinlemek gibi şey...
(Nazım Hikmet - Seni Düşünmek)


Ah be on yedi yaşım,
Her gün girip çıktığım evimin kapı numarası bile on yedi. Şimdi ben seni nasıl unutayım? Neresinden tutayım bu hayatın? Nasıl yaşayayım? Hiçbir şey sonsuza kadar sürmezmiş. İnsan canından çok sevse de günü geldiğinde seve seve de vazgeçermiş...


Kalbinizi vermeyeceğiniz insanlara umut vermeyin...


,,Benim ne eksiğim var?" dedikden sonra kafamda oluşan listenin ilk sırasında sen yer alıyorsun...


Oysa ben sar diye açmıştım sana yaralarımı. Biraz daha kanat diye değil.


Çünkü böyle daha güzel; sen ve yalnızlığın...


Beni sevmeni falan beklemiyorum, seni sevdiğime pişman etme yeter...


İlkler unutulmaz...


Sen benim görmediğim baba sevgisini bastırdığım tek seydin. Şimdi sen de gittin, ben yine dipteyim...


Benim ahımı alma, bana papatya al... ☻️⁠✿


İçiniz güzel olsun, gerisi hallolur...


Her şey sizin olsun. ,,O buna değer" diyebileceğimiz biri olsa bize yeter... ☻️


Seni kaybettiğime değil, bir daha böyle sevmeyeceğime üzülüyorum...


,, Şu çayı da eçeyim, kalkalım hatun " diyemeyeceksem ne yapayım ben böyle sevgiyi de, segiliyi de...


,, Sen on yedi yaşımsin "
Miraç Çağrı Aktaş.
22
202
garlawac
15.09.2024 13:53

Uzakdaky ýakynyma

Söz çygryna sygyşmadyk duýgulam
Ahmyr bolup gözlerimden damyp dur.
Şol gözeliň söýgi hakda wadasy
Ýüpsüz gelip salgymyna daňypdyr.
Goradym men şol gözeli sowukdan,
Gorapdym-a aňzagyndan jahanyň.
Alyp gitdim kükregimde gujaklap
Iň owadan ýerlerine baharyň.
Doga etdim gursagymda adyny,
Şol gyz boldy zyýarata saparym.
Mährim gitse, sözlem bilen ezizläp,
Dymyp ýeňdim gelen çagy gaharym.

Özgeleriň garaýşyndan goradym,
Goradym men gussasyndan älemiň.
...Bu gün bolsa gözlerime ynanman,
Ýazgydyna garşy bolýan täleýiň,
Çäre tapman, kimden haraý gözlejek,
Söýenmese umyt atly tärimiň.
Haky boldy çekilmedik gussalar
Däli deýin aşyk bolan kärimiň.

Arzuwlarmyň kölegesin gujaklap,
Sözem ýokdy köşeşmäge, diýere.
Duýgularma ynandymmy çaga deý,
Ýokdy ahyr ýeke sebäp köýere!

...Ýalan dünýä, neçün gülýäň üstümden,
Günä dälmi dil ýetirmek söýene?!

Author: Allanur Bathyz
12
81
garlawac
12.09.2024 21:52


Zeleli ýok, undup goýber baryny,
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.

Kim bilipdir öňden beýle boljagyn,
Ýatlamalar meňem kalbym gowurýar
Göz öňümde: taplanmadyk geljegim
Ahmyryny ýele-göge sowurýar.

Aý,nätjek-dä, pelek işi, gysylma,
Baky däldir munda hiç zat, hasradam.
Bir gün geler, bagt gysdyrar gysymňa
Ýüregiňi ýok edersiň gussadan.

Bir men däl-ä dünýä gelip göreniň,
Ýatlamalaň ýumagyny çözme sen!
Isleýärkäm seniň bagtly bolanyň,
Haýyş edýän, gama boglup gezme sen!

Zeleli ýok, undup goýber baryny
Ýatdan çykar geçen günleň gussasyn.
Kakyp ýörme köne söýgiň taryny,
Indi seni özge ýollar gyssasyn.

© Aşyr HANOW
13
67
garlawac
12.09.2024 00:05

Garlawajyň guýrugy...
Aýagaldygyna, güýjümde baryny edip ylgaýan. Şonda-da durmuşyň talabyna eýermek ýeňil däl. Ýa men gereginden artyk alňasaýarmykam?! Belki, maýdalyňa hereket edibermelidir?!
Juda uly tizlik bilen asmanda uçup barýan garlawaçlary synladym düýn. Göräýmäge, olar hem nirädir bir ýere howlugyp barýan ýaly, emma ünsli synlasaň, ulurak aýlaw edip, ýene şol öňki ýerine-de gelip-geçýändikleri duýulýar. Olar peýwagtyna şeýdip uçup ýören bolsa gerek. Şeýdip uzak garaşdyran ýaz paslynyň keýpini görýän bolsa gerek olar.
Men näme üçin gyssanmaly onda?! Diňe şu güni göz öňünde tutan bolaýmaýyn?!
Dogry, öňkülere garanyňda, gijräk oýandym. Biraz alňasamaly boldy. Ýöne, Hudaýa şükür, ine, şu pursat howlukman, depderime nämedir bir zatlar ýazyp otyryn. Sözler ýeke-ýekeden artyp gidip otyr. Netijede bir bitewülige öwrülmeli. Durmuşam edil şu ýazgylaryň sözleri ýaly aýry-aýry sözlerden ybarat bolýar ahyry. Günlerde bir gün hemmesi birigip, bir ömür peýda bolar. Bu gün hem onuň aýrylmaz bir bölegine döner. Eger men nämedir bir zadyň aladasyny etmeli bolsam, diňe şu günüň şol ömürdäki — ömür köşgündäki boş kerpije öwrülmezliginiň aladasyny etmelidirin.
Men häzir şol ähmiýetli kerpijiň palçygyny eýläp otyryn. Ony şol bir boluşly galyba salman, has üýtgeşik derejä ýetirjek bolmaly. Düýnki, öňňinki ýolum däl bu günki geçilmeli menzil.
Garlawaçlar hem şol öňki çäginde aýlanýan däldirler. Olaryň uçuşynda uly many bardyr...
Güýjümde baryny edip ylgan bolsam, diýmek, men şu pursada ýetmäge howlugandyryn. Indi samsyklaç pikirlere gümra bolman, ähmiýetli zat döretjek bolmaly.
Özüme asmandaky garlawajyň gözi bilen garap görsem, häzirki ýagdaýym gülkünç görnermikä? Ol «Şol bir depen ýerini depip otyr» diýip oýlanarmyka men barada?!
Garlawajy adam üçin beren pidasy babatda ökündirmejek bolmaly. Çünki ol adama uly ynam edipdir ahbetin gözbaşda.
Rowaýatda adamyň ganynyň süýjüligini ýylana habar bermäge barýan çybynyň dilini gömeýinden sogran, soňra bolsa guýrugynyň bir bölegini pida beren ol ahyry.
Sözüm düşnüksiz bolsa, Nuhuň tupany bilen bagly rowaýaty okasaňyz, «mus-musuň mustapasyny» bilersiňiz...
Şu wagtam onuň uçuşy barada oýlananymda, adamyň aladasy bilen haýsydyr bir synasyny pida berýän ýaly bolup duýuldy ol maňa. Häzir asmandan onuň ýelekleri inäýjek ýalydy. Göýä, ol meniň pikirlerimi duşaklaýan göze görünmez erişleri gaýçy guýrugy bilen kesim-kesim edýän mysalydy.
Sag bol, garlawaç, sen bir uçaweri. Sen bolmadyk bolsaň, adamzat bolarmydy?! Gaýrat et ýene. Çünki sen şu wagtam bize görä Haka ýakynraksyň.
Men alňasamaryn, senden görelde aljak bolaryn.
Ýogsa-da, görýäňmi, meniňem çokullarym seniň gaýçy guýrugyňa meňzäp, şyrdagymyň aşagyndan çykyp dur...

© Orazmyrat MYRADOW
14
128
garlawac
09.09.2024 22:46


Aýralyk dumany sowlar ýuwaşdan,
Aýrylar kalbyňdan yşkyň labyry.
Ol seni kem-kemden unudyp başlar,
Azalyşar kalbyndaky agyry .

Öňki gelýän jaňlaň üzüler yzy,
Sms-ler gelmesini bes eder.
Soň ýatlarsyň bolup geçen zatlary
(Gözler. Sözler. Ýylgyryşlar. Hyýallar)
Birden-kä ýüregňi gaplar sowuklyk,
Göýä garly gyşyň aýazy ýaly.
Dünýäň reňki solar gaçar röwşeni,
Dolamak islärsiň. Bilmersiň nädip.
On bölek kalbyny doldurar biri,
Doldurar seň galan bagtyňdan gädip.

Sen kemis bagtyňy gözlär ýörersiň,
Ýatlamadan aşyp, ýyllardan aşyp.
Ol seni bir eýýäm undypdy emma
Sen oňa gaýtadan bolupdyň aşyk

15
111
garlawac
07.09.2024 15:02
Öý ruhunyň gündeligi 6-njy bölüm.

22-nji noýabr.
Köçä çykdyk. Bäý-bä! Dünýäň ululygyny! Bu dünýäde bikämiziň syrtyndan ulurak zatlaryňam bardygyna göz ýetirdik ikimizem.

23-nji noýabr.

Köçede ýatymlyk galmaly diýen netijä geldik. Ýoluň gyrasyndaky skameýkada ýatdyk. Pişik uzakly gije düýşünde ulgap, aýaklaryny kelemenledip geçdi. Ýatyp bilmedim. Köçeden öýleriň penjirelerini seredip oturdym. Bir mama gördi meni. “Nemesler şähere giripdir!” diýip gygyrdy-da kartoşka atyp saldy maňa.

24-nji noýabr.

Köçe pişiklerine sataşdyk. Haýsy raýondanlygymyzy we ýanymyzda näme baryny soradylar. Hiç zadam ýok diýdik-de gaýtdyk. Pişig-ä aman sypdyk diýýä.

25-nji noýabr.

Pişik myňňyldap başlady. Öz buşugýan latogy bolmasa oňup bilmeýänini aýtdy. Intelgent maşgaladan-da! Yzymyza gaýtmaly bolduk. Agşam öýde galdyk. Edere iş tapman batareýleri urup oýnadym.

26-njy noýabr.

Pişige ýene aýlanyp gelmegi teklip etdim. Ol ökjesindäki agyryny bahana etdi. Ýene öýde galdyk. Gaty içgysgynç. Batareýleri urup geçirdim gijäni.

27-nji noýabr.

Stop! Pişikde ökje nireden bolsun-aý? Haý büreli mahluk! Ýogsa-da, hakykatdanam büreläpdir şu. Dust gözledim weli gutalin tapdym. Ýatyrka gutalin çalyp çykdym pişige. Indi ol ýöne pişik däl – ol Nelson Mandelanyň pişigi. Öňümden çykanda baş egýän we şlýapam çykarýan. Pişik maňa – sen samsyk – diýýär.

28-nji noýabr.

Goňşymyz geldi. Pişigi suwa düşürdi.

29-njy noýabr.

Telewizor gördük. Pişik “Domaşnyý” kanaly göresi gelenok, “Dom-2” geçirýär. Gije sagat 3-e çenli dawa edip çykdyk.

1-nji dekabr.

Gyş. Pişik bilen Täze ýyly nirede geçirjegimiz barada pikirlendik. Ahyry çözdük, kuhnýada belleýäs.

2-nji dekabr.
Pişigiň üstüne un döküldi. Indi ol – Ak Ordeniň oňony. Gören wagtym şlýapamy çykaryp baş egmegimi dowam edýän. Olam maňa samsyk diýmegini dowam edýär. Aristokratiýa-da...

3-nji dekabr.

Goňşymyz geldi. Pişigi süwa düşürdi.

4-nji dekabr.

Gije pişik bilen gorkunç hekaýalary aýdyşdyk. Pişik Gara Weterinar baradaky gürrüňden soň "bes et, boldy" diýýär. Gije çyrany öçürmezligimi haýyş etdi.

5-nji dekabr.

Goňşymyz geldi. Oňa hemme zat gowy diýdim. Balagyny ýuwmaga gitdi.

6-njy dekabr.

Ertir bikäm gelýär. A näme üçin biz onuň eşiklerini çaşyrmaly däl?! Barybir men taýak iýmeýän-ä.

7-nji dekabr.
Ura! Geldi! Meniň-ä göresimem geldi, dogrusy. Begenjimden ýaňa pişigiň üstüne gülli gorşogy gaçyrdym. Bäh, pişik meniň ejemiň adyny nireden bilýärkä? Ýa men olary tanyşdyrypdymmy?

8-nji dekabr.

Näme? Girdenege durmuşa çykýaň? Aý, ýoook, halys çenden çykdy indi bu...


***


9-njy dekabr.

Girdenegiňkiler tizden gudaçylyga gelmeli. Özi gelmäge gorkýar öýdýän. Näme boljagyny bilýä-dä, pahyr...

10-njy dekabr.

Pişik bilen Garşylyk hereketlerini gurnaýas. Halk özüniň eýýam garranlygyny, eýýam durmuşyň manysynyň nämededigine düşünenligini we tiz wagtdan ruhuna doly ýagdaýda eýelik edip biljekligini aýtdy. Bu ýalançydaky bolýan zatlaryň hiç biri ony gyzyklandyrmaýarmyş indi. Men oňa emodyr diýip ýördüm weli, asyl ol buddist eken.

11-nji dekabr.

Garşylyk hereketlerini amala aşyrýan toparyň komandirini saýlamak meselesinde bökdençlikler ýüze çykdy. Geçirilen gizlin ses berlişikden soň indiki netijeler jemlendi:
Pişik – 1 ses, Öý ruhy – 1 ses.
Bir şapbatdan soň ses berilişigin netijeleri üýtgedi: Öý ruhy – 2 ses. Pişik – 0 ses. Biragyzdan, ýoldaşlar!

(Dowamy bar).

Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ


15
268
garlawac
06.09.2024 10:59

Alty aý mundan öň tutupdym bir bagt,
Bu bagtym bagtlara sep bolar öýtdüm.
Häzir bolmasa-da, haçandyr bir wagt
Dertli geçmişime nep bolar öýtdüm.

Göwün suw berermiş arzyly göwne
(Şeýle göwne eýe bolsa her göwre...),
Etmekden saklanan işlem bir döwre
gurap, uly ile gep bolar öýtdüm.

Az dymdym, “Döz gelmez dymşyma” diýip,
Şem boldum, “Dözmezler damşyma” diýip,
Gaýypdan ses gelip, “Daň şuňa!” diýip,
Ykbaly ykbalma ýüp bolar öýtdüm.

Dünýämi tutupdyr aýazy çilläň,
Sansyz oý-küýleriň mesgeni kelläm.
Durkumy paralap, atylýan gülläň
Ähli nyşanasy çep bolar öýtdüm.

Käte öz-özümden göwünim bitdi,
Käte öňki-soňky umydym ýitdi,
Meni bir alada döşümden itdi:
Söýgim naçar köňle ýük bolar öýtdüm.

Author: Sapa Hommadow
13
90
garlawac
04.09.2024 22:51

Bilbil mugallym: «Maňa bir zady köp gaýtalatmaň...»;
Maral mugallym: «Hemişe gaýtalap ýörmeli...»;
Täjigözel mugallym: «Şo bir zady gaýtalap durma!..»
Aýna mugallym: «Gaýtalap-gaýtalap, men-ä totyguşa döndüm...»;
Meret mugallym: «Düşünmedik bolsaňyz aýdyň! Men ýene bir gezek gaýtalamagy kyn görüp duramok...» diýýärdi.

Allanur Bathyz
,,Ýalta okuwçynyň gündeligi"
15
170