garlawac
09.09.2024 22:46


Aýralyk dumany sowlar ýuwaşdan,
Aýrylar kalbyňdan yşkyň labyry.
Ol seni kem-kemden unudyp başlar,
Azalyşar kalbyndaky agyry .

Öňki gelýän jaňlaň üzüler yzy,
Sms-ler gelmesini bes eder.
Soň ýatlarsyň bolup geçen zatlary
(Gözler. Sözler. Ýylgyryşlar. Hyýallar)
Birden-kä ýüregňi gaplar sowuklyk,
Göýä garly gyşyň aýazy ýaly.
Dünýäň reňki solar gaçar röwşeni,
Dolamak islärsiň. Bilmersiň nädip.
On bölek kalbyny doldurar biri,
Doldurar seň galan bagtyňdan gädip.

Sen kemis bagtyňy gözlär ýörersiň,
Ýatlamadan aşyp, ýyllardan aşyp.
Ol seni bir eýýäm undypdy emma
Sen oňa gaýtadan bolupdyň aşyk

15
103
ahbb
10 Sentýabr 2024
Gul ýaly gosga näme diýýänä ýüregimm!
ahbb
10 Sentýabr 2024
Hehe
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.