garlawac
15.09.2024 13:53

Uzakdaky ýakynyma

Söz çygryna sygyşmadyk duýgulam
Ahmyr bolup gözlerimden damyp dur.
Şol gözeliň söýgi hakda wadasy
Ýüpsüz gelip salgymyna daňypdyr.
Goradym men şol gözeli sowukdan,
Gorapdym-a aňzagyndan jahanyň.
Alyp gitdim kükregimde gujaklap
Iň owadan ýerlerine baharyň.
Doga etdim gursagymda adyny,
Şol gyz boldy zyýarata saparym.
Mährim gitse, sözlem bilen ezizläp,
Dymyp ýeňdim gelen çagy gaharym.

Özgeleriň garaýşyndan goradym,
Goradym men gussasyndan älemiň.
...Bu gün bolsa gözlerime ynanman,
Ýazgydyna garşy bolýan täleýiň,
Çäre tapman, kimden haraý gözlejek,
Söýenmese umyt atly tärimiň.
Haky boldy çekilmedik gussalar
Däli deýin aşyk bolan kärimiň.

Arzuwlarmyň kölegesin gujaklap,
Sözem ýokdy köşeşmäge, diýere.
Duýgularma ynandymmy çaga deý,
Ýokdy ahyr ýeke sebäp köýere!

...Ýalan dünýä, neçün gülýäň üstümden,
Günä dälmi dil ýetirmek söýene?!

Author: Allanur Bathyz
12
81
ayymsha
16 Sentýabr 2024
@garlawac, Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.