garlawac
12.09.2024 00:05

Garlawajyň guýrugy...
Aýagaldygyna, güýjümde baryny edip ylgaýan. Şonda-da durmuşyň talabyna eýermek ýeňil däl. Ýa men gereginden artyk alňasaýarmykam?! Belki, maýdalyňa hereket edibermelidir?!
Juda uly tizlik bilen asmanda uçup barýan garlawaçlary synladym düýn. Göräýmäge, olar hem nirädir bir ýere howlugyp barýan ýaly, emma ünsli synlasaň, ulurak aýlaw edip, ýene şol öňki ýerine-de gelip-geçýändikleri duýulýar. Olar peýwagtyna şeýdip uçup ýören bolsa gerek. Şeýdip uzak garaşdyran ýaz paslynyň keýpini görýän bolsa gerek olar.
Men näme üçin gyssanmaly onda?! Diňe şu güni göz öňünde tutan bolaýmaýyn?!
Dogry, öňkülere garanyňda, gijräk oýandym. Biraz alňasamaly boldy. Ýöne, Hudaýa şükür, ine, şu pursat howlukman, depderime nämedir bir zatlar ýazyp otyryn. Sözler ýeke-ýekeden artyp gidip otyr. Netijede bir bitewülige öwrülmeli. Durmuşam edil şu ýazgylaryň sözleri ýaly aýry-aýry sözlerden ybarat bolýar ahyry. Günlerde bir gün hemmesi birigip, bir ömür peýda bolar. Bu gün hem onuň aýrylmaz bir bölegine döner. Eger men nämedir bir zadyň aladasyny etmeli bolsam, diňe şu günüň şol ömürdäki — ömür köşgündäki boş kerpije öwrülmezliginiň aladasyny etmelidirin.
Men häzir şol ähmiýetli kerpijiň palçygyny eýläp otyryn. Ony şol bir boluşly galyba salman, has üýtgeşik derejä ýetirjek bolmaly. Düýnki, öňňinki ýolum däl bu günki geçilmeli menzil.
Garlawaçlar hem şol öňki çäginde aýlanýan däldirler. Olaryň uçuşynda uly many bardyr...
Güýjümde baryny edip ylgan bolsam, diýmek, men şu pursada ýetmäge howlugandyryn. Indi samsyklaç pikirlere gümra bolman, ähmiýetli zat döretjek bolmaly.
Özüme asmandaky garlawajyň gözi bilen garap görsem, häzirki ýagdaýym gülkünç görnermikä? Ol «Şol bir depen ýerini depip otyr» diýip oýlanarmyka men barada?!
Garlawajy adam üçin beren pidasy babatda ökündirmejek bolmaly. Çünki ol adama uly ynam edipdir ahbetin gözbaşda.
Rowaýatda adamyň ganynyň süýjüligini ýylana habar bermäge barýan çybynyň dilini gömeýinden sogran, soňra bolsa guýrugynyň bir bölegini pida beren ol ahyry.
Sözüm düşnüksiz bolsa, Nuhuň tupany bilen bagly rowaýaty okasaňyz, «mus-musuň mustapasyny» bilersiňiz...
Şu wagtam onuň uçuşy barada oýlananymda, adamyň aladasy bilen haýsydyr bir synasyny pida berýän ýaly bolup duýuldy ol maňa. Häzir asmandan onuň ýelekleri inäýjek ýalydy. Göýä, ol meniň pikirlerimi duşaklaýan göze görünmez erişleri gaýçy guýrugy bilen kesim-kesim edýän mysalydy.
Sag bol, garlawaç, sen bir uçaweri. Sen bolmadyk bolsaň, adamzat bolarmydy?! Gaýrat et ýene. Çünki sen şu wagtam bize görä Haka ýakynraksyň.
Men alňasamaryn, senden görelde aljak bolaryn.
Ýogsa-da, görýäňmi, meniňem çokullarym seniň gaýçy guýrugyňa meňzäp, şyrdagymyň aşagyndan çykyp dur...

© Orazmyrat MYRADOW
14
128
garajaoglan
12 Sentýabr 2024
Postdaky gyz owadan ekeni)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.