flowers_
03.10.2024 17:27
Ejeme bagyşlap.
Kämil däldir-le ýazanym,
Ýöne, derman bolsun saňa.
Diňe "balam" diýip gezenim,
Janym gurban bolsun saňa.
Durmuşumda bolmaz many,
Sensiz tümlükdir bu pany.
Eneleň iň mähribany,
Janym gurban bolsun saňa.
Baryňdadyr bar bilenim,
Baryňda batly bilegim.
Biribardan bar dilegim,
Baky hemra bolsun saňa.
Ynsan jismi däldir demir,
Meň üçin kän çekdiň jebir.
Berlip munda uzak ömür,
Hakdan perman bolsun saňa.
Toý-tomaşa gezmedigim,
Maňa derdi dözmedigim,
Hakdan umyt üzmedigim,
Janym gurban bolsun saňa.
Janym rahat tapar barkaň,
Il içinde belent sarpaň.
Munda seniň üçin körpäň,
Jany gurban bolsun saňa.
Maksat Şakirow.
13
50
1
flowers_
30.09.2024 23:07
Enäniň ýaşy.
Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp –
eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...
Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...
Kerim Gurbannepesow.
15
82
4
flowers_
25.09.2024 12:06
Adam psihologiýasy.
▪︎Akylly adamlar özlerini pes hasaplaýalar, nadan adamlar bolsa özlerini beýik hasaplaýarlar.
▪︎Ýaramaz zatlary ýazyp we zibile taşlamak, keýpiňizi gowlaşdyryp biljek psihologiki hiledir.
▪︎Kemçilikleriňizi kabul edeniňizden soň, hiçkim size garşy şol kemçilikleri ulanyp bilmez.
▪︎Gereksiz adamlar bilen aragatnaşygy bes edeniňizde, durmuşuňuyzda gowy zatlar bolup başlar we bu tötänlik bolmaz.
▪︎Adamlaryň halaýan mowzugy özleri. Şonuň üçin kimdir birini özümize çekmek isleseňiz, şahsyýeti(özi) barada gürleşiň.
Çeşme: https://1gai.ru/publ/524547-50-interesnyh-faktov-o-psihologii-cheloveka/amp.html
25
610
2
flowers_
24.09.2024 14:03
Indi bize.
Indi bize duşuşmaga ýok sebäp,
Çünki menzil uzak, göwünem sowuk.
Bir mahalky didara zar göreçlem,
Senden uzaklaşdy ýüzüni sowup,
Indi menziller däl, ýyllaram ýatyr,
Goja baglaň başlaryny yradan.
Bagtyna gol bulap egni gysylan,
Öz yşkyňa seredip gör gyradan.
Indi bize ýar bolmadyk duýgydan,
Ýatlara sebäp ýok, ýatlama yşky,
Ykbalyň oýnudyr pelege boýun,
Çekmeli bolarys durmuş keşigi.
Indi bize ökünjiňem haýry ýok,
Wysala ýetmedik bagty agladan.
Gedemlikden näme tapdyň tutarlyk
Bir mahallar seniň göwnüň çagladan.
Ýöne ýyllar geçip ykbal duşursa,
Şol pursat sen meni bilmersiň tanap,
Çünki men bagtly ýylgyryp durkam,
Aýaklaň ädilmez asla men tarap.
Gunça ORAZOWA.
20
113
4
flowers_
23.09.2024 16:08
Eneler hakda.
Asman ýere inse öwrülip oda,
Birden sypyp bu zeminiñ diregi.
Goý näme bolsa-da ýalan dünýäde,
Ynjamasyn eneleriñ ýüregi.
Ýürek barmy ene ýüregi ýaly?
Enesin ýitiren mähriñ zarydyr.
Mydam arzuw eder saña ak ýoly
Eneler perzendiñ howandarydyr.
Adam ýaşap ýörse ýeriñ ýüzünde,
"Eje" diýip sesi ýañlanar mydam.
Gyşlarda ýazlarda, tomusda, güýzde,
Zemini aýlap dur ene söýgüsi.
Isläp çagasynyñ dünýä inmegni,
Gursakdan öz janyn sogurýandyrlar.
Dünýäniñ "MEN" diýen erkeklerini,
Erkekler däl... eneler dogurýandyrlar.
Öwez Kertikow.
16
124
11
flowers_
22.09.2024 00:00
Bu gün 29 ýyl mundan öñ dogulyp, şondan bärem gün sypdyrman, ýadaman, ýaltanman ýaşap ýören hat-da soñky 7 ýyl bäri (öñki 13 ýylam goşsak 20 ýyl bäri bolaýýamy🤔😳) "ýolbarsyň" eýeçiliginde ýaşamagyny dowam edip ýören, gündüzä çyrasyzam tapyp boljak, ýöne gije eliñ çyraly gözlaýmeseñ tapyp bolmaýan diýilýän oglanlardan bolan("reñkiñemä halanýan reñk däl" diýýärä😂) hormatly agzamyz bolan öñki
@KMG
-gurt, häzirki
@Adyl
-g ady bilen tanalýan Muhammediň doglan güni.
Gutlaýan! Agzybir maşgalañ bilen, çagajyklañ bagtyna guwanyp uzak ömür sürmek nesip etsin!
Seni dünýä indirip şu günlere getiren enäñem ýaşy uzyn bolsun!💐
(Başyny biraz degişme äheñinde ýazdym, gaty gõrmersiñ diýen umyt bilen:))
18
305
52
flowers_
21.09.2024 20:58
Bolmady.
Çöwrüp geýäýmeseñ indi dünýäni,
Düzüw ýüz-ä geýer ýaly bolmady.
Bir gidäýseñ umyt bilen ýaýdanman
Soñ öwrülip geler ýaly bolmady.
Deñizler-ä galkdy, joşdy derýalar
Kimler saga, kimler sola barýalar,
Aglasañ gülýäler, gülseñ urýalar,
Aglar ýaly güler ýaly bolmady.
Dünýäñ özem aljyraýar şu günler,
Kine doly kituw doly göwünler
Şeýlebir çigilipdir, çigen düwünler
Çapaýmasañ çözer ýaly bolmady.
Derdimiz kän haýsy birin aýdaýyn
Dünýä! Señkiden-ä kyn meñ ýagdaýym
Seni munda goýup gidip arkaýyn
Umyt bilen öler ýaly bolmady.
Atamyrat Atabaýew.
18
85
5
flowers_
19.09.2024 13:08
Wagt bilen gelin.
...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda
Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit
Aglapdam şo gün...
Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,
Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýar kä günler).
Ýaşyl ketenili dim-dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç –
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!»
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr
Toý tutýan jaýa.
«Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz
oýa.
Gümradyr öz küýi, öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe
Bir kişi bilen...)
Biri iliň-günüň alkyşy bilen
Garramajak bolsa, şol sona gelin
Garramaly däldi. Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.
Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt,
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:
Teý bolmanda,
Käte,
Şuň ýaly gelni
Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi
des-deň?
– Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi Wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy, ogul.
Ýöne... borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çynçy nogul?
Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň,
hemem lowlaýaň...
Jellatmyň, şahyrmyň –
Aýtsana, kim Sen?
Kerim Gurbannepesow.
15
100
6
flowers_
07.09.2024 02:16
Öñüm tümlik...
Öñüm tümlük,
Ýöne umytlam ýagty,
Çümüp barýan, çäksiz Arzuw-hyýala,
Hasaply ömüriñ, bihasap wagty,
Lezzetini duýýar, göwün-pyýala,
Şekim ýok, şübhäm ýok, ajy hakykat,
Geleninde garşy aljak şat bolup,
Bir pursatlyk gülkä beren ömrümi,
Uzak wagtlyk ýaşar ýaly ýatlanyp,
Güý:z geldi,
Barha gysgaldy ömür,
Habaryn ýetirýär sowujak şemal,
Bag:t gözläp, gussa batan gözümden,
Akýan gözýaşlaryñ lezzetini al.
Ýylgyrýan haçanda deñimden geçse,
Sabyrsyz ýigitler, nowjuwan gyzlar.
Düýn beren sowalym,
Ertire garap,
Jogabyny görýär, görmejek gözler.
Remezan Mämetgurbanow.
13
61
1
flowers_
06.09.2024 11:04
Dünýä edebiýatynyň meşhur şahsyýetleriniň degişmelerinden.
1832-nji ýylda ýaş Juzeppe Werdi Milanyň konserwatoriýasyna okuwa girmekçi bolupdyr. Synagda ol öz düzen sazlaryny görkezipdir, roýalda oýnapdyr. Emma oňa «Konserwatoriýadan umydyňyzy üzüň, şäher sazandalarynyň arasyndan halypa gözleniň» diýip aýdypdyrlar.
Birnäçe ýyldan şol konserwatoriýa özüne Juzeppe Werdiniň adyny dakmak ugrunda göreşipdir.
***
Bir gün beýik grek matematigi Ewklidiň mugallumi ondan sorapdyr:
— Seniň üçin iki sany bitin alma gowumy ýa-da dört sany ýarty?
— Dört sany ýarty alma.
— Näme üçin? Olaryň tapawudy ýok ahyryn — diýip, halypasy aýdypdyr.
— Tapawudy bar — diýip geljekki beýik matematik jogap beripdir. Iki sany bitin alma alsam, men olaryň içinde gurçuk baryny-ýoguny bilmerin.
***
Mark Twen ýaş wagty Wirjiniýa Sitide habarçy bolup işleýän eken. Bir gün billýardda bir nätanyş onuň bilen ýarym dollara jedel edipdir. Özi-de çep elinde oýnajagyny aýdypdyr. Oýunda özünden öňe geçýän bolmansoň, Twen nätanyşyň «gözüne görkezeýin» diýip «Bolýar» biýipdir. Emma Twen birinji oýunda utulupdyr. Gahary gelen Mark Twen onuň sag elinde hem bilen oýnamagyny talap edipdir. Onda nätanyş «Sag elimde oýnap bilemok, men çepbekeý» diýipdir.
***
Bütindünýä dartyş kanunyny açan Isaak Nýuton lordlar palatasynyň agzasy eken. Ol hemme ýygnaklara kemini goýman gatnaşýan eken. Ýöne ýyllaryň dowamynda bir gezek hem çykyş etmändir. Günleriň birinde ol ýerinden turup, söz sorapdyr. Hemmeler bu beýik şahsyýetiň diýjek nutugyna seslerini çykarman garaşypdyrlar. Zalda dym-dyrslyk emele gelipdir.
Nýuton öz çykyşyna başlapdyr:«Jenaplar! Men sizden haýyş edýärin, penjiräni ýapyň. Bolmasa men sowuklaryn». Bolany. Bu onuň birinji we iň soňky çykyşy bolupdyr.
***
Aleksandr Dýumanyň «Üç muşketýoryny» gazetlerde çap edilýän eken. Olar ýazyjynyň işiniň her setirine töleýän ekenler. Dýuma köpräk hak almak üçin, Atosa bir hyzmatkär oýlap tapypdyr. Ol «hawwa» ýa-da «ýok» diýip gürleýän eken. Ýazyjy «Üç muşketýor. Ýigrimi ýyldan soň» eserini ýazanda, onuň her sözüne töläp başlapdyrlar. Onda Atosyň hyzmatkäri dyngysyz gürläp başlapdyr.
***
Beýik fransuz ýazyjysy Gi de Mopossan ir döwürlerde bir ministrlikde ýönekeý işgär bolup işläpdir. Kän ýyl geçenden soň, arhiwden onuň adyna ýazylan häsiýetnama tapylypdyr. «Örän oňat işgär, ýöne, erbet ýazýar».
***
Bernard Şou örän hor adam eken. Bir gün semiz biri oňa: «Size seredip, siziň maşgalaňyz açlyk çekýär diýse boljak» — diýipdir. «Size seretseň welin, şol betbagytçylygyň sebäbini görse boljak» — diýip, ol jogap beripdir.
22
203
7
Yene yükle