https://owrenmeli.app/72781-dn-edebiatyny-mehur-ahsyetlerini-degimelerinden..html#comment
flowers_
06.09.2024 11:04
Dünýä edebiýatynyň meşhur şahsyýetleriniň degişmelerinden.
1832-nji ýylda ýaş Juzeppe Werdi Milanyň konserwatoriýasyna okuwa girmekçi bolupdyr. Synagda ol öz düzen sazlaryny görkezipdir, roýalda oýnapdyr. Emma oňa «Konserwatoriýadan umydyňyzy üzüň, şäher sazandalarynyň arasyndan halypa gözleniň» diýip aýdypdyrlar.
Birnäçe ýyldan şol konserwatoriýa özüne Juzeppe Werdiniň adyny dakmak ugrunda göreşipdir.
***
Bir gün beýik grek matematigi Ewklidiň mugallumi ondan sorapdyr:
— Seniň üçin iki sany bitin alma gowumy ýa-da dört sany ýarty?
— Dört sany ýarty alma.
— Näme üçin? Olaryň tapawudy ýok ahyryn — diýip, halypasy aýdypdyr.
— Tapawudy bar — diýip geljekki beýik matematik jogap beripdir. Iki sany bitin alma alsam, men olaryň içinde gurçuk baryny-ýoguny bilmerin.
***
Mark Twen ýaş wagty Wirjiniýa Sitide habarçy bolup işleýän eken. Bir gün billýardda bir nätanyş onuň bilen ýarym dollara jedel edipdir. Özi-de çep elinde oýnajagyny aýdypdyr. Oýunda özünden öňe geçýän bolmansoň, Twen nätanyşyň «gözüne görkezeýin» diýip «Bolýar» biýipdir. Emma Twen birinji oýunda utulupdyr. Gahary gelen Mark Twen onuň sag elinde hem bilen oýnamagyny talap edipdir. Onda nätanyş «Sag elimde oýnap bilemok, men çepbekeý» diýipdir.
***
Bütindünýä dartyş kanunyny açan Isaak Nýuton lordlar palatasynyň agzasy eken. Ol hemme ýygnaklara kemini goýman gatnaşýan eken. Ýöne ýyllaryň dowamynda bir gezek hem çykyş etmändir. Günleriň birinde ol ýerinden turup, söz sorapdyr. Hemmeler bu beýik şahsyýetiň diýjek nutugyna seslerini çykarman garaşypdyrlar. Zalda dym-dyrslyk emele gelipdir.
Nýuton öz çykyşyna başlapdyr:«Jenaplar! Men sizden haýyş edýärin, penjiräni ýapyň. Bolmasa men sowuklaryn». Bolany. Bu onuň birinji we iň soňky çykyşy bolupdyr.
***
Aleksandr Dýumanyň «Üç muşketýoryny» gazetlerde çap edilýän eken. Olar ýazyjynyň işiniň her setirine töleýän ekenler. Dýuma köpräk hak almak üçin, Atosa bir hyzmatkär oýlap tapypdyr. Ol «hawwa» ýa-da «ýok» diýip gürleýän eken. Ýazyjy «Üç muşketýor. Ýigrimi ýyldan soň» eserini ýazanda, onuň her sözüne töläp başlapdyrlar. Onda Atosyň hyzmatkäri dyngysyz gürläp başlapdyr.
***
Beýik fransuz ýazyjysy Gi de Mopossan ir döwürlerde bir ministrlikde ýönekeý işgär bolup işläpdir. Kän ýyl geçenden soň, arhiwden onuň adyna ýazylan häsiýetnama tapylypdyr. «Örän oňat işgär, ýöne, erbet ýazýar».
***
Bernard Şou örän hor adam eken. Bir gün semiz biri oňa: «Size seredip, siziň maşgalaňyz açlyk çekýär diýse boljak» — diýipdir. «Size seretseň welin, şol betbagytçylygyň sebäbini görse boljak» — diýip, ol jogap beripdir.
21
176