flowers_
07.09.2024 02:16

Öñüm tümlik...

Öñüm tümlük,
Ýöne umytlam ýagty,
Çümüp barýan, çäksiz Arzuw-hyýala,
Hasaply ömüriñ, bihasap wagty,
Lezzetini duýýar, göwün-pyýala,

Şekim ýok, şübhäm ýok, ajy hakykat,
Geleninde garşy aljak şat bolup,
Bir pursatlyk gülkä beren ömrümi,
Uzak wagtlyk ýaşar ýaly ýatlanyp,

Güý:z geldi,
Barha gysgaldy ömür,
Habaryn ýetirýär sowujak şemal,
Bag:t gözläp, gussa batan gözümden,
Akýan gözýaşlaryñ lezzetini al.

Ýylgyrýan haçanda deñimden geçse,
Sabyrsyz ýigitler, nowjuwan gyzlar.
Düýn beren sowalym,
Ertire garap,
Jogabyny görýär, görmejek gözler.

Remezan Mämetgurbanow.

12
53
okyyjy
7 Sentýabr 2024
@flowers_, özi çylşyrmly pikirlenmegi başarýan adammyka diýýän
flowers_
7 Sentýabr 2024
@okyyjy, meň okanlarymyň köpüsi şeýle.
okyyjy
7 Sentýabr 2024
Remezan agaň çuňňur pikirlenmäge mejbur edýän goşgylaryndan.👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.