flowers_
30.09.2024 23:07
Enäniň ýaşy.



Günämizi bagyşlaýar eneler.

Sebäp –

eneleriň ak süýtli döşi

Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.

Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...



Ene balasyna buýurdy ýumuş,

Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»

Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.

Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.



«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»

Ogly bolsa enä çenedi daşy.

«Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi.

Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.



Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.

Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.

«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»

Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.



Ene dişin gysdy otuzki gezek,

Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.

Enäniň her gaçan dişine derek

Ýaprak dek saralyp,

Gaçdy bir ýaşy...

Kerim Gurbannepesow.
15
76
timm
3 Oktýabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
Tayler
1 Oktýabr 2024
Öň menem goýupdym
okyyjy
1 Oktýabr 2024
Ene – ynsanyýetiň tutuş geljegi, Hem şu güni, hem-de ähli geçeni...
alma___
1 Oktýabr 2024
👍👍
Adyl_G
30 Sentýabr 2024
Gosga soz yok 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.