flowers_
21.02.2024 08:11

Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.



Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,

Şat günleriň bolanyna monça bol.



Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,

Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.

Aýaklaryň ätjek ädimin äder,

Göreçleriň görer görjek zadyny.



Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,

Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne monça bol.



Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,

Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.

Bagy ikiýana bulanda tupan,

Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.



Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,

Durnalaryň ýyllar kimin hatary.

Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,

Çözülen hem çözülmeli mataly.



Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,

Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne şükür.



Gurbannazar Ezizow.




Ertiriñiz haýyrly, günüñiz şowly bolsun!🌞

32
54
flowers_
20.02.2024 23:56
"Eger-de biri sizi ýamanlaýan bolsa,
Goý olar siziň aýakgabyňyzda ýörän ýollaryňyzdan ýöräp görsün."
29
40
flowers_
20.02.2024 13:11
Baýlyk özüňde (tymsal)



Bir ýaş ýigit elmydama öz durmuşyndan zeýrener eken:

-Näme üçin men beýle şowsuz. Beýleki adamlarda ähli zady bar: maşyny, jaýy, özleride ýokary bilimli. A mende? Men ýaş bolsamam durmuş gapdalymdan geçip barýar...

Ýoldan geçip barýan ýaşuly bu ýigidiň zeýrenişini eşidip, ondan:

-Saňa bir million berseler eliňden ýa aýagyňdan dynmana razy bolarmyň? – diýip sorapdyr.

-Elbetde ýok.

-Onda gözüňi bermäne razymy?

-On million berseler hem razy bolman – diýip ýigit janygyp jogap beren.

-Gördüňmi iň uly baýlyk seniň özüňde. Sende on millionada satyn alyp bolmaýan zatlar bar bolsada, şol zeýrenip ýörşiň. Esasy özüňde bar zada şükür edip, ony durmuşda dogry ulanmakdyr. Köp oka, köp hereket et, sport bilen meşgullan, kämilleş. Ine şonda durmuşyň ähli baýlygyna eýe bolarsyň – diýip ýaşuly ýoluny dowam edipdir.




Rus dilinden terjime eden:
Arzuw Rahmanowa.
33
50
flowers_
20.02.2024 08:31

"Batan gün üçin aglamaň,

Täze dogjak Günde nämeler etjekdigiñizi pikirleniň..."




Ertiriñiz haýyrly bolsun! 🔆
36
100
flowers_
20.02.2024 01:44
Sönmejek umyt.



Degişgendiň,läliksiräp oýnaklap,
Iç gysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda,aglaňda hyklap,
Oýun etdim,diýeriňe garaşdym.

Ak mersedes,alkymyna atlanyp,
Bezeneňde kejebäň bilen ýöreşdim.
Hyýalymda gelinalyjyňy duruzyp,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk,
Toýa bardym şatlyk-şowhun guraşdym.
Men samsyjak şol pursadam çagyryp,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Ogryn bakdyň çüýşürübiň üstünden,
Ýaryň bilen kürsä çaksyz garaşdyň.
Wah,şondada çykman umyt astyndan,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Söýmedigiňe gitdiň,kalbym çaň edip,
Bilmedim,neneňsi başyň çaraşdyň?
Iň bolmanda ýeke gezek jaň edip,
"Bagtly men"diýeriňe garaşdym.


Ol arada "aýrylşypdyr"diýdiler,
Hyrka dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta diklap umydymy idilen,
Oýun etdim diýenlerine garaşdym.




Kerim Hally.
36
41
flowers_
19.02.2024 21:37

…Duýguly dünýäniň dürdäneleri.





Söýgi göz bilen däl-de, ýürek bilen seredýär.
Söýgi ─ tebigatdan asyllylyk berilmedik adama hem ony bagyş edip bilýär.
#W.Şekspir

Söýgüniň salan ýarasy öldürmeýär, ýöne hiç wagt ýitmeýär.
#J.Baýron

Söýgi ─ bu erkek kişi bilen zenanyň arasyndaky birek-birege bagty köp bermek ýaryşydyr.
#Stendal

Söýgi, edil pul ýaly, öýde gowy saklanýar.
#W.Goddes

Är-aýalyň arasyndaky söýgi adamzat nesliniň dowamly bolmagyny üpjün edýär, dostluk söýgüsi ony berkidýär, azgyn söýgi ony ýumurýar we ýok edýär.
#F.Bekon

Söýgi kämil kalplarda ösmek üçin, iň owadan göz öňüne getirmelerde ýaşamak üçin Asmandan berilýän sowgatdyr.
#Gelwesiý

Söýgi biziň kalbymyzyň iň gowy ýüze çykmasydyr.
#L.Tolstoý

Söýgi hakynda akylly sözleri aýdýan kişiniň söýgüsi ýürekden däldir.
#Ž.Sand

Ýigrenje öwrülen söýgi bilen hiç bir  hyjuw deňleşip bilmez.
#W.Kongriw

Kimden çekinýän bolsaň, ony söýüp bilmersiň. Senden çekinýän-de seni söýüp bilmez.
#Siseron

Söýgi durmuşyň köküdir.
Biz söýgi üçin dogulýandyrys.
#N.Berdýaýew

Söýgüniň syrly duýgularyny başdan geçirýän adam şöhlesi bilen däl-de, hakykatyň hut özi bilen duşuşýar.
#Sokrat

Haçan-da, adam öz söýgülisine bakna bolmadyk ýagdaýynda söýgüniň çür depesine dyrmaşyp bilýär.
Söýgüliň üsti bilen söýgä hyzmat et.
#Oşo

Hakyky söýgi ýeke-täkdir, ýöne onuň ýasama görnüşi welin, müňlerçedir.
Diňe söýýän wagtlary adamlar bir-birini bagyşlap bilerler.

Gabanmaga diňe gabandyrmaga çalyşmaýan adam mynasypdyr.

Söýmegini bes edip, başdan geçiren söýgüsinden utanmaýan adam ýokdur.

Şeýle söýgüler bolýar, olar öz ýokary derejesine ýetende, gabanjaňlyga ýer galmaýar.

Söýgüniň bar ýerinde birek-biregi bagyşlamak hem bardyr.
#F.Laroşfoku



Taýýarlan: Altyn KAKAÝEWA.
31
88
flowers_
19.02.2024 18:29
Dürdäneler dünýäsine ser salyp...




- Guwanylmak siziň eliňizdedir, dogruçyl bolmaýanlara siz guwanarmysyňyz.

- Eliňizde ýekeje çekiç bolsa, töweregiňizdäki her zady çüý ýaly görersiňiz.

- Her sözledigiňiz dogry bolsun, ýöne her dogryny sözleme.

- Nadan bilen söhbet etmek kyndyr bilene, nadan näme gelse geplär diline.

- Aýdanlaň dogrudyr sen dogry bolsaň, dogrulyk tapdyrmaz sen egri bolsaň.

- Her ynsanyň iň beýik dosty akyldyr, duşmany hem akmaklykdyr.

- Bagtlylyk – bu her zatdan öň beden saglygyndadyr.

- Bilmedigiňi bilmek – ony bilmek üçin ilkinji ädimdir.

- Öwrenmek tolkunyň garşysyna ýüzmekdir.

- Ynsanyň özüne we jemgyýetine bolan borjy – öwrenmek hem-de öwretmekdir.

- Maksady bolmadyk gämide, şemal kömek etmez.

- Düşünilmän öwrenilen bilim, ýitirilen gaýratdyr.

- Bir duşmandan gutulmanyň iň gowy ýoly ony özüňe dost edinmekdir.

- Uly depede guşy-da, ýylany-da görýän bolsaň, biri uçup, beýlekisi-de kynçylyk bilen çykanlygydyr.

- Ýalňyşmaýan adam ýokdur, adamkärçilik ýalňyşyňy kabul edişiň we ony düzedip bilşiň bilen ölçenýär.

- Adam näçe beýgelse, göwni şonça-da kiçelmelidir.

- Öz özüňi ýeňmeklik – şöhratyň iň ulusydyr.

- Bir adamyň hakyky baýlygy, bu dünýäde eden ýagşylyklarydyr.

- Tebigatyň kynçylyklaryny ýeňmäge öwrenişmedik esger, söweşde duşmany ýeňip bilmez.

- Ýagşylyk – adamlary bir-birine baglaýan altyn zynjyrdyr.

- Seni beýlekilerden tapawutly etmek üçin gije-gündiz üýtgäp duran bu dünýäde özüň bolup galyp bilmek iň uly mertlikdir.

- Dostluk – söýmegi, kömek etmegi, gaýgyny paýlaşmany öz içine alýan iň kyn kärdir.

- Ynsanlaryň ýüzleriniň we gözleriniň reňki başga başga bolsa-da, göz ýaşlarynyň reňki meňzeşdir.

- Öwrenmegiň iň gowy tarapy-da, bilimiňi senden hiç kimiň alyp bilmeýänligidir.

- Iki zadyň eliňden gitmänkä gadryny bilmek kyndyr, olaryň biri saglyk, beýlekisi hem ýaşlykdyr.

- Gaharly geçiren her minudyňyz – bagtly günüňden aýrylýan 60 sekuntdyr.

- Mert ýaşamagy bilen ynsan, mert ölmegi hem bilmelidir.

- Köne derdiňi ýatlamak, täze dert edinen ýalydyr. 

 

Begnazar AMANKAKAÝEW.
31
44
flowers_
19.02.2024 04:42
«Söýensiň öýtdüm» -
Ogulnur ATAÝEWA.



Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirin jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn,
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň gör sen,
Syr kändir ýüregmi dörseň,
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jaň edýän bolmasa aýn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
Duýguçylda, men guraýyn,
Duýarsyň, duýarsyň öýtdüm.

Ýüzüň sowýaň sowal bersem,
Sähediňem belli görsem,
«Sen ejeme gelin borsuň!»
Diýersiň, diýersiň öýtdüm.

Söýýän, söýýän diýseň men-dä
Söýensiň, söýensiň öýtdüm.

32
67
flowers_
18.02.2024 20:22

Söý seni söýeni daglarda çopan bolsada,

Söýme seni söýmedigi Müsürde Soltan bolsada.




#Hz.Mevlana.
34
27
flowers_
18.02.2024 15:35
Dürdäneler dünýäsine çakylyk.



- Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar – ähli zady erbetlige tarap ugrukdyrýan endikdir.

- Sport ähli ýagdaýlarda hem durmuşyň aýrylmaz bölegidir, ol duýgy we akyl saglygy üçin hem peýdalydyr.

- Durmuşda ýakyn adamlaryň ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar ähli güýmenjelerden möhüm bolmaly.

- Durmuşdaky gorkularyň köpüsi amala aşmaýar, aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl.

- Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar.

- Dostluk – üns, alada, goragy talap edýär. Dostluga wepaly bolup, ony goramak gerekdir.

- Islendik zada bolan höwes – her güni üýtgeşik sowgada öwrüp biler. Wagty boş geçirmän, ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksadyň bolmaly.

- Syýahat etmek –  täze, gyzykly medeniýetler bilen tanyşmaklyga, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýol açýar we gözýetimi giňeldýär.

- Aladalar beýnini ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermekligiň öňüni alýar.

- Her gün üçin minnetdar bolmalydyr. Çünki şu günüň özi size berlen bahasyz sowgatdyr.

- Birek-birege bolan hormat goýmaklyk adamzady bezeýän aýratynlykdyr, uly güýçdir. Ol dünýäni gözelleşdirýär.

- Töwekgelçilik, aslynda asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli hereket etmek we oňa degişli kararlary bermek durmuşda ösmeklige ýol açýar, durmuşy üýtgedýär.

- Biz köplenç töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýmalydyr.

- Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaýar, tersine biz ony tapmaly. Oňa ýetmek üçin bolsa elimizden gelenini etmelidiris! 

 

Maksuda ROZMETBAÝEWA.
35
166