flowers_
21.02.2024 08:11

Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy,

Päkligiňde bolup bilseň şonça bol.

Sen sanama gara saçyň agyny,

Sen sag-aman öreniňe monça bol.



Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,

Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol.

Şat günleriň köp bolmanna gynanma,

Şat günleriň bolanyna monça bol.



Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň,

Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.

Aýaklaryň ätjek ädimin äder,

Göreçleriň görer görjek zadyny.



Säher turup, syl ýüzüňe dünýäni,

Giňligiňde bolup bilseň şonça bol.

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne monça bol.



Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,

Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.

Bagy ikiýana bulanda tupan,

Zerur çygy gül ýüzüňe degmese.



Gykuwlaşyp geçip gitse deňiňden,

Durnalaryň ýyllar kimin hatary.

Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň,

Çözülen hem çözülmeli mataly.



Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,

Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,

Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň

Senden sowlup geçmeýänne şükür.



Gurbannazar Ezizow.




Ertiriñiz haýyrly, günüñiz şowly bolsun!🌞

32
54
flowers_
21 Fewral 2024
@lavinya_, ⚘)
lavinya_
21 Fewral 2024
Siziňem gündiziňiz haýrly bolsun)
flowers_
21 Fewral 2024
@mawy, 🙃
manolya
21 Fewral 2024
@flowers_, 😜
flowers_
21 Fewral 2024
@mawy, flowers halady diyip gelýä🙄😁
manolya
21 Fewral 2024
@flowers_, 🙃
flowers_
21 Fewral 2024
@Islam_Atayew, doly goýdum indi)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.