flowers_
18.02.2024 15:35
Dürdäneler dünýäsine çakylyk.



- Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar – ähli zady erbetlige tarap ugrukdyrýan endikdir.

- Sport ähli ýagdaýlarda hem durmuşyň aýrylmaz bölegidir, ol duýgy we akyl saglygy üçin hem peýdalydyr.

- Durmuşda ýakyn adamlaryň ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar ähli güýmenjelerden möhüm bolmaly.

- Durmuşdaky gorkularyň köpüsi amala aşmaýar, aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl.

- Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar.

- Dostluk – üns, alada, goragy talap edýär. Dostluga wepaly bolup, ony goramak gerekdir.

- Islendik zada bolan höwes – her güni üýtgeşik sowgada öwrüp biler. Wagty boş geçirmän, ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksadyň bolmaly.

- Syýahat etmek –  täze, gyzykly medeniýetler bilen tanyşmaklyga, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýol açýar we gözýetimi giňeldýär.

- Aladalar beýnini ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermekligiň öňüni alýar.

- Her gün üçin minnetdar bolmalydyr. Çünki şu günüň özi size berlen bahasyz sowgatdyr.

- Birek-birege bolan hormat goýmaklyk adamzady bezeýän aýratynlykdyr, uly güýçdir. Ol dünýäni gözelleşdirýär.

- Töwekgelçilik, aslynda asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli hereket etmek we oňa degişli kararlary bermek durmuşda ösmeklige ýol açýar, durmuşy üýtgedýär.

- Biz köplenç töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýmalydyr.

- Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaýar, tersine biz ony tapmaly. Oňa ýetmek üçin bolsa elimizden gelenini etmelidiris! 

 

Maksuda ROZMETBAÝEWA.
35
166
manolya
18 Fewral 2024
@flowers_, 😁
flowers_
18 Fewral 2024
@mawy, ýok gyz ondan soñ goraýda gitmakañ işdañ acylya goni, keypiñ gowlanyp ynanaý😁
manolya
18 Fewral 2024
Gahar ot ýalydyr ,bütin sogap işleriňi ýakýar 😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.