flowers_
20.02.2024 01:44
Sönmejek umyt.



Degişgendiň,läliksiräp oýnaklap,
Iç gysgynç günlere taýsyz taraşdyň.
Soňky duşuşykda,aglaňda hyklap,
Oýun etdim,diýeriňe garaşdym.

Ak mersedes,alkymyna atlanyp,
Bezeneňde kejebäň bilen ýöreşdim.
Hyýalymda gelinalyjyňy duruzyp,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Goňşulykda boş goýulmaz çakylyk,
Toýa bardym şatlyk-şowhun guraşdym.
Men samsyjak şol pursadam çagyryp,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Ogryn bakdyň çüýşürübiň üstünden,
Ýaryň bilen kürsä çaksyz garaşdyň.
Wah,şondada çykman umyt astyndan,
Oýun etdim diýeriňe garaşdym.


Söýmedigiňe gitdiň,kalbym çaň edip,
Bilmedim,neneňsi başyň çaraşdyň?
Iň bolmanda ýeke gezek jaň edip,
"Bagtly men"diýeriňe garaşdym.


Ol arada "aýrylşypdyr"diýdiler,
Hyrka dolan damak bilen göreşdim.
Gaýta diklap umydymy idilen,
Oýun etdim diýenlerine garaşdym.




Kerim Hally.
36
41
okan
20 Fewral 2024
Gaty gowy goşgy 👍 şuñ aýdymam bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.