flowers_
27.02.2024 00:49

BIR SEN BİLÝÄÑ



Bir sen bilýäň...
Meň içimiň
Otdugyny, ýalyndygny.
A men gülýän,
Bir sen bilýäň
Ýylgyrşymyň ýalandygny.

Sen habarly,
Ýuwda-ýuwda,
Içim doly dertdiginden.
Özgeleň habaram ýokdur
Meniň juda mertdigimden.

Bir sen bilýäň...
Aglaýanmy,
Ýaş aýlaman gözlerime.
Sen düşünýäň meniň heniz
Aýdylmadyk sözlerime.
Ýüz ýerine ýara salnan
Ýüregimiň ahwalyn-da.
Hemaýata garaşanlam
Peýdalanyp ahmalymdan,
Gidenini bir sen bilýäň.
Hem meniň niçik galanmy.
Suwa dönen sabrymyň-da
Ýarysyn içip,
Galanny
dökenimi bir sen bilýäň.
Ökünenmi bir sen bilýäň.

Bir sen çekýäň
Meniň ýersiz
Öýkelek hem hötjetligmi.
Ýöne senem eliň salgap,
Belki gülüp, belki aglap,
Bir güni taşlap gidersiň,
Bir men bilýän gitjekdigňi...




© Mätgurban MÄTGURBANOW
25
93
flowers_
26.02.2024 21:00
GÜLKI.



Ne köp gezen biler, ne köp okan, hemme zady ejelerimiz biler!

***

Aýna seredip, öz görkünden göwni geçip ýören aýal hüňňürdeýär:
- Gowy-da! Meniň ärime geregem şol!

***

Bäş ýaşlyja oglanjyk kakasyndan soraýar:
- Kaka, sagat ýatyp galypdyr diýýäň welin, indi ony nädip turuzsakkak?

***

- Özümiň şahyrlyk zehininden mahrumdygyny näçe ýyl soň bilip galdym.
- Ýeri onsoň indi ýazaňokmy?
- Indi giç. Eýýäm belli şahyr boldum.

***

Işe gijä galyp geleniň düşündiriş arzasy:
- Men işe sagat 08:00-da däl-de 10:00-da geldim, beýle giç gelenimiň sebäbi, işdäkiler ahyr soňy 10:00-a çenli diňe çaý içýärler, a men onça wagtlap çaý içmegi halamok.

***

- Gyzym, ýöne özüňe timar berip otyrsyň. Öýüňem arassalygyna seredäýmeli ahyry!
- Wiý, ejemi, ýigitler öýi däl-de, gyzy synlaýarlar ahyry!

***

Gyzlar juda rehimdar. Olar oglanlaryň hiç hili günäsi ýok ýerinde hem bagyşlap bilýär.

***

- Ýaş kadr bilen tejribeli kadryň arasynda nähili tapawut bar?
- Ýaş kadr işläp bilenok, tejribeli kadr bolsa işlemezligiň ýoluny bilýär.



Toplan:
@ATSYZATLY
44
231
flowers_
26.02.2024 16:08

DÜNÝÄDE HEMME ZAT KÄMILLEṢMELI



Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar — ýoda,
Ýoda — ýola öwrülip,
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa — saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş — jogap däl —
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.


© Berdinazar Hudaýnazarow.
32
39
flowers_
26.02.2024 10:51
ÖLMÄNKÄ AÝDYLAN IŇ SOŇKY SÖZLER
(degişmeler)


– Bularyň haýsysy kelle agyryň dermanydy?
– Ýalan sözleýän bolsam, eddil şu ýerdejik öleýin...
– Janym, seret, şu maşyny abgon geçişimi...
– Seret, häzir şu iki motoryň arasyndan nähili geçişimi...
– Sen zyň, tutýan men...
– Ezizim, seret ýyldyz süýnýä... (meteor)
– Bu düwmä bassaň näme bolýakanaý?
– Ezizim, gel ýagyş diňinçä şu agajyň aşagynda garaşaly...

– Ezizim, gazyň ysy gelýämi?
– Göwniňedir, ýat, ýat.

– Itiňiz barmy?
– Geliwer, zynjyra daňylan.

– Eý, ruuh, gelen bolsaaaaň...
– Ezizim, bu etiň tagamy saňada birhilli gelmedimi?
– Häääheeeýt, heýem bir Rus ruleti şeýle oýnalarmy, getir özüm görkezeýin...
– Bir-birden geliň, erkek bolsaňyz...
– Gorkma, gorkma, bu tunelden naçe ýyl bäri otly geçenok...
– Eeeý, ýaman tiz gidýän ekenaý bu maşyn, uçurýa, uçurýaaa....
– Diýmek, piraniýa diýilýän balyklar şuda...
– Buuşlyyyk Aman aga! Ýenebir gyzyňyz boldy...
– Garaş dost häzir bir çümüp çykaýyn...
– Mantýor çagyrmak nämä gerek, häzir meniň özüm düzedýän ine...
– Gel, geeloow! Bärisi boýladýa...




Çeşme: https://interesnoe.me
35
292
flowers_
25.02.2024 19:35
"Ben dostlarimi ne kelbimle ne aklimla severim.
Olur ya kalp durur...
Akil unutur...
Ben dostlarimi ruhumla severim.
O ne durur ne de unutur.

#Mevlana.


Tutan orazalaryñyz kabul bolsun!
30
37
flowers_
25.02.2024 16:00

Taýly taýyny tapsyn...




Ibirt-de-zibirt girip çykýan adamlaryň köplüginden ýaňa, işigiň agzyndaky köwüşlerem başly-barat. Hol aňyrrakda, köwşüni taýlap, tertipläp çykaryp goýanlar-da bar. Asyl häzir, eliboş bolup synlap otursaň, köwüşleriň çykaryp goýluşyndan olaryň eýeleriniň häsiýetlerini hem okabermeli. Häzir hemme köwşi tertipläp çykaýsadyň! Üýşmeleň uludan tutulansoň märeke-de ýetik, köwşem. Boýun alyk halda gyra geçip, köwşümiň ildirgijini ýazdyrmak üçin egildim. Onýança-da, eglip duran ýerimden gözüm edil aňrymda bir-birinden honha zyňlan köwüşlere gözüm düşdi. Köwşümiň ildirgijine güýmenen bolup, olary bir-birine süýşürdim. Soňam ymykly taýlap goýdum. Göwnüm ynjalaýdy. Hamana diýersiň, iki sany birek-birege mätäç ynsany tapyşdyran ýaly ýüregim giňäp gitdi...
Teý göwnüme jaý däl. Ýogsa «köwüşdir-dä» diýip geçip gidibermeli ýaly. Bitaý ýa her taýy bir ýerde ýatan köwüş görsem, ýüregim jigläp gidýär. Öýde-beýlekide bolsa, olary haýdan-haý ýerbe-ýer goýmak bilen bolýarsyň welin, köpçülik ýerinde bolsaň, ber habary! Üýşmeleň öýde edilse, elbetde, gapyň agzyndaky köwüşleriň tertipli durmajagy belli. Şonda-da olary tertipläp goýasyň gelip durýar. Ýöne haýsy birini?! Bir ujundan başlaberseňem boljak, ýöne onam geň görjekler.Düşünmejeklerem düşnükli. Şonda-da, öz köwşümi çykaramda eglenen kişi bolup, başardygymydan daşyma bildirmän golaý-goltumdaky köwüşleri jüpläp goýjak bolup heläk bolýan.
Bitaý ýa hersi bir ýanda ýatan köwüşler maňa biri-birine gowşup bilmeýan adamlary ýatladýar. Saý-sebäp bilen ene-atasyndan aýra düşen perzentmi, bir-birini görmäge zar doganlarmy, didar aýraçylygyndaky dost-ýarlarmy...garaz, eger men bir köwşi taýlap goýsam, bir ýerlerde iki sany ynsan wysala gowşup, tapyşaýjak ýaly. Belki, bu halys hyýalylykdyr, belki-de, beýle-de däldir?!..
Men bu gylygymy öz hyýaly dünýäme berkidip goýaýjakdym welin, ýadyma meşhur «Zoluşka» multfilmi düşäýýär. Eýsem, şol multfilmiň gahrymany Zoluşka-da öz bagtyna hut köwşüniň üsti bilen ýetmeýärmi näme?! Başdan-aýak gyzykly wakalardan doly multfilm Zoluşkanyň ilki köwşüniň taýyna, şonuň netijesinde bolsa öz taýyna gowuşmagy bilen jemlenýär. Multfilmde Zoluşkanyň naşyja köwşüni onuň öweý uýalarynyň aýaklaryna geýdirjek boluşlary-da täsirli. Uly adam bolsaňam, birden köwüş olaryň aýagyna bolaga-da, Zoluşka bagtyna gowuşman galaýmasyn diýen gorky hem döremän duranok. Ýöne öz eýesine wepaly köwüş başga aýaklarda ýerlemän, eýesineçenli ýetip, ony bagtyna duşurýar.
...Durmuş bi. Munda bihal zat asla bolmaýar. Aňrysyna ne akyl, ne aň ýetibiljek dünýäde daş-töwregiňi gurşaýan zatlara biperwaý garamak – gözüňi ýumup ýaşamak ýaly bir ýagdaýa meňzeş. Şol sebäpdenem, «köwüşdir-dä» diýip geçibermän, ony taýy bilen deňläp goýsak, köwüş dil açyp, sag bol aýtmasa-da, eýesiniň hoş boljagy-ha magat. «Herekete–bereket» diýlişi ýaly, ýa-da munuň aňrysynda has agramlyrak manynyň bar bolmagy-da mümkin. Kim bilýär?!...

© Aýgül GARAÝEWA.
37
166
flowers_
25.02.2024 10:44

Ýürek we gözellik




♡Söýgi ýüregiň üsti bilen ynama girýär.

♡Adamkärçilikli hereket ýürege lezzet berýär.

♡Ýüregiň batyrlygy, akylyň ýitiligi iki sany uly zynatdyr.

♡Ýagşy pikir adamyň ýüreginde ýaşaýar.

♡Aklyňyzy öwrenýän zadyňyzyň çuňlugyna goýberseňiz, ýüregiňizi asmana çykararsyňyz!

♡Ýüregiň ýatkeşligi akylyňkydan güýçlüdir.

♡Diňe begenýän ýürek ýagşylykdan lezzet tapmaga ukyplydyr.

♡Öňkimize garanymyzda, biz has gowy bolmaly diýen pikir ýüregimizde hemişe gowşaman ýaňlanyp durýar.

♡Wyždanly adamyň artykmaçlygyny onuň ýiti zehini däl-de, ýüreginiň arassalygy kesgitleýär.

♡Hyjuw bilen gözellige ymtylýan adamyň ýüreginde şol gözelligi döredýäniň gözlerindäkiden hem ajaýyp ýagtylyk döreýär.



Taýýarlan: Aýgül MURADOWA,
35
76
flowers_
25.02.2024 01:23
Bu gije gelermiş, rysgal seçmãge,
Keşbe girip Hydyr aleýhissalam.
Allañ dergãhinde kabul bolarmyş,
Uka eýlenmedik arzuwly kelam.
32
49
flowers_
24.02.2024 22:37

Gazeta.ru»-nyň habar bermegine görä, «AnTuTu»-nyň hünärmenleri şu ýylyň başynda bazarlardaky iň güýçli smartfony saýladylar. Ýagny geçirilen synagyň netijelerine laýyklykda, «Oppo Find X7» reýtingde ilkinji orny eýelemegi başarypdyr.



«Dimensity 9300» çipi bilen enjamlaşdyrylan bu smartfon «MediaTek»-iň prosessorynyň  soňky nesli tarapyndan üpjün edilýän öndürijiligi bilen hünärmenleri haýran galdyrdy. Mundan başga-da, «Oppo Find X7» ulanyjylara diňe bir çalt işleýşi bilen däl-de, eýsem, energiýany ulanmagyň gowulandyrylan netijeliligini teklip etmek bilen bir hatarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň çalt ösmegini dowam etdirýändigini-de aýdyň görkezýär.

Şeýle-de hünärmenler «Xiaomi»-niň, «Realme»-niň ýagdaýy öz peýdalaryna üýtgedip biljek, öň yglan edilen täze-täze önümlerine uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

«TürkmenGazet».
28
25
flowers_
24.02.2024 19:24
▪︎Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym bilen edilen amal abraý, mertebe getirer.

▪︎Ýagşylygy bilmezlik iň ýaman zatdyr.

▪︎Iň mäkäm gala sabyr bilen takatdyr, iň bähbitli amal köpçüligiň oňlan işidir.

▪︎Durmuşdan many almaýan melamata duçar bolar.

▪︎Nadan adam pursatlara bil baglar. Akylly adam bolsa zerurlyga görä döwlet gazanmaga ymtylar. Zerur sebäplerini, ýollaryny gözlemeseň öz-özünden hasyl bolýan arzuw ýokdur.

▪︎Nebsine uýan ýoldan çykar.

▪︎Eli açygyň ýoly açyk.

▪︎Kim bol berekedi bisarpa tutsa, betbagtlyk daňysyny çözer.

▪︎Synagdan öňürti dostuňa ynanma, taýynlykdan öňürti duşmanyňa topulma.

▪︎Kim seniň syryňy bilse döwletiňe eýelik etdigidir.

▪︎Ýalňyz pikir ýalňyşdyrar.

▪︎Haramzadalara ýagşylyk etseň döwletiň dagar.

▪︎Kimiň düşünjesi pes bolsa duşmany rüstem geler.



Jepbar HEMRAÝEW.
35
73