flowers_
26.02.2024 16:08

DÜNÝÄDE HEMME ZAT KÄMILLEṢMELI



Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar — ýoda,
Ýoda — ýola öwrülip,
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa — saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş — jogap däl —
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.


© Berdinazar Hudaýnazarow.
32
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.