flowers_
27.02.2024 00:49

BIR SEN BİLÝÄÑ



Bir sen bilýäň...
Meň içimiň
Otdugyny, ýalyndygny.
A men gülýän,
Bir sen bilýäň
Ýylgyrşymyň ýalandygny.

Sen habarly,
Ýuwda-ýuwda,
Içim doly dertdiginden.
Özgeleň habaram ýokdur
Meniň juda mertdigimden.

Bir sen bilýäň...
Aglaýanmy,
Ýaş aýlaman gözlerime.
Sen düşünýäň meniň heniz
Aýdylmadyk sözlerime.
Ýüz ýerine ýara salnan
Ýüregimiň ahwalyn-da.
Hemaýata garaşanlam
Peýdalanyp ahmalymdan,
Gidenini bir sen bilýäň.
Hem meniň niçik galanmy.
Suwa dönen sabrymyň-da
Ýarysyn içip,
Galanny
dökenimi bir sen bilýäň.
Ökünenmi bir sen bilýäň.

Bir sen çekýäň
Meniň ýersiz
Öýkelek hem hötjetligmi.
Ýöne senem eliň salgap,
Belki gülüp, belki aglap,
Bir güni taşlap gidersiň,
Bir men bilýän gitjekdigňi...




© Mätgurban MÄTGURBANOW
25
93
manolya
27 Fewral 2024
@flowers_, 😎 bolya ,
flowers_
27 Fewral 2024
@mawy, saña garaşjak, öz paýymam saña berjek, tüweleme iýermenjä sen)))
manolya
27 Fewral 2024
@flowers_, näme üçin 🙄🤔
manolya
27 Fewral 2024
@EAGLE🦅, 😁
flowers_
27 Fewral 2024
@mawy, özüñ yok bolsañ barmanam, zada iýjek däl)
manolya
27 Fewral 2024
@EAGLE🦅, kafe sözüni aýyr 😂😂 hoooowww
manolya
27 Fewral 2024
@flowers_, 😁özüm öýde ýok ýône
flowers_
27 Fewral 2024
@mawy, 🤔
manolya
27 Fewral 2024
@EAGLE🦅, bize )
manolya
27 Fewral 2024
@flowers_, 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.