flowers_
24.02.2024 19:24
▪︎Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr. Ylym bilen edilen amal abraý, mertebe getirer.

▪︎Ýagşylygy bilmezlik iň ýaman zatdyr.

▪︎Iň mäkäm gala sabyr bilen takatdyr, iň bähbitli amal köpçüligiň oňlan işidir.

▪︎Durmuşdan many almaýan melamata duçar bolar.

▪︎Nadan adam pursatlara bil baglar. Akylly adam bolsa zerurlyga görä döwlet gazanmaga ymtylar. Zerur sebäplerini, ýollaryny gözlemeseň öz-özünden hasyl bolýan arzuw ýokdur.

▪︎Nebsine uýan ýoldan çykar.

▪︎Eli açygyň ýoly açyk.

▪︎Kim bol berekedi bisarpa tutsa, betbagtlyk daňysyny çözer.

▪︎Synagdan öňürti dostuňa ynanma, taýynlykdan öňürti duşmanyňa topulma.

▪︎Kim seniň syryňy bilse döwletiňe eýelik etdigidir.

▪︎Ýalňyz pikir ýalňyşdyrar.

▪︎Haramzadalara ýagşylyk etseň döwletiň dagar.

▪︎Kimiň düşünjesi pes bolsa duşmany rüstem geler.



Jepbar HEMRAÝEW.
35
73
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, sag bol , minnetdar ! )
flowers_
24 Fewral 2024
@mawy, näme? 🙄, senbir iýip iç noş bolsun)
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, 🙄
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, poka gideýin 😉 hoş )
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, ahyrkyja günler ) hoşlaşmakçy nesip etse 😂😂 aýrylyşyp bolanoga gaty söýüpdirin şu progy
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, seni gôrmäne geldim🐒
manolya
24 Fewral 2024
@flowers_, bamyň men gelen günim görneňokla )
manolya
24 Fewral 2024
Ohooooo )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.