flowers_
29.02.2024 13:21

Gysga hekaýa.

Müm­kin­çi­lik­le­riň wag­ty.




Ýaş ýi­git ba­ba­syn­dan mas­la­hat al­mak üçin onuň ýa­ny­na myh­man­çy­ly­ga bar­ýar. Olar çaý-na­har edinen­le­rin­den soň, ag­ty­gy ba­ba­sy­na ýüz­le­nip:
–­ Ba­ba,­ si­ziň­ bi­len­ bir­ mas­la­ha­tym­ bar­dy.­
Me­niň­ ta­nyş­la­ry­myň­ bi­ri­ ze­hin­li­ prog­ram­ma­çy.­
Ol­ ma­ňa­ bi­le­lik­de­ in­ter­net­ ul­ga­my­ bi­len­ bag­lany­şyk­ly biz­nes­ aç­ma­gy­ tek­lip­et­di.­Bil­şi­ňiz­ ýa­ly,­
men­ oňat­ hü­när­men,­ eý­ýäm­ bir­ ýyl­ bä­ri­ ýo­kary­ aý­lyk­ly­ mag­lu­mat­ teh­no­lo­gi­ýa­sy­ kom­pa­niýa­syn­da­ iş­le­ýä­rin.­ Ine,­ gör­şü­ňiz­ ýa­ly,­ go­laý­da aw­tou­lag­ hem­ edin­dim.­ Men­ bir­ ta­rap­dan,­
biz­ne­si­mi­ziň­ ug­ru­na­ bo­lup­ git­je­gi­ne­ ynan­man hem­du­ra­mok,­ ýö­ne­ beý­le­ki­ bir­ ta­rap­dan­ hem dü­şe­wünt­li­ işi­mi­ ýi­ti­re­sim­ ge­le­nok.­ Siz­ nä­hilem­ bol­sa,­ te­le­ke­çi­lik­eden­ adam,­ bu­ ugur­dan uly­ tej­ri­bä­ňiz­ bar.­ Bel­ki,­ ma­ňa­ nä­me­ et­me­li­digi­ni­ mas­la­hat­be­rer­si­ňiz?!
Ba­ba­sy­ bi­raz­ dy­myp,­ so­ňam­ şeý­le­ di­ýip­dir:
–­Se­niň biz­nes tas­la­maň hak­da ma­ňa belli bir pi­kir aýt­mak aň­sad-a düş­mez, dog­ru­sy,
sa­ňa nät­seň go­wy bol­jak­dy­gy ba­ra­da anyk
mas­la­hat be­rip bil­jek däl. Seň özüň bel­li bir
ka­ra­ra gel­me­li. Ýö­ne, gar­şy bol­ma­saň, sa­ňa
wagt ha­kyn­da kä­bir zat­la­ry gür­rüň be­re­ýin.
Ga­dy­my grek­ler­de iki hi­li wagt bo­lup­dyr. Hronos­–­hä­zir­ki tü­ke­nik­siz, do­wam­ly wagt hem-de Kaý­ros­–­he­mi­şe ga­ra­şyl­man dur­ka gel­ýän
şow­lu­ly­gyň tut­dur­ma­ýan oňaý­ly pur­sa­ty. Şonuň üçin ony ulan­mak ju­da kyn. Kaý­ros ga­raşyl­maz­dan peý­da bol­ýar­–­bir­ o­ ýer­de, bir bu
ýer­de peý­da bol­sa-da, he­mi­şe-de ara­myz­da
gez­ýär. Ol şeý­le bir tiz gaç­ýar we­lin, ony tutmag-a beý­le­de dur­sun, eý­sem, gö­rüp ýe­tişme­gem her ki­me ba­şart­ma­ýar. Grek­ler Kaý­rosy tut­mak üçin özüň­de ikiza­dy­–­aň-dü­şün­jä­ňi
art­dyr­ma­ly­dy­gy­ňy, duý­gur­ly­gy­ňy wag­tyn­da
oýar­ma­ly­dy­gy­ňy aý­dyp­dyr­lar. Eger-de, sa­ňa
ola­ry oýar­mak ba­şart­sa, on­da sen ge­le­je­ge
na­zar aý­lap bi­ler­siň we­ öz­ ge­len is­len­dik karar­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni öňün­den aňyp bi­ler­siň.




Ýegenmämmet TAÝLYÝEW
35
99
flowers_
29.02.2024 06:43

MENI BAHAR OGURLADY.


Meni bahar alyp gaçdy,
Özümiň özümi aňmaýan wagtym,
Aglamaly pursatlara düşünmän,
Gülmeli zatlara aglaýan wagtym.
Müýnsüz çaga wagtym,
Alaýaz wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...

Meni bahar alyp gaçdy,
Heniz goşgy-şygyr ýazmaýan wagtym,
Bulutlaryň suratyny çeksemem,
Şindi eger-eger ýagmaýan wagtym,
Sowuk wagtym,
Otsuz ýanmaýan wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...

Meni bahar alyp gaçdy,
Säher bilen guşlaň saýraýan wagty.
Meniň syrly ahwallary aňşyrman,
Birin beýlekiçe saýmaýan wagtym,
Entek harsal wagtym,
Juda ham wagtym,
Meni bahar alyp gaçdy...

...Bir elinde galam, birinde sazy,
Mele saçy örülendi gül bile.
Hem meniň ýitenim bilinmez ýaly,
Maňa öwrüp bir saýrak dil bilbili.
Heniz çaga wagtym, ençe ýyl ozal,
Meni bahar alyp gaçdy...

Ýöne men yzyma dolandymmy, ýok,
Ony bahar bilýär, özüm bilemok.
Çünki şol pursatda, hemem şu mahal
Ýüregimde ýaz meň, kalbymda bahar!






© Aýgül GARAÝEWA.
28
30
flowers_
29.02.2024 00:23
BU BIR ÝATLAMA.


Diñe söýgi ýatda galar ebedi..
Seýitmyrat Geldiýew



"Diñe söýgi ýatda galar ebedi.."
Sübseli!...Göz diker wagtyñ şemaly,
Eleginde barlyk baryn eledi.
Ümsümlik !
Pyşyrdaýar yşkyñ şemaly.

Säher, gündiz, öýlän, garañky gije,
Söýgi bolsa ýakar otyr çyrasyn,
Kim bilýär, mañlaýdan çykjak ne bije,
Eý pyşyrdy, pyşyrdaman syra siñ !

Nämälimlik ! Gürsüldeýär ýüregiñ,
Ýogsa munda sen ýok, bu bir ýatlama !...
Arşdanmy, Ýerdenmi eý, jan seregim,
Pikirleriñ külün dörýän...
Otlama!...



© Oguljemal ÇARYÝEWA
37
45
flowers_
28.02.2024 18:43

Manyly sözler.




Ýazyşyňdaky ýaly ýaşamasaň ýa-da ýaşaýşyň ýaly ýazmasaň, ýazýanyň çöl üstünden ösýän gury ýel ýaly gurak bolar.

*  *  *

Günüň kuýaş-nury bilen jümle-jahany ýagtylandyryşy ýaly, ýürekden çykýan,  mylakatly aýdylan hoş söz we güler ýüz hem ähli köňülleri ýagtylandyrýar.

*  *  *

Diňlemekde öňde bol, geplemekde — soňda. Ine, şonda sen gowy adam bolup ýetişersiň.

*  *  *

Doň suwy gyzyl köz eredýär, doň ýüregi — gyzyla gaplaýmaly süýji söz.

*  *  *

Agzyňdan içi ýakýan boş söz däl-de, jana ýakýan hoş söz çyksyn.

*  *  *

Kebşirleýji enjamyň simi ýaly sähel söze uçganaklap, ot çabradyp durma. Sähra ýaly giň göwrümli bol!

*  *  *

Ýerliksiz yhlas bilen oturanlary güldürmäge gyzygyp, olary öz üstüňden güldürýändigiňi duýman galaýma!

*  *  *

Toý paýy berlen düwünçek ýaly, düwlen ýumrugam dessine açmagy başarmaly. 





Orazgylyç ORAZGELDIÝEW.
35
144
flowers_
28.02.2024 13:12

Dil bilen dünýäni gezer.





Dil durmuşda adamlaryň parahatçylykly ýaşamagyny, biri-birleri bilen düşünişip bilmeklerini üpjün etmek üçin zerurdyr. Diller durnukly ösüşe we global şertleriň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklara tarap ösüşiň strategiki hereketlendirijileriň biri bolup hyzmat etýär. Häzirki wagtda dünýäde 6000 töweregi dil bar we olaryň 43 göteriminde gepleýänleriň sany barha azalýar. Bilim we jemgyýetçilik ulgamynda diňe müňden gowrak dil möhüm orny eýeleýär. Sanly tehnologiýalar ulgamynda bolsa ýüze golaý dil ulanylýar. Dünýäde her iki hepde-de bir dil ýitýär.

 

 

Ene diliniň ýaýramagyny öňe sürmek üçin alnyp barylýan işler diňe bir lingwistik dürlüligi we köp dilligi ösdürmekden ybarat bolman, eýsem dünýädäki medeni däp-dessurlaryň ähmiýetine düşünmek hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzda giňden ýaýratmakda örän wajyp hasaplanylýar. Jemgyýetiň dürli dilde gepleýändigine we şoňa görä-de medeni köpdürliliginiň bardygyna garamazdan, öz ene dilini hem-de şonuň esasynda medeniýetini, däp-dessurlaryny saklaýar.

 

 

Ähli milletler üçin bilimi ösdürmek we bilimli jemgyýeti döretmek ÝUNESKO-nyň işinde öňdäki hatarda durýar. 1999-njy ýylyň 17-nji noýabrynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda Halkara ene dili gününi (International Mother Language Day) bellemek baradaky karara gelindi. Bu halkara güni dil we medeni köpdürlüligi ösdürmek maksady bilen 2000-nji ýyldan bäri her ýyl 21-nji fewralda bellenilip geçilýär. Halkara guramalar köp dilliligi we lingwistik dürlüligi, şol sanda ýitip barýan dilleri dilleri gorap saklamaga goldaw berýär. Bu goldawyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2007-nji ýylyň 16-njy maýynda Bilim, Ylym we medeni gurama bolan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda, 2005-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky 33-nji mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, 2008-nji ýyl “Halkara diller ýyly” diýlip yglan edildi we durmuşa geçirmekde esasy edara hökmünde ÝUNESKO bellendi. Bu başlangyç diňe bir ene dil bilen baglanşykly meseleleri ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, dünýäniň dürli künjeklerinde köp dilli bolmak syýasatyny durmuşa geçirmek isleýän döwletler bilen hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirlendir. Diller ruhy, medeni mirasymyzy maddy we maddy däl görnüşlerinde gorap saklamak we ösdürmek üçin iň güýçli guraldyr..

 

 

Maksat GARÝAGDYÝEW.
36
105
flowers_
28.02.2024 09:41

ÖLMÄNKÄ AÝDYLAN IŇ SOŇKY SÖZLER

(degişmeler)



– Beýbää, şu gelýän zat ýaman akula meňzeýän ekenaý...


– Mergen aga, kapasaň gapysy ýapyk gereek?...


Gyz: – Kakaa, men göwreli...


– Şu maşyn çyndanam 250-ä çykýamykanaý?


– Dogtora gerek ýok how, ine goňşymyz Sabyr gelneje baraa...


– Ohhooo, dogtoryň her diýenini etjek bolsak aç galýas, iýiň-iýiň noş bolsun...


– Hawa, gadyrdan tomaşaçylar. Indi bolsa iiiiň uly hokgamyzy görkesýäs, häzir men arslanyň agzyny açyp içine kellami sokaryn!


– Öňler şu ýerlerde mina köpmiş, indi birjigem galmandyr, arkaýyn ýöräber...


– Paraşuty ýere iiiň ýakyn men açaryn….


– Şu granataň halkasyny çekenden soň näçä çenli sanaýadygaý?


– Eeeý bular zäherli kömelek däl hoow, ine seret men iýýana…


– Dykgat, dykgat, uçaryň kapitany gepleýä: Eşhedü enlääääää........


– Beýle gorkyberme how bu ýylanlaryň zäheri alynan...


– Seret, uçaryň perwanalary şeýlebir tiz aýlanýa welin hamana diýersiň hiç aýlanmaýan ýalyyy...


– Söýgülim, agaň bizi şeýle ýagdaýda görse naderdi?



Çeşme: https://interesnoe.me.

40
286
flowers_
28.02.2024 00:00

SAŇA AÝDASYM GELEN SÖZLERIM...



«Nireden ýadyma düşdüň?» diýme sen,
«Salam!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa...
«Tallaryň boýnuna tama öýmesin
saraý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?
Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.
«Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,
ýagaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Göwnüňe degenin geň görüp ýören,
Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!
«Men — Adam bolmagy öwrenip ýören
zenan» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Men maý tapsam, ugramakçy barybir...
Hiç bilemok adamlara garylyp.
«Bir gün ýarpy eser goýsam, ýarysyn
ýazaý» diýmek üçin düşdüm ýadyňa.

Biz bir gelýäs,
kepil ýokmuş ýenäge.
Bigadyrlyk bu gümanyň sebäbem.
Men welin, zat tapman seni deňäre,
«Halal!» diýmek üçin düşdüm ýadyňa...




© Aýgül BAÝADOWA.
30
88
flowers_
27.02.2024 20:52

Gyzlar göteriň sandygy…





Agaç ussaçylygy hem milli senetçiligiň diňe bir iň irki däl-de, eýsem, iň esasy ugurlarynyň biri bolsa gerek. Taryhymyzda öý-hojalyk, ekerançylyk we maldarçylyk işleri bilen bagly gurallardyr enjamlar, esasan, agaçdan ýasalypdyr: jykyr, azal, sandyk, gaýyk, araba, kejebe, hasa, aşgapak, çapgyýassyk, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, hatap, gaňňa, eýer, iş gurallarynyň saplary, türkmen akylynyň we eliniň nepis önümi bolan meşhur ak öý hem agaçdan.

Umumadamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän «Görogly» şadessanynda:

Eý ýaranlar halaýyklar,
Gyzlar göteriň sandygy.
Aga-ini, dosty-ýarlar,
Gyzlar göteriň sandygy —



diýlip taryp edilýän sandyklar zenanlar üçin arzyly öý goşlarynyň biri hökmünde bellidir. Dürli gabarada ýasalýan sandyklar gadym döwürlerden bäri söwda ýollarynda, öýlerde durmuş zerurlyklary üçin giňden ulanylypdyr. Ussalaryň nepis nagyşlar bilen haşamlap ýasan agaç sandyklary döwletli öýleriň duluna ýaraşyk beripdir. Sandygyň ýüzi oýma hem-de dürli reňkler arkaly ösümlik şekilli nagyşlar bilen zynatlanypdyr. Sandyk haşamlananda, daş-töweregimizi gurşap alýan owadan tebigatymyzyň gözelliklerinden nusga alnypdyr.

ХIХ asyryň ahyrynda, ХХ asyryň başlarynda türkmen öýleriniň içki bezeglerinde-de sandyk esasy orun eýeläpdir. Sandygyň üstüne ýorgan-düşekler we ýassyklar galdyrylypdyr. Sandygyň içine bolsa türkmen zenanlary zerur hasaplan zatlaryny, bukjasyny, mata-marlyk, ownuk-uşak salnan düwünçekleri salypdyrlar.


Maral SEÝIDOWA.
31
85
flowers_
27.02.2024 16:51
@mawy💙


Goşgy haýyşt etdi Sähra ýeññemiz,
Öz adyny aýdyp gutlap bermegin.
Mawylara baryň şu gün hemmäňiz,
Tost aýdyşyp doglan güni belläliň.


Bagtyny dileýän ýene bir ýola,
Ýigrimiñe goşjak ýene bir nolam.
Sen alçak göwünli mawy asman dek,
Ýylgyryp gez mydam arzuwlaryña ýet.


Käbäñ ejeñ göz göreji guwanjy,
Ýigrimi ýaşaýar asylly gyzy.
Örüp beren alajasyn çykarma,
Ýaman görüpleriň degmesin gözi.


Çynarjan señ ýeriñ jigim hökmünde
Diñe abraý bolsun agyr ýüküñde.
Gussany ömürlik aýyr özüñden
Ýaryñam tapylar söýjek ýürekden.


awtory:
#mandarin🍊
34
277
flowers_
27.02.2024 07:12
Bu gün Öwrenmeli programmanyñ reñkil gözeli @mawyjanyň doglan güni.
20 ýyl mundan öñ seniñ dünýã gelmegiñe sebäp bolanlaryñ jany sag ömürleri uzyn bolsun, tüweleme şeýle şadyýan, şeýle alçak, hemişe ala-ýaz, göwni açyk gyz ýetişdiripdirler.
Öñüñde goýan maksatlaryña ýetmegiñi tüýs ýürgimden arzuw edýãn!
Gutly bolsun, ýaşajak ömrüñü bagtyñ daş ýaryp, manyly geçirmegiñi arzuw edýän!
Görjegiñ gowluk bolsun, ýaşyñ uzyn bolsun Aýçynar!⚘
"Gözüñe ýaş, aýagyña daş degmesin"

☘☘☘

Doglan gün gutlagy.

Şu goşgym dogulan günüňe sowgat
Doglan günüň gutly bolsun @mawyjan.
Ajy durmuş bolsun süýjije şerbet
Ömrüň süýji datly bolsun @mawyjan.

Süýji-süýji arzuwlarmy jemlesem
Baryn sowgat edip saňa ýollasam
Güllesin kalbyňda kine bolmasyn
Doglan günüň gutly bolsun @mawyjan


Inhä bu gün 20 ýaşadyň
Mydam şu günki deý gülüp ýaşagyn
Gözleriň aglap däl gülüp ýadasyn
Gül göwnüň ganatly bolsun @mawyjan!
Doglan günüň gutly bolsun @mawyjan!

goşgynyň awtory:
Gerçeknazar Amannazarow.
(özünden bidin goşgysyny üýtgedenime ötünç soraýan!:))
47
599