flowers_
27.02.2024 20:52

Gyzlar göteriň sandygy…





Agaç ussaçylygy hem milli senetçiligiň diňe bir iň irki däl-de, eýsem, iň esasy ugurlarynyň biri bolsa gerek. Taryhymyzda öý-hojalyk, ekerançylyk we maldarçylyk işleri bilen bagly gurallardyr enjamlar, esasan, agaçdan ýasalypdyr: jykyr, azal, sandyk, gaýyk, araba, kejebe, hasa, aşgapak, çapgyýassyk, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, hatap, gaňňa, eýer, iş gurallarynyň saplary, türkmen akylynyň we eliniň nepis önümi bolan meşhur ak öý hem agaçdan.

Umumadamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän «Görogly» şadessanynda:

Eý ýaranlar halaýyklar,
Gyzlar göteriň sandygy.
Aga-ini, dosty-ýarlar,
Gyzlar göteriň sandygy —



diýlip taryp edilýän sandyklar zenanlar üçin arzyly öý goşlarynyň biri hökmünde bellidir. Dürli gabarada ýasalýan sandyklar gadym döwürlerden bäri söwda ýollarynda, öýlerde durmuş zerurlyklary üçin giňden ulanylypdyr. Ussalaryň nepis nagyşlar bilen haşamlap ýasan agaç sandyklary döwletli öýleriň duluna ýaraşyk beripdir. Sandygyň ýüzi oýma hem-de dürli reňkler arkaly ösümlik şekilli nagyşlar bilen zynatlanypdyr. Sandyk haşamlananda, daş-töweregimizi gurşap alýan owadan tebigatymyzyň gözelliklerinden nusga alnypdyr.

ХIХ asyryň ahyrynda, ХХ asyryň başlarynda türkmen öýleriniň içki bezeglerinde-de sandyk esasy orun eýeläpdir. Sandygyň üstüne ýorgan-düşekler we ýassyklar galdyrylypdyr. Sandygyň içine bolsa türkmen zenanlary zerur hasaplan zatlaryny, bukjasyny, mata-marlyk, ownuk-uşak salnan düwünçekleri salypdyrlar.


Maral SEÝIDOWA.
31
85
flowers_
27 Fewral 2024
@mandarin, Salam, gördüñmi postumy
mandarin
27 Fewral 2024
@flowers_, goymadynmy 😌
mandarin
27 Fewral 2024
@flowers_, salam
manolya
27 Fewral 2024
@flowers_, 😬
gulia_maksatmyradowna
27 Fewral 2024
Enemde bardy 🙂 nagyşlysy. Bizde nagyşsyz iki sany bar )
gùl🦋__
27 Fewral 2024
@flowers_, howa😁 hazirem dur
flowers_
27 Fewral 2024
@gùl🥀_, şondan häzirem durandyr o sandyk, mawy ýaly bolsañ bir eýýam dowulerdi😁
gùl🦋__
27 Fewral 2024
@flowers_, howa owadash😍 ustunde oturjak bolamyzda enem oturdanok dòwýàñiz mn sandygymy diyip🥲
flowers_
27 Fewral 2024
@gùl🥀_, owadan nagyşlananmy
gùl🦋__
27 Fewral 2024
Bizdede bar hazirem toydadagy ulanyarla😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.