Ýaş ýigit babasyndan maslahat almak üçin onuň ýanyna myhmançylyga barýar. Olar çaý-nahar edinenlerinden soň, agtygy babasyna ýüzlenip:
– Baba, siziň bilen bir maslahatym bardy.
Meniň tanyşlarymyň biri zehinli programmaçy.
Ol maňa bilelikde internet ulgamy bilen baglanyşykly biznes açmagy teklipetdi.Bilşiňiz ýaly,
men oňat hünärmen, eýýäm bir ýyl bäri ýokary aýlykly maglumat tehnologiýasy kompaniýasynda işleýärin. Ine, görşüňiz ýaly, golaýda awtoulag hem edindim. Men bir tarapdan,
biznesimiziň ugruna bolup gitjegine ynanman hemduramok, ýöne beýleki bir tarapdan hem düşewüntli işimi ýitiresim gelenok. Siz nähilem bolsa, telekeçilikeden adam, bu ugurdan uly tejribäňiz bar. Belki, maňa näme etmelidigini maslahatberersiňiz?!
Babasy biraz dymyp, soňam şeýle diýipdir:
–Seniň biznes taslamaň hakda maňa belli bir pikir aýtmak aňsad-a düşmez, dogrusy,
saňa nätseň gowy boljakdygy barada anyk
maslahat berip biljek däl. Seň özüň belli bir
karara gelmeli. Ýöne, garşy bolmasaň, saňa
wagt hakynda käbir zatlary gürrüň bereýin.
Gadymy greklerde iki hili wagt bolupdyr. Hronos–häzirki tükeniksiz, dowamly wagt hem-de Kaýros–hemişe garaşylman durka gelýän
şowlulygyň tutdurmaýan oňaýly pursaty. Şonuň üçin ony ulanmak juda kyn. Kaýros garaşylmazdan peýda bolýar–bir o ýerde, bir bu
ýerde peýda bolsa-da, hemişe-de aramyzda
gezýär. Ol şeýle bir tiz gaçýar welin, ony tutmag-a beýlede dursun, eýsem, görüp ýetişmegem her kime başartmaýar. Grekler Kaýrosy tutmak üçin özüňde ikizady–aň-düşünjäňi
artdyrmalydygyňy, duýgurlygyňy wagtynda
oýarmalydygyňy aýdypdyrlar. Eger-de, saňa
olary oýarmak başartsa, onda sen gelejege
nazar aýlap bilersiň we öz gelen islendik kararlaryň netijelerini öňünden aňyp bilersiň.