flowers_
28.02.2024 18:43

Manyly sözler.




Ýazyşyňdaky ýaly ýaşamasaň ýa-da ýaşaýşyň ýaly ýazmasaň, ýazýanyň çöl üstünden ösýän gury ýel ýaly gurak bolar.

*  *  *

Günüň kuýaş-nury bilen jümle-jahany ýagtylandyryşy ýaly, ýürekden çykýan,  mylakatly aýdylan hoş söz we güler ýüz hem ähli köňülleri ýagtylandyrýar.

*  *  *

Diňlemekde öňde bol, geplemekde — soňda. Ine, şonda sen gowy adam bolup ýetişersiň.

*  *  *

Doň suwy gyzyl köz eredýär, doň ýüregi — gyzyla gaplaýmaly süýji söz.

*  *  *

Agzyňdan içi ýakýan boş söz däl-de, jana ýakýan hoş söz çyksyn.

*  *  *

Kebşirleýji enjamyň simi ýaly sähel söze uçganaklap, ot çabradyp durma. Sähra ýaly giň göwrümli bol!

*  *  *

Ýerliksiz yhlas bilen oturanlary güldürmäge gyzygyp, olary öz üstüňden güldürýändigiňi duýman galaýma!

*  *  *

Toý paýy berlen düwünçek ýaly, düwlen ýumrugam dessine açmagy başarmaly. 





Orazgylyç ORAZGELDIÝEW.
35
144
garajaoglan
28 Fewral 2024
Garlawaç, minnetdar)
flowers_
28 Fewral 2024
garajaoglan
28 Fewral 2024
@flowers_, minnetdar))
garajaoglan
28 Fewral 2024
@flowers_, Play Marketde barmy
garajaoglan
28 Fewral 2024
@flowers_, siz haýsy programma surat çekdirip bolýa diýip otyrdyňyz
flowers_
28 Fewral 2024
@garajaoglan, diñleýän))
garajaoglan
28 Fewral 2024
Gelneje
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.