flowers_
04.05.2024 23:50
Bagtlylyk hakynda.
Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty.
Diýdiň sen:«Işçiler nädip oňýarka
Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..»
Emma weli işçiň günlük baýlygyn
Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.
Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul! Haram puluň elindäki gul!
...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Sen onuň yzyndan gitmäge derek
Şu günki gazanan puluňy sanap,
Ekstra bilen urýarsyň börek.
Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.
Men bolsa gazan gapgaryp pitä,
Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn
Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.
Sen bolsa şo mahal sanan puluňy
Desseläp, desseläp, daňýardyň
müňden
Emma meniň kisäm müňsüzem bolsak
Şo mahal müň esse
bagtlydym senden.
...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.
Duran-duran ýerden ylgady uly il.
Sen bolsa («syrkaw men, işli men...»
diýip)
Tapyndyň özüňe müň dürli delil.
Men bolsa şol mahal egnim tabytly,
Dostuňy göterip barýardym öňden.
Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,
Müň esse baýdymhem bagtlydym senden!
...Dileg edip geldi garryja eneň.
Bende dilegçi hem däldir-le weli,
Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin
Azajyk ýetmedik bolarly puly.
Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň,
Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!)
Men bolsa şo mahal öz enem bilen
Müň esse baýdym hem bagtlydym senden.
...Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.
Okamak deregne içýäň hem iýýäň.
Bir kitap görkezsem,saldarlap görüp,
«Şuňa näçeräk pul aldyka?» diýýäň.
Beýik Magtymgulyň kitabyny hem
Özüň däl, getirip beripdir ogluň.
Halal, haram hakda okan mahalym
Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň.
Dogrulyk hakdaky ýekeje söz hem
Ýerleşip bilenok pos basan beýnä...
Men bolsa her agşam bagrymy berip
Puşkine, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,
Balarysy ýaly şire toplaýan
Danalaň dürdäne setirlerinden.
Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen
Müň esse gurply men,
Bagtly men senden.
...Söýgüden doýanok meniň gözlerim.
Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.
Kopügiň hasaplap uzynly gije,
Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.
Men bolsa şo mahal mele gujakda
Her minutda iki ýaşyny ýaşap,
Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň
Kä lebinden, käte gözünden ogşap –
Seniň puluň sany çen-çakdan çyksa,
Meniň posa sanym çykýardy çenden.
Şo mahal
özüm hem,
gelnim, öýüm hem
Müň esse baýdyk
hem
bagtlydyk senden.
Her gije, her säher eýmençden eýmenç
Gara wakalary görüp düýşüňde,
Käte basyrganyp, käte gygyryp,
(Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda,
Maşyn sesi çyksa, tisginip turup,
Çyrany-da ýakman,
ylgaýaň gapa!..
Biz bolsak şo mahal çagalar bilen
Gark bolup iň süýji, lezzetli uka,
Zähmetiň, Söýginiň eşretin görüp,
Nur sorup ýatyrys ertirki günden.
Müňläp nulumyz ýok.
Emma müň esse
Baý biz,
arkaýyn biz,
bagtly biz senden.
Kerim Gurbannepesow.
27
59
flowers_
04.05.2024 14:36
Jemgyýetçilik tory maşgala albomy däldir.
Soňky wagtlarda ýolda, awtobusda, ulagda barýarka, naharlanýan wagty, telewizora tomaşa edip otyrka, uludan-kiçi hemmäniň elinde diýen ýaly telefon görmek bolýar. Graýam Bell 150 ýyla golaý ozal mundan öň, telefony oýlap tapanynda, bu enjam arkaly uzak aralykdaky adamlar bilen gepleşmegi maksat edinipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda telefonlar has köp işi ýerine ýetirip başlady. Esasan hem, “akylly” telefonlar, ýagny, smartfonlar çykandan soňra has köp maksat bilen ulanylyp başlady. Isle daýhan bolsun, isle-de sürüji howa ýagdaýynyň nirede nähili boljakdygyny telefonyndan görýär. Daşary ýurt dilini öwrenýänler bilmeýän sözüni telefonyndaky sözlükden görýär. Kitap okasy, aýdym diňläsi, kino göresi gelýänem telefona ýapyşýar. Telefon diňe haýsydyr bir gural hökmünde däl, eýsem güýmenje maksady bilen hem ulanylýar. Köpler her gün eden işini, bişiren naharyny, giden ýerini, çagasynyň doglan gününde deň-duşlary, maşgala agzalary bilen bilelikde düşen suratlaryny telefony arkaly jemgyýetçilik torlarynda “onlaýn” ýagdaýda dostlary görer ýaly edip goýýar. Telefony çagalaryň elinde-de hem görmek bolýar. Çagalaryň köpüsi oýun oýnaýan bolsa, kä halatlarda oýun oýnardan has kiçi çagalaryň elinde hem smartfon görmek bolýar. Käbir eneler bolsa bäbeklerini telefondaky aýdymlar bilen ukladýarlar. Munuň sebäbi soralanda, çaganyň telefonsyz uklap bilmeýändigini aýdýar. Bilermenler bolsa, çagalara iki ýaşyna çenli hiç hili ekranly zat görkezilmeli däldigini belleýärler. Smartfonyň bolsa, adamdan näçe uzakda dursa şonça gowudygyny, ulanylmajak wagty oturan, ýatan ýeriňden daşrakda goýulmalydygyny tassyklaýarlar.
Çaga özüni gorap bilmeýär, şol sebäpli ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin goralmaga, ene-atalarynyň, ulularyň mährine zerurlyk duýýar. Geçirilen barlaglara görä, häzirki wagtda dünýäde çagalar bäş ýaşyna ýetýänçä onuň 1 müň 500 suraty jemgyýetçilik toruna, ýagny internete goýulýar. Çaganyň bolsa, mundan habary ýok. Internete düşen islendik maglumaty, şol sanda suratlary hem göçürip almak kyn däl. Şeýle bolansoň, onuň näme maksat bilen ulanyljakdygy hem belli däl.
Häzirki wagtda dünýä ilaty 8 milliardan geçýär. Internet ulanyjylarynyň sany bolsa, 5 milliardan köp. Bütindünýä ykdysady forumy internet bilen bagly düşünjäni ösdürmek maksady bilen Sanly howpsuzlyk üçin Global koalisiýa atly başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyç sanly ulgamyň howpsuzlygy we ulanyjylaryň hukuklaryna hormat goýmagy üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýär. Koalisiýa täze onlaýn howpsuzlyk düzgünleri üçin iň gowy programmalaryň ýaýradylmagyna we sanly mediýa sowatlylygynyň ösdürilmegi bilen bagly maksatnamalar bilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hyzmat eder. Şeýlelikde internetdäki zyýanly mazmunlar (content) bilen göreşmekde döwlet bilen hususy eýeçiligiň hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi maksat edinilýär.
Ünsli paýlaş!
Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasy geçen ýyl çagalaryň suratlaryny we olar barada maglumatlary has jogapkärli ýaýratmaga ünsi çekmek üçin “ShareWithCare” atly kampaniýany yglan etdi. Bu barada “Sharenting” adalgasy hem peýda boldy. Bu söz iňlis dilinde “sharing” (paýlaşýan, ýaýradýan) hem-de “parenting” (ene-atalyk) sözleriniň birleşdirilmegi bilen döredilip, çagalaryň suratlaryny we wideolaryny sanly ulgam arkaly ýaýradýan ene-ata diýmegi aňladýar. Ene-atalaryň käbiri çagasynyň gündelik durmuşdaky her bir hereketiniň suratyny köpçülige ýaýradanda, onuň nähili netije berjekdigi barada pikirlenmeýär.
“Ellanyň aýtjak zady bar”
Ýokarda agzalan kampaniýanyň çäklerinde 9 ýaşly sanly ulgam gahrymany hem döredildi. Ähli çagalara wekilçilik edýän bu gyzjagaz “deepfake” tehnologiýasy bilen döredilipdir. Ella çagalaryň çem gelen suratyny internete goýanyňda nähili netije berjekdigini görkezmäge synanyşýar. Bu baradaky tanyşdyrylyş filminde bir maşgala kinoteatrda kino görýän wagty birden ekranda öz gyzlary peýda bolýar. “DeepFake” atly tehnologiýa bilen üýtgedilip, uly edilip görkezilýän çaga ene-atasyny günäkärläp, näme üçin çaga wagty öz suratyny internete goýandyklaryny soraýar.
Bilermenler tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň hödürleýän ýeňilliklerinden peýdalanylanda, zyýanly taraplarynyň hem bolup biljekdiginiň unutmaly däldigine ünsi çekýärler.
© Zaman Türkmenistan
31
83
flowers_
03.05.2024 23:55
Ogullar
Eňegne tüý çykan ýetginjek oglan
Gartaşan atasyn gysaja gysyp,
Onuň mekirligin, ýalançylygyn
Il-günden gizlemän, ýüzüne basyp,
Käbir adamlaryň aýdyşlaryça –
«Aňryk geçip geçilmeli serhetden»,
Atanyň hem hormatyny gaçyrdy,
Özüni hem mahrum etdi hormatdan.
Eňegine tüý çykan ýene bir oglan
Gartaşan atanyň göwnüni gözläp,
Onuň mekirligin, ýalançylygyn
Özüne-de aýtman, ildenem gizläp,
Käbir adamlaryň aýdyşlaryça –
«Aňryk geçmän geçilmeli serhetden»,
Atanyň hem hormatyny saklady,
Özüni hem gaçyrmady hormatdan.
Bulaň haýsy gara? Haýsy biri ak?
Doňup durun. Baş çykaryp bilemok.
Kerim Gurbannepesow.
24
49
flowers_
03.05.2024 13:53
Milady aý atlarynyň manylary: ýanwar, fewral, mart…
![]()
Hasap ýöretmek irki döwürlerde ýüze çykyp, şol wagtlar Gadymy Müsürde, Rimde we Hytaýda dürli görnüşli kalendarlar bolupdyr. Gündogarda Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanmagyna esaslanyp, hijri-kamary ýyl senenamasy ýöredilen bolsa, Günbatarda Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna esaslanýan Grigorýan senenamasy ulanylypdyr. Bu senenamalar biri-birine meňzeş hem bolsa, hepdeleriň bölünişi, aýlar babatda tapawutlanypdyr. Aý we Gün senenamalaryndan başga-da, Rim, Gezer, Berber, Jelali senenamasy ýaly ýyl hasaplary hem dürli halklarda ýörgünli bolupdyr.
Kalendaryň ösüşi we kämilleşmegi Gadymy Müsür siwilizasiýasyndan gözbaş alýar. Müsürlileriň iň gadymy senenamasynda ýyl 3 möwsüme – ýagyş ýagmasy (suw joşmasy), ekin ekiş we hasyl ýygnamak möwsümlerine bölünipdir. Müsürlilerden soň wawilonlylar hem her aýy 29,5 günlük, käte 1 gün gysgalýan 354 günlük senenamany işläp düzýärler. Häzirki zaman senenamanyň düýbi miladydan öňki 46-njy ýylda Ýuliý Sezar tarapyndan taýýarlanýar we ulanyşa girizilýär. Ýuliýan senenamasy atly bu kalendary imperator Awgust miladydan öňki VIII asyrda gaýtadan işläp düzýär we kämilleşdirýär. Şeýlelikde, milady senenamasy 12 aýa bölünip, hersine mahsus at goýulýar. Milady aýlarynyň näme üçin ýanwar, fewral, mart… diýlip atlandyrylandygy barada pikir edip gördüňizmi? Geliň, häzirki wagtda ulanýan ýyl hasabymyzdaky aý atlarynyň manysy bilen tanyş bolalyň!
Ýanwar.
Milady ýyl hasabynda 1-nji aýyň ady rimlileriň hudaýy Usanusyň adyndan gelip çykýar. Ynanja görä, Usanus hudaýynyň ýüzi birbada iki tarapa – saga we çepe seredýärmiş. Şol sebäpli 1-nji aýa geçen ýylyň gutarandygyny hem-de täze ýylyň başlanandygyny alamatlandyrýan ýanwar diýlip at goýlupdyr. Ýanwar sözi latynçadan «Januarius mensis» sözünden gelip çykyp, «Usanus aýy» diýmegi aňladýar. Başgaça aýdylanda iki tarapy görkezýän aý.
Fewral.
Irki ýyllarda «februarius» diýlip atlandyrylan ikinji aýyň ady rim däp-dessuryndan gelip çykýar. Rimliler ikinji aýyň 15-nji gününde «Arassaçylyk baýramçylygyny» geçiripdirler. Bu baýramda ulanylýan matadan edilen arassaçylyk esgilerine «februa» diýilýän eken. Bu söz Rim hudaýy Februusyň adyndan gelip çykyp, soňlugy bilen fewral görnüşinde ikinji aýyň adyna dakylypdyr.
Mart.
Üçünji aýyň ady köp dillerde meňzeş bolup, nemes dilinde märz, fransuzçada mars, ispan dilinde marzo, niderlandlarda maart diýlip atlandyrylýar. Mart sözüniň umumy manysy rimlileriň uruş Hudaýy Martiýusyň adyndan gelip çykýar. Mart aýy latynçada «Martius mensis» bolup, öldüriji diýmegi aňladýar.
Aprel.
Latynça «aperire» sözünden gelip çykýan aprel aýy «açmak üçin» diýen manyny aňladýar. Bu aý agaçlaryň ýaprak we gül açýandygy sebäpli şeýle atlandyrylypdyr. Grek dilinde aprel aýy aprillius diýlip atlandyrylyp, gözelligiň hudaýy Afroditanyň adyndan gelip çykýar.
Maý.
Bu aýyň ady hem rimlilerden gelip çykyp, ýagyş hudaýy Maýanyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Maýa hasyllylygyň we ösümlikleriň ösmeginiň hudaýy hökmünde hem görlüpdir. Latynça bu aýyň ady «Maius menelis» bolup, «Maýanyň ady» diýmegi aňladýar.
Iýun.
Fransuzça «Juin», iňlisçede «Junius», latynça «Junius mensis» diýlip atlandyrylýan 6-njy aýyň ady rimlileriň dogluş bilen baglanyşykly hudaýy, ýaşlygy alamatlandyrýan Junonyň adyndan gelip çykýar.
Iýul.
Iňlis dilinde «Julie», latynçada «Julius» diýilýän 7-nji aýyň ady Rim imperatory Ýuliý Sezaryň hormatyna iýul diýlip atlandyrylypdyr. «Örän yssy, ot, alaw» diýen manylary berýän bu aý ekinleriň ýetişýän möwsümi hasaplanypdyr.
Awgust.
Latynçada «Awgustus mensis» diýilýän tomsuň soňky aýynyň ady «augere» sözünden gelip çykyp, «köpeltmek, ösmek, beýgeltmek» diýen manylary aňladýar. Awgust aýy Rimiň ikinji imperatory Sezar Awgustyň adyny göterýär. Awgustyň doglan aýy oktýabr bolsa-da, bu aýa onuň ady dakylýar. Şeýle hem Ýuliý Sezaryň we Awgustyň wesýetine görä, iýul hem-de awgust aýlary 31 günden düzülýär.
Sentýabr.
Sentýabr latynçada «ýedi» diýmegi aňladýar. Sentýabr asly afrikaly Rim imperatory Septimiý Seweriň ady bilen bagly bolup, bu aýyň manysy käbir çeşmelerde «hasyl ýygnalýan möwsüm» diýmegi hem aňladýar. Belläp geçsek, ozalky senenamalaryň köpüsinde, şol sanda Rim senenamasynda hem ýyl mart aýyndan başlanýar. Rimlilerde ýylyň başy mart, ýagny ýaz pasly hasaplanýar. Şundan ugur alsak, sentýabr 7-nji aý bolýar.
Oktýabr.
Iňlisçe «okto» sözünden gelip çykýan oktýabr «sekiz» diýmegi aňladýar. Oktýabr Rim senenamasynyň 8-nji aýynyň adydyr.
Noýabr.
Latynçada «Noverber» diýilýän bu aýyň manysy «bölüji» diýmegi aňladýar. Şol döwürler şol aýda bolan uruşlardan soň, käbir sebitleriň ikä bölünendigi üçin, milady ýyl hasabynyň 11-nji aýynyň noýabr diýlip dakylandygy bellenilýär.
Dekabr.
Latynça «dekon» diýlen sözden gelip çykan dekabr aýy «on» diýmegi aňladýar. Ýylyň jemleýji aýy Rim senenamasynda 10-njy aý hökmünde bellidir
zamanturkmenistan.com.
46
376
flowers_
02.05.2024 23:49
Göwnüm seni küýseýär.
Käte ýalňyzlykda otursam özüm,
Käte gaharlanyp, çytylsa ýüzüm,
Käte ukym gelip, ýumulsa gözüm,
Teşne ýürek jemalyňa suwsaýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Göreşlerde gujur bilen batlansam,
Üýşmeleňde alkyş bilen ýatlansam,
Arzuwlarym göge galyp şatlansam,
Ýa-da hasrat ýürek-bagrym gyýsa, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Bahar geler, güller bilen şaýlanyp,
Seýran etsek baýyrlary aýlanyp,
Akja bulut «Ýagsammy» diýp, oýlanyp,
Çabga gelip, suw-sil edip guýsa, ýar,
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Meýdana ýazlypdyr bahar halysy,
Gel, bile keşt etsek ýakyn-alysy,
Maňa at goýdular: «Yşkyň dälisi»,
Men nädeýin ýürek şeýle söýse, ýar!
Gara gözlim, göwnüm seni küýseýär.
Halyl KULYÝEW.
32
37
flowers_
02.05.2024 09:20
![]()
TAO: Dünýäniň iň beýik obserwatoriýasy infragyzyl äleme penjire açýar.
26 ýyl Çajnantoryň aýagynda: astronom uzuzuru Yoshoşiniň arzuwy ahyrsoňy hasyl boldy.
Çili Atakama çölünde dünýäniň iň beýik astronomiýa toplumy bolan Tokio uniwersitetiniň obserwatoriýasynyň (TAO) açylyş dabarasy boldy. Çahnantor dagynyň depesinde deňiz derejesinden 5640 metr belentlikde özboluşly ylmy gurluş guruldy.
Bir wagtlar dünýäde iň beýik hasaplanýan obserwatoriýa 440 metr aşakda. TAO-nyň rekord beýikligi, Ginnesiň rekordlar kitabynda eýýäm hasaba alyndy, alymlara kosmos desgalarynyň görlüp-eşidilmedik arassa infragyzyl şekillerini almaga mümkinçilik berer.
![]()
“Unilemiň iň möhüm syrlaryny - garaňky energiýanyň tebigatyny, ilkinji ýyldyzlaryň emele geliş taryhyny açmak niýetim bar. Bu maksatlar üçin diňe TAO-nyň üpjün edip biljek özboluşly gözegçilik şertleri zerurdyr \"-diýip, 26 ýyllap taslama ýolbaşçylyk eden astronom uzuzuru Yoshoşii düşündirýär.
Atakama çölüniň belentlikdäki ýerleşişi we gurak howasy infragyzyl astronomiýa üçin amatly şertleri döredýär. Bu aralykda radiasiýany siňdirýän atmosferada az mukdarda çyglyk bar.
Obserwatoriýanyň merkezinde 6,5 metr infragyzyl teleskop oturdyldy. Toplumyň müdiri Takaşi Miýaminiň belleýşi ýaly, bu dünýädäki ýeke-täk ýerüsti teleskopdyr, bu spektriň orta infragyzyl sebitini anyk ýazga geçirip bilýär, bu planetanyň emele gelmeginiň ýyldyz sebitlerini öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe.
Obserwatoriýanyň elýeterli däl depesinde gurulmagy ajaýyp tehniki kynçylyklar we syýasy päsgelçilikler bilen dolduryldy. Yoshoşii pes atmosfera basyşy şertlerinde işleri utgaşdyrmak üçin ýerli halklar, Çiliniň häkimiýetleri, ylmy edaralar we Saglygy goraýyş ministrligi bilen uzak gepleşikler geçirmeli boldy.
Alymlar üçin beýik belentlikler, esasanam gije beýiklik keseline töwekgelçilik döredýär. Şonuň üçin teleskopyň gije-gündiziň dowamynda uzakdan dolandyrylmagy üçin, sammitden 50 km uzaklykda ýerleşýän San Pedro de Atakama şäherinde kömekçi binalar toplumy ýerleşdirildi.
Çärýek asyrdan gowrak meýilleşdiriş we gurluşykdan soň, TAO indi doly işleýär. Özboluşly astronomiki gural alymlara irki verselemiň syrlaryna we ýyldyz emele geliş proseslerine täzeçe göz aýlamaga mümkinçilik berer.
securitylab.ru/news
32
86
flowers_
30.04.2024 17:15
Suratkeş häzirki zaman jemgyýetiniň durmuşy baradaky gynandyryjy hakykaty suratlandyrýar: Marko Melgratiniň 15 eseri
Salam sungat dostlary!
Bu gün size Milanyň suratçysy Marko Melgrati hakda gürrüň bererin. Onuň işi elmydama iň soňky döwürde. Syýasaty, maşgaladaky zorlugy ýa-da tehnologiki ösüşleri görkezýändigine garamazdan.
Markonyň eserinde hemişe ylham çeşmesi ýok. Muňa derek, töweregindäki ähli zatlardan: filmlerden, kitaplardan, sosial ulgamlardan ýa-da hakyky durmuşdan ylham alýar.
![]()
![]()
![]()
![]()
Ýokarda ýazyşym ýaly, Markonyň eserlerinde köplenç syýasy äheň bar. Bu, ilkinji nobatda, işleýän neşirleriniň käbir mowzuklarda ýazmagy bilen baglanyşykly. Şeýle-de bolsa, Marko häzirki zaman meseleleriniň üstünde işlemegi halaýanlygy sebäpli, syýasy täsirini hatda şahsy eserlerinde-de görüp bileris.
![]()
![]()
“Şahsy suratlaryň üstünde işleýänimde (komissiýa däl), gyzyklandyrýan zatlary çekmegi halaýaryn. Adatça häzirki meseleler, sosial ýa-da taryhy temalar bilen işlemegi halaýaryn, maňa has köp pikir berýär. Käwagt kitap, dokumental film ýa-da hakyky durmuş sahnasy meni belli bir mowzuk bilen gyzyklandyrýar. ”
Marko Melgrati
![]()
“Kagyz we galam, pikirleriňizi habarlaşmagyň iň aňsat we iň göni usulydyr. Nebit boýagyny hem gowy görýärin, ýöne wagt tapmak beýle aňsat däl. Aýdym-saz hem möhümdir, ýöne käwagt ünsümi jemlemek isleýänimde dymmagy makul bilýärin. ”
Marko Melgrati
![]()
“Komissiýada işlänimde, mümkin boldugyça köp pikir tapmak üçin berlen mowzuk hakda mümkin boldugyça öwrenmäge synanyşýaryn. Özüm üçin çekenimde, diňe kelläme gelen zady edýärin. Soňky döwürde köp aýlanyp ýördüm, ýerleri üýtgetmek maňa ylham tapmaga we hakykata dürli garaýyşlara kömek edýär. ”
Marko Melgrati
![]()
![]()
![]()
Sosial ulgamlar siziň işiňize täsir etdi?
Stilistik nukdaýnazardan seredeniňde, kän däl. Reallyöne bu hakykatdanam dünýä üçin penjire, ilkinji gezek görmedik ýerlerim we adamlar hakda köp zat öwrenip bilerin. Hünär taýdan, bu suratkeş üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Marko Melgrati
![]()
![]()
30
58
flowers_
28.04.2024 08:15
▪︎Ýaşamaly, söýmeli, ynanmaly.
#Lew Tolstoý.
▪︎Durmuşyňyzy doly üýtgetmäge jan etmeli däl-de, diňe oňa bolan garaýşyňyzy üýtgetmeli.
#Ralf Woldo Emerson.
▪︎Isleg bolsa müňlerçe ýol tapylar, isleg bolmasa müňlerçe päsgelçilik.
#Iogann Wolfgang fon Gýote.
▪︎Ujypsyz kemçiliklere üns bermäň; özüňizde has ulularynyň bardygyny unutmaň.
▪︎Gerek däl zadyňyzy satyn alsaňyz, ýakyn wagtda zerur zatlaryňyzy satarsyňyz.
#Benjamin Franklin.
▪︎Uly çykdajylardan gorkmaň, az girdejilerden gorkuň.
#Jon Rokfeller.
▪︎Özüň bolup ýaşa. Beýleki keşpler eýýäm eýelendi.
#Oskar Waýld.
▪︎Eger-de islegler mümkinçiliklere gabat gelmeýän bolsa, ýa islegleri çäklendirmeli, ýa-da mümkinçilikleri artdyrmaly.
#Hindi pähimi.
▪︎Durmuşda başgalardan däl-de, özüňden öňe geçmäge çalyşmaly.
#Maltbi Dawenport Babkok.
▪︎Özüňizi söýmegi öwreniň, şonda beýlekileriň ählisi öz ýerini tapar.
#Lýusil Boll.
▪︎Durmuş öz ýüzüňizi tapmak üçin dürli aýnalardan özüňe seretmekdir.
#Woýseh Bartoşewskiý.
▪︎Pikirleriňizi üýtgediň, şonda siz öz dünýäňizi özgerdersiňiz.
#Norman Winsent Pil.
▪︎Käwagt nädogry kararlar bizi dogry ýola atarýar.
#Awtory näbelli.
▪︎Ýaşamak pikirlenmekdir.
#Siseron.
▪︎Durmuşym – meniň habarym.
#Mahatma Gandi.
▪︎Näçe wagt däl, näçeräk oňat ýaşadyňyz – şol esasy zat.
#Seneka.
▪︎Kynçylykda ýylgyryp bilýänleri gowy görýärin.
#Leonardo da Winçi
32
87