flowers_
28.04.2024 08:15
▪︎Ýaşamaly, söýmeli, ynanmaly.
#Lew Tolstoý.

▪︎Durmuşyňyzy doly üýtgetmäge jan etmeli däl-de, diňe oňa bolan ga­raý­şy­ňyzy üýtgetmeli.
#Ralf Woldo Emerson.

▪︎Isleg bolsa müňlerçe ýol tapylar, is­leg bolmasa müňlerçe päsgelçilik.
#Iogann Wolfgang fon Gýote.

▪︎Ujypsyz kemçiliklere üns bermäň; özüňizde has ulularynyň bardygyny unutmaň.
▪︎Gerek däl zadyňyzy satyn alsaňyz, ýakyn wagtda zerur zatlaryňyzy sa­tar­sy­ňyz.
#Benjamin Franklin.

▪︎Uly çykdajylardan gorkmaň, az gir­de­jilerden gorkuň.
#Jon Rokfeller.

▪︎Özüň bolup ýaşa. Beýleki keşpler eý­ýäm eýelendi.
#Oskar Waýld.

▪︎Eger-de islegler mümkinçiliklere gabat gelmeýän bolsa, ýa islegleri çäk­len­dirmeli, ýa-da mümkinçilikleri art­dyr­maly.
#Hindi pähimi.

▪︎Durmuşda başgalardan däl-de, özüň­den öňe geçmäge çalyşmaly.
#Maltbi Dawenport Babkok.

▪︎Özüňizi söýmegi öwreniň, şonda beý­lekileriň ählisi öz ýerini tapar.
#Lýusil Boll.

▪︎Durmuş öz ýüzüňizi tapmak üçin dür­li aýnalardan özüňe seretmekdir.
#Woýseh Bartoşewskiý.

▪︎Pikirleriňizi üýtgediň, şonda siz öz dün­ýäňizi özgerdersiňiz.
#Norman Winsent Pil.

▪︎Käwagt nädogry kararlar bizi dog­ry ýola atarýar.
#Awtory näbelli.

▪︎Ýaşamak pikirlenmekdir.
#Siseron.

▪︎Durmuşym – meniň habarym.
#Mahatma Gandi.

▪︎Näçe wagt däl, näçeräk oňat ýa­şadyňyz – şol esasy zat.
#Seneka.

▪︎Kynçylykda ýylgyryp bilýänleri go­­wy görýärin.
#Leonardo da Winçi
32
86
flowers_
28 Aprel 2024
@myrataly_, hawa) (bu teswirler tapylman heläk edýä))
myrataly_
28 Aprel 2024
@flowers_, Sol guller su wagt owadan gül acdy. Yene paŷlaşaryn nesip bolsa). Yadyndan cykmandyr)
2106
28 Aprel 2024
Özüň bolup ýaşa 👍👍👍
lavinya_
28 Aprel 2024
Kynçylykda ýylgyryp bilýänleri gowy görýärin:)
magsadowa
28 Aprel 2024
@flowers_, Geliň hökman garaşaryn🙈😘
flowers_
28 Aprel 2024
@magsadowa, göresim gelse bilesigelija barayjak))
magsadowa
28 Aprel 2024
Sag boluň sizem öziňize govja serediň🥰
magsadowa
28 Aprel 2024
Govy şükür siz govjamy🌹...bilemok hövesim gaçdy bärik girmäne belki şondan bolaýmasa
magsadowa
28 Aprel 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.