flowers_
03.05.2024 23:55

Ogullar


Eňegne tüý çykan ýetginjek oglan

Gartaşan atasyn gysaja gysyp,

Onuň mekirligin, ýalançylygyn

Il-günden gizlemän, ýüzüne basyp,

Käbir adamlaryň aýdyşlaryça –

«Aňryk geçip geçilmeli serhetden»,

Atanyň hem hormatyny gaçyrdy,

Özüni hem mahrum etdi hormatdan.



Eňegine tüý çykan ýene bir oglan

Gartaşan atanyň göwnüni gözläp,

Onuň mekirligin, ýalançylygyn

Özüne-de aýtman, ildenem gizläp,

Käbir adamlaryň aýdyşlaryça –

«Aňryk geçmän geçilmeli serhetden»,

Atanyň hem hormatyny saklady,

Özüni hem gaçyrmady hormatdan.



Bulaň haýsy gara? Haýsy biri ak?

Doňup durun. Baş çykaryp bilemok.




Kerim Gurbannepesow.

24
49
awgust
4 May 2024
Elhal 2nji ogly ýagşy eken...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.