ezizhan_hallyyew
26.11.2023 01:14
Salam agzalar giç ýagşy 🙋🙋🙋
41
310
ezizhan_hallyyew
24.11.2023 12:19
Oýlanýan,gynanýan,soňra aglaýan
Durmuş islegiňe görä däl eken
Kä adamlar daşdan akyl satsada
Ýanna barsaň ýönekeýje nol eken


Käte pikir etýän soňam begenýän
Durmuş islegiňe görä däl eken
Kä erkekler gyz ýaljakdyr öýtsem-de
Durşy bilen bir dogumly är eken


Bir gözeli saýlap söýeniňden soň
Diýýärsiň sen:"ol wepaly ýar eken"
Diýýärsiň giden soň seni terk edip
"Durmuş islegiňe görä däl eken "
33
81
ezizhan_hallyyew
23.11.2023 20:34
PISTOLET



Wah ýaşuly ...
Seň döreden enjamyň
Buşluk bolup,awçylary güldürdi
Ýöne awçylygyň çäginden çykyp
Ençe günäsizi ýere gömdürdi


Buýsanyber nije ýyllar geçsede
Könelmedi onuň "pistolet" ady
Soň dörejek howpdan habarsyz biri
Ylhamyňdan döretdi "awtomady"


Indi ol kiçijek demir enjamyň
Haýaldan özgerip täsiri ösýär
Uzak menzillere salymda ýetip
Ýüzlerçe adamyň deminden kesýär


Haýsy niýet bilen döretdiň diýip
Barardym ýanyňa soramak üçin
Menem götermeli şol zady welin
Maksadym- Watany goramak üçin
33
141
ezizhan_hallyyew
23.11.2023 10:45
Zenanlara



Zenan mähri bilen ýyladar öýüň
Şoň üçin olary ýürekden söýüň


Zenanlar bolmasa şaý-sep satylmaz
Zenan ýok ýerinde şatlyk tapylmaz


Zenan höwesinden dörän keçeler
Zenandyr biz üçin ýaşan ejeler


Zenanlar bolmasa dokalmaz haly
Zenansyz tümlükdir erkegiň haly


Zenanlar bitmejek ýaraňa emdir
Zenanlar garaňky ýoluňa şemdir


Zenanlar bolmasa pikir güýjemez
Zenanlar bolmasa dilem süýjemez


Hudaý bize ýeňletmek üçin derdi
Her öýe azyndan bir zenan berdi


Zenanlar ýok bolsa,älem döwülsin
Zenan ýokka erkek kime görnünsin?


Zenandyr dünýäniň ençe aşpezi
Zenandyr kösenip ulaldan bizi


Olaryň gözýaşy ýürek daglatsyn
Goý ZENANY diňe sogan aglatsyn
29
49
ezizhan_hallyyew
22.11.2023 21:46
Esger ömri zalýotda
telefony palýotda
açyk bolsa narýatda
öçik bolsa zarýatda 😎
41
469
ezizhan_hallyyew
22.11.2023 12:12
Söýgüli adamyň sözi islendik lukmandan tiz bejerýändir,şeýle hem islendik jellatdan tiz öldürýär... 🥀🥀🥀
32
184
ezizhan_hallyyew
21.11.2023 23:54

Gyzlar ýagdaýlara şeýleräk 😄😄😄

37
345
ezizhan_hallyyew
19.11.2023 22:28

Geçmişimde bolup geçen wakalar

Bu gun ýene meniň susstymy basýar

Diňe ölim gören gara gözlerim

Ýaşa dolýar ýene seni ýatlaýar




Senli geçen günlem düşýär ýadyma

Göwnime ýene sen geläýjek ýaly

Ah samsyk oglanjyk boljakmy ahyr

Ölen adam gaýdyp geljekmi ahyr



Suratlarňa seredemde her gezek

Näme üçin dideleň soragly ýaly

Ýa mende bir günä barmydy ahyr

Bu ýüregim diňe sennedi ahyr



Şol gezek joraňdan gelenje jaňy

Begenip alypdym nämekä diýip

Ýöne ol begenjim uzak däl eken

Saňa toý köýnegin geýmek ýok eken



Arzuw eden toý köýnegin geýmediň

Oňa derek geýdirdiler kepeni

Guna menne ýaly garyndaşlaňam

Oklatmady mazaryňa topragy



Gözim ýaşly köçelerde aýlanýan

Ynanyp bilemok seniň ýoklugyňa

Bu jahanda ýetmeseňde arzuwňa

O dünýäde nesip etsindä bize

34
99
ezizhan_hallyyew
19.11.2023 14:05
Ýer şarynda gözeller kän ýigitden
Dokuz peri düşjekmişin paýyma
Sekiz gyzdan ötünç sorap ýekeje
Giýew boljak ejeň ýaly gaýyna ❤️❤️❤️
31
488
ezizhan_hallyyew
18.11.2023 18:53
Görk-görmegiň baryp ýatan öri sen
Allaň ýere peşgeş beren hüýri sen
Meni ykbal üç ýazgytdan aýyrmaz
Biri ömür,biri ölüm, biri sen!!!
24
165