ezizhan_hallyyew
19.11.2023 22:28

Geçmişimde bolup geçen wakalar

Bu gun ýene meniň susstymy basýar

Diňe ölim gören gara gözlerim

Ýaşa dolýar ýene seni ýatlaýar




Senli geçen günlem düşýär ýadyma

Göwnime ýene sen geläýjek ýaly

Ah samsyk oglanjyk boljakmy ahyr

Ölen adam gaýdyp geljekmi ahyr



Suratlarňa seredemde her gezek

Näme üçin dideleň soragly ýaly

Ýa mende bir günä barmydy ahyr

Bu ýüregim diňe sennedi ahyr



Şol gezek joraňdan gelenje jaňy

Begenip alypdym nämekä diýip

Ýöne ol begenjim uzak däl eken

Saňa toý köýnegin geýmek ýok eken



Arzuw eden toý köýnegin geýmediň

Oňa derek geýdirdiler kepeni

Guna menne ýaly garyndaşlaňam

Oklatmady mazaryňa topragy



Gözim ýaşly köçelerde aýlanýan

Ynanyp bilemok seniň ýoklugyňa

Bu jahanda ýetmeseňde arzuwňa

O dünýäde nesip etsindä bize

34
99
id08
4 Dekabr 2023
Oziniz duzdunizmi
angelface
20 Noýabr 2023
@ezizhan_hallyyew, salam barmyň
mafiao
19 Noýabr 2023
Ustunlige yol
angelface
19 Noýabr 2023
Govy gosgy eken gynanclyy🥺
nabat_
19 Noýabr 2023
👍🥺🥺gynançly eken))okany agladp bilýa((
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.