Zenanlara
Zenan mähri bilen ýyladar öýüň
Şoň üçin olary ýürekden söýüň
Zenanlar bolmasa şaý-sep satylmaz
Zenan ýok ýerinde şatlyk tapylmaz
Zenan höwesinden dörän keçeler
Zenandyr biz üçin ýaşan ejeler
Zenanlar bolmasa dokalmaz haly
Zenansyz tümlükdir erkegiň haly
Zenanlar bitmejek ýaraňa emdir
Zenanlar garaňky ýoluňa şemdir
Zenanlar bolmasa pikir güýjemez
Zenanlar bolmasa dilem süýjemez
Hudaý bize ýeňletmek üçin derdi
Her öýe azyndan bir zenan berdi
Zenanlar ýok bolsa,älem döwülsin
Zenan ýokka erkek kime görnünsin?
Zenandyr dünýäniň ençe aşpezi
Zenandyr kösenip ulaldan bizi
Olaryň gözýaşy ýürek daglatsyn
Goý ZENANY diňe sogan aglatsyn