Köp erkekler iş başyna baranok
Öýlenensoñ, aýalyna buýuryp.
Olam hiç, gelniniñ gadryn bilenok,
Bileni -- kösemek, horlamak urup...
Şeýle erkekleri bir ýere ýygnap,
Gördügim dem bermän bogasym gelýär.
Emma ýene yzyndan göz ýaş dökjek
Aýaly ýadyma düşüp saklanýan.
Ah, nädip bulara düşündirse bor,
Erkekligiñ nämeler üçin baryn.
Munda eden işleñ jemine görä,
O dünýäde nämeleñ garaşýanyn.