eyle
23.03.2024 00:35
Tik-tok

Meñ üçin hiç zatsyñ welin,
Köpler üçin senden zor ýok.
Ýöne mundan monça bolup,
Özüñ beýik tutma, " Tik-tok "

Işdä bilen haýa iýdiñ,
Soñra, ony dünýä ýaýdyñ.
Şer işlere ýol açyp dym,
Ar-namysy ýakma, " Tik-tok "

Ýüpsiz baglap, garry-ýaşy,
Aýladyñ spirt ýaly başy.
Palçygña batyryp huşy,
Sen üstünden ätme, " Tik-tok "

Kitaplar çañ basyp ýatyr,
Girensoñlar saña giç-ir.
Añdan añsyzlyk boldy zor,
Gowluga ters gitme, " Tik-tok "

Çyn mähir, çyn söýgi kemän,
Ynsabam goýmadyñ aman.
Bu boluşyñ şeýle ýaman,
Gözleriñi ýapma, " Tik-tok "

Paýlaşsañ gowy zat kän-ä,
Şolar zyýan däl peýdaña.
Pul bilen ýarap adama,
...Haýwana deñ etme, " Tik-tok "

Şirnazar Taganow
23
29
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.