Ýaranjañlyk
" Ýaranjañ bolmadym " diýse-de dilleñ,
Bolan, bolmadygñy görkezýän o däl.
Kim bilýär, göz üçin diýýänsiñ belki,
Ony gizlinlikde edinipjik kär.
Saña ýaranjañlyk ýapylýan bolsa,
Hut özüñ öz geçmişiñe nazar sal.
Eger ýaranjañlyk görünýän bolsa,
Indi bolmazlygyñ üçin boýun al..!