eyle
22.03.2024 02:05
Imo

Seni adam oýlap tapd-a,
Muny eýýam unutdyñmy?
Ýa ýaşlaryñ edebine,
Onam goşup ýuwutdyñmy?!

Durman işleýäniñ üçin,
Iş etmeýän artyp gitdi.
Zadyñ hiline bakmanyñ,
Zyýany aşa semretdi.

Biderek zat lenta goýup,
Günuzyn laýk:a garaşýan
Boldy indi il-gününe
Uly peýda berjek ýaşlar.

Yzarlaýjy çöpleýän kän,
Her birine müñ ýalbaryp.
Bu gidişde gatap-gatap,
Ýüzleri daş döwse gerek.

Yzarlaýjylañ sanyna
Görä abraý tapjak bolmak.
Düşünseler oñ manysy: --
Fundamentsiz jaý gurmak.

Dogry, zyýanlaryñ ýaly
Peýdalarñam az däl welin,
Geljek üçin çenden çykan
Taraplaryñ çäkle, " Imo " !

Şirnazar Taganow
26
73
eyle
22 Mart 2024
@medik_, satlyk diýp bedenini rek etmeseler bir bolýa galany gitdi indi...(Şeýdip yzy köp nokat bolup)
medik_
22 Mart 2024
Imoda bir zat alsalar bir yerik gitseler goyyana dusnukli welin indi naharlarynam kilyonkanam reklama edip basladylara🤦🏻‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.