enes_∞
17.09.2024 19:54
![]()
Fobiýa (gorky) barada
Lukmançylykda «fobiýa» diýen düşünje bardyr. Ol adamyň aňynda berk ornaşan, kellesinden gitmeýän, aslynda welin, hakyky (hakykatda bar) howp bilen baglanyşykly bolmadyk gorkyny aňladýar. Fobiýanyň döremegine maşgaladaky, durmuşdaky, işdäki gatnaşyklarda ýüze çykyp bilýän ýiti gapma-garşylyklar, oňşuksyzlyk, dawa-jenjel ýa-da görlüp-eşidilen, başdan geçirilen wakalar (tebigy heläkçilik, köçe-ýol hadysasy, itiň dişlemegi, kimdir biriniň oýun edip ýa-da bilgeşleýin gorkuzmagy) zerarly alnan stresler sebäp bolýar. Nerw bozulmalaryna nesilleýin meýillilik bar bolan adamlarda hem fobiýa ýüze çykyp bilýär.
Fobiýanyň mahsus (spesifiki), mahsus däl we sosial görnüşleri bardyr. Mahsus fobiýa belli bir zat (obýekt), ýagdaý ýa-da adam bilen baglanyşyklydyr. Meselem:
• beýiklikden gorkmak — akrofobiýa;
• garaňkylykdan gorkmak — ahluofobiýa;
• uçarda uçmakdan gorkmak — aerofobiýa;
• açyk giňişlikden gorkmak — agorafobiýa;
• ýapyk jaýda galmakdan gorkmak — klaustrobiýa;
• durmuşda ýalňyz galmakdan gorkmak — autofobiýa;
• ýeke özüň galmakdan gorkmak — izolofobiýa;
• ýiti uçly zatlardan gorkmak — aýhmofobiýa;
• keseliň ýokuşmagyndan gorkmak — mizofobiýa ýa-da basillofobiýa;
• kesellemekden gorkmak — ipohondriýa.
Mahsus däl fobiýanyň hakyky howp bilen baglanyşykly bolmagy ýa-da baglanyşykly bolmazlygy mümkindir. Onuň gabat gelýän (adekwat) we gabat gelmeýän (adekwat däl) görnüşleri tapawutlandyrylýar. Gabat gelýän mahsus fobiýa anyk bir zatdan gorkmakdyr. Adamyň ýarak itden gorkmagy kadaly ýagdaýdyr. Ýöne gapysynda ýarak it daňylgy jaýdan 2 kilometr aňyrdan sowlup geçmek fobiýanyň alamatydyr. Gabat gelmeýän mahsus däl fobiýada oňa duçar bolan adam gorkýar, ýöne gorkynyň nämeden döreýändigine, kimiň, nämäniň özüne howp salýandygyna düşünmeýär. Ol öýünden çykmaga ýa-da kimdir birini öýüne salmaga gorkýar, köpçülikden üzňelikde ýaşanyny gowy görýär. Sosial fobiýa adamyň sosial durmuşy bilen baglanyşykly bolup, ol adamlar bilen aragatnaşyk saklamakdan, köpçüligiň öňünde çykyş etmekden gorkmagy aňladýar.
Fobiýa bejeriş geçirmek hökmany şert bolup durýan ruhy keseldir. Onuň ýüze çykan wagtynda nerw bozulmalarynyň alamatlary peýda bolýar: näsag derleýär, elleri titreýär, pulsy ýygylaşýar, arterial gan basyşy ýokarlanýar, el-aýaklarynyň myşsalary gowşaýar, käte göreji giňeýär. Ol güýçli gorkanda biygtyýar buşugyp ýa-da uly täret edip bilýär. Şeýle ýagdaý gaýtalanyp durlanda agyr nerw näsazlyklarynyň ýüze çykmagy, näsagyň gorkynyň täsiri bilen nädogry hereket etmegi mümkindir. Meselem, özünde keseliň bardygyna ynanýan adam lukmandan birugsat özbaşdak bejeriş alyp, saglygyna zyýan ýetirip bilýär. Şeýle ýagdaýlarda hökman lukmana görünmeli, hünärmeniň bellän barlaglaryndan geçmeli we bejergi almaly. Sagdyn iýmitlenmek, sport çärelerini yzygiderli ýerine ýetirmek, her gün arassa howada gezelenç etmek, streslerden goranmak arkaly immuniteti pugtalandyrmak hem zerurdyr.
Saglyk
Aşgabat NOHUROW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň
psihiatriýa, narkologiýa we medisina
psihologiýasy kafedrasynyň müdiri
9
49
enes_∞
14.09.2024 23:35
![]()
Örküç
Öňem bir küýki başga bir küýkiniň üstünden güljek bolýarmyş. Ol bolsa oňa barmysyňam diýenokmyş. Bu ikisiniň bolşuny soňuna çenli synlan akyldar şägirdine şeýle tymsal gürrüň beripdir:
– Günlerde bir gün bir düýe: «Eý, düýe! Seniň örküjiň bar! Sen küýki!» diýip, başga bir düýäni ýaňsylapdyr. Aslynda bolsa onuň öz arkasynda birem däl-de, iki örküç bar eken. Wah, hiç bir düýe öz örküjini görmese näme?! Ikinji düýe birinjiniň ýüzüne az salym seredip durupdyr. «Sen-ä mendenem beter küýki!» diýjek bolub-a, asyl azara-da galmandyr. Ol özüniň düýeligini kabul edipdir-de ötägidipdir.
Akyldar şu tymsaldan soň şägirdine şeýle ýüzlenipdir:
– Adamlaram, ana, şolar ýaly. Her kimiňem «örküji» bar. Akylly kişi beýlekiniňem «örküjiniň» bardygyny onuň ýüzüne goýjak bolup durmady. Ýaňsylaýan kişi bolsa öz kemini görmänsoň, beýlekiniň aýbyna güljek bolup başagaý. Hergiz ýagşylyklaryňy diliňe çolap öwünme! Özgäniň kemçiligine seredibem, üstünden gülüji bolmagyn! Ýogsam senem arkaňdaky iki «örküji» görmän, «küýki» diýip bir örküçli düýäniň üstünden gülýän düýäniň ýagdaýyna düşersiň.
Kämillik🍀]
16
72