enes_∞
15.09.2024 12:02

Hemme zat başgaça bolmalydy...
Her gün bägül gelmelidi salgy:ma,
Söýgimiziň saglygyna
Şygyr ýazmalydym joşup.
Aşa soýülmelidim,
Geýen men bolmalydym
Toý lybasyny.
Küýli başymy kürte bezemelidi,
Öýüňizi bezemelidim,
Ezmelidim gözüm ýaşa
Diňeje gelinalyjyda.
Seniň ýalyjak oguljygymyzam bolmalydy,
Meniň ýalyjak gyzymyz...
Güýzümiz geldi,
Ýazymyz gelmedi...
Durnalar terk etdi sowuk kalplary,
Haýp ýeri!
Hemme zat başgaça bolmady...


© Uzuk NOWRUZOWA]
14
80
yurejigim
15 Sentýabr 2024
@gula, Gosgyn manysyna gabat gelipdirä gosguda aydyar "geymelideim" toy lybasyny diyyar toy lybasyna derek kepen geyen yaly dusindim mena
yurejigim
15 Sentýabr 2024
Gosgy surat biri birine gelsipdir gowy gosgy eken 👍🏻🩷
gula
15 Sentýabr 2024
Govy goşgy surat has gamgyn...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.