enes_∞
16.09.2024 20:42
Sosial ulgamyň ukymyza täsiri
Ýatmazdan ozal ykjam telefonymyzy, ylaýta-da sosial ulgamy ulanmagymyz ukymyza ýaramaz täsir edýär. Akylly telefonlaryň, planşetleriň we kompýuterleriň ýagty ekrany bedenimiziň ukudan oýanmak we uka gitmek dolanyşygyny kadalaşdyrýan melatonin gormonynyň öndürilmegine päsgel berýän gök ýagtylyk çykarýar. Sosial ulgamy üznüksiz ulanmaklyk beýnimizi işjeň saklap, gözümiziň ýumulmagyny we ukymyzyň tutmagyny kynlaşdyrýar. Netijede, gijeki almaly ukymyz gysgalýar, ukymyzyň hili peselýär we ertesi gün özümizi ýadaw we ünssüz duýýarys. Hut, şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgeleriniň biri bolan kadaly ukynyň ähmiýetine oňat düşünmelidiris hem-de ýatmazdan ozal telefon we ş.m. gök ýagtylyk çykarýan enjamlary ulanmaga sarp edýän wagtymyzy çäklendirmelidiris.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
18
178
matsuriken
17 Sentýabr 2024
@ayymsha, 😌🙌
matsuriken
17 Sentýabr 2024
Menä instagram we tiktok diýen iki belabeteri "wudalyt" etdim 😌🙌. Bolmasa süýşür süýşür diýp esasy işlemden goýýa...
ayymsha
17 Sentýabr 2024
@matsuriken, Sagbol maslahatyña
matsuriken
17 Sentýabr 2024
@ayymsha, wäh nätdiňeý? Gazet žurnallardada ýazylýa okosoň 😌🙌
ayymsha
16 Sentýabr 2024
Şu zatlary bilmek üçinem ýene telefon görmeli bolýa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.