elya
07.11.2023 00:01
Saña gynanjak ýok bir senden başga,
Özüñi özüñ söý ana şol ýeter,
Özüñi bilmeklik günä iş bolsa,
Özüñi unutmak ondanam beter.
Saña gynanjak ýok bir senden başga,
Ýykylyp ýatsañam gol berjek bolmaz,
Üstiñden gülerler, ejiz diýerler,
Ymtylan ugryña ýol berjek bolmaz.
Eneñ diri bolsa aýatda entek,
Gynanar, gynalar, ezizlär, aglar,
Şondan ötri ynsan hemaýat bermez,
Käte hossaryñdan ýakyndyr daglar.
Emsiz galan ýaly derdiñ içinde,
Ýatsañam demiñi alañda haşlap,
Her bir hoş sözlere ynanyp ýörme,
Saña gynanjak ýok bir senden başga!.
© Baýram BEJIDOW
50
37
elya
06.11.2023 23:45
PURSAT
Çagalykda çaga saýan gurjagyň,
Gujagyňdan sowaşyşy juda geň.
Boýnuýogyn säginmezek möwritler
Haýdap barýar öňküsinden has gedem.
Seret, eýýäm Gün görkezdi ýüzüni,
Gözellik dünýäniň goýnundan jyklap.
Ýelpewajyn ýelpäp säher şemaly,
Oýandyrýar ümsümligi gyjyklap.
Arylar öpüp ýör gülleriň lebin,
Otyr ümmüldeşip goşa gumrular.
Herekete berip täsin dünýäni,
Säher galdy alyslarda gundalyp.
El tutşan bulutlar gidende ötä,
Eýýäm Güneş agan eken öýleden.
Şeýdip ýazyň hasaplanan gününiň,
Galyp barýar ýene biri beýlede.
Pursatlara uslyp bilmän säginme,
Ugrady Gün ýere berip eňegin.
Barsa gelmez ýola ugran her güni,
Gyzlyň gyrlan gyryndysna deňedim.
Bibi TAGANOWA,
50
79
elya
06.11.2023 21:25
Ýetim bilen Ýer söhbeti...
Jan berdiñ sen agaçlara, güllere,
Emma bet gylygñy goýmadyñmy sen?
Bäs gelip bileñok açgöz garnyña,
Adamy “Iýmekden” doýmadyñmy sen?
Seniñ ýüregiñde doñluk, gar barmy,
Ýa-da adamzatdan sende ar barmy,
Sormak aýyp dälmi ýaşja çagany,
Ýa-da döwür ýaly aýnadyñmy sen?
Üssüñde geçirýär ynsan ýaz, gyşy,
Synlaýar tebigat, mör-möjek, guşy,
Soñunda astyña göçürdip goşy,
Bäş günlük ýagtyda güýmediñmi sen?
Söýgi bilen ýeñip hupbaty, kyny,
Bagt görmek gezegi geldi ahyry,
Gujagyña gizläp Zöhre, Tahyry,
Olaryñ yşkyna köýmediñmi sen?
Esasy arzymy aýdaýyn saña,
Ejemjany aldyñ çuñlardan,çuña,
Rehmiñ inmedimi heý seniñ maña,
“Ýetim” diýdirenñi duýmadyñmy sen?
Ýer diýdi:
-sözläñde üns bergin çene,
Enesiz galana ine men ene.
“Amanatym berip yzyma ýene,
Gelerin dolanyp” diýmediñmi sen?
Kerim Hally
49
36
elya
05.11.2023 19:47
Burnuň gül ysyny alar elmydam,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Derdiňi duşaklap, daňar elmydam,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Iýeniň-içeniň siňer iniňe,
Iliň saňa söýeg, senem iliňe,
Kuwwatdyr garraňda gowşan biliňe,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Dünýäň durlanybir, durmuşyň süýjär,
Ýaşaýşa höwesiň gün-günden güýjär,
Göwnüň agtyk, çowluk, ýuwlugam küýsär,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Sylar seni, hormat goýar maşgalaň,
Sensiň onsoň maşgalaňda baş gala,
Ähli kynçylyklar ugrun, başgalar,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Ile ogluň-gelniň ýetirse peýda,
Giňeler göwünler göýä giň meýdan,
Ters geýer telpegni tüýs tersa şeýtan,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Gelniň meňzi meňzäp barýandyr Aýa,
Bal bary gatylar nahara-çaýa,
Gözlemersiň asyl özge bir saýa,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Ogluň ganatyňdyr, sen uçsaň-gonsaň.
Gelniň zynatyňdyr, sen uçsaň-gonsaň,
Bäş günlük ýalançam uçmahdyr onsoň,
Ogluň ogul, gelniň gelin bolanda.
Öwezdurdy TEJENOW.
50
51
elya
05.11.2023 16:58
Ejeme arzym
Kysmat sala salmaz bize,
Täze goşgy — köne yza,
Ne ynjalyk, ne-de maza,
Ne-de ýatyp bilýän eje.
Agtarar eken ýitiren,
Men indi nirä giderin?!
Köňlüň karar tapjak ýerin,
Gezýän tapyp bilmän eje.
Süýräp günleň golam-goşun,
Üç ony tegelär ýaşym,
Bir haýyrly işiň başyn,
Geçdim tutup bilmän eje.
Ömür — oýun. Alar-almaz,
Pikirlem kän bolar-bolmaz,
Kütek — sy:har. Keser — almaz.
Içim ýanyp gülýän eje.
Syrçasy ýok, guduk açan,
Senden başga bilmez içim,
Näçe öwrüm, şonça göçüm,
Geçdim utup bilmän eje.
Ogulnur ATAÝEWA,
49
48
elya
05.11.2023 00:32
Gülkim bilen aldaýaryn hemmäni,
Ynanyň, ynanyň, bagtly men çaksyz.
Arzuwlary kalpda, aýagy külde
Bagtlyny görjekler, bärde men, baksyn!
Maňa bagtly diýiň, bagtly bolaýyn,
Köle öwrülermiş köpüň dilegi.
Özünden däl, sözden bagt tapmakdyr,
Meger, men deý ynançlylaň geregi.
✏Laçyn BAZAROWA
51
47
elya
04.11.2023 19:57
ÖZ-ÖZÜM
Hossa bolsa gussa her hal her ýanda,
Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men.
Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da,
Öz-özümi garsa gujaklaýan men.
Hol görünýän daglar meniň armanym,
Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar.
Gorky diýip hasaplamaň barmanym,
Gitsem, geljegime nebsim agyrýar…
Ak alkym säherleň sowuklaç mähri
Içimden ýylylyk gözleýän ýaly.
Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim
Menden bir zatlary gizleýän ýaly.
Ýadyrgaýan ýat öýdäki çaga dek,
Göwün kemençämi syhap oturýan.
Gussa erkim alsa,
özüm çagyryp,
Öz başymy özüm sypap oturýan.
Men — gözýaş dünýäniň didelerinde,
Bir gün togalansam, syryksam, diňsem…
Bildim,
ýiterin müň ideseler-de,
Ýitmerin, öz-özüm ýitirmän bilsem…
Sapa Hommadow
54
47
elya
04.11.2023 00:40
Gysganç!
Gözlerimi ýumup, açyp oýnaklap,
Hyýalymda gözleýärin keşbiñi.
Gel söýgülim, bezäp ýalñyz kalbymy,
Bir tutaşdyr ýakyp giden yşkyñy.
Goý tutaşsyn, köýdürmese bes maña,
Goý ýylatsyn, sowamasyn duýgular.
Duýgularsyz meniñ kalbym garypdyr,
Beýgelse-de şolar bilen beýgeler.
Owadan sözlerme zar bolsañ eger,
Gel olaryñ çykýan ýerinde ýaşa.
Sen o ýerden gelýän söze teşnesiñ,
O ýerem intizar göz bilen gaşa.
Ýürek buýsançlarma parhsyz seredip,
Olaryñ nyrhyny gaçyrma gözel!
Çoýunyp bilýärkäm sowuk “mähriñden”,
Şony-da gysganyp öçürme gözel.
Sensiz ýatladyp dur, gamgyn ýüregim,
Guşy söýýän guşçyñ, guşsyz ketegin.
Kalbyma soragsyz girip,
Kalbyña,
Gysganýañ girjegiñ giriş petegin.
Kerim Hally
50
41