Serçeler saýraşýar ikindi çagy
Olar duşuşygyň gybatyn edýär
“Seni çykarmasak boljak däl” diýip
Ýerde duran juwan gyza seredýär
Gyz şeýle gyzarýar, onuň al reňki
Asmanyň ýüzüne ýaýylyp gidýär
Eli gül çemenli şadyýan ýigit
Gyzyň elin tutup, seýle äkidýär
Aşyk ýigit “Biz asmanda” diýensoň,
Olaryň ýoluna düşýär ak bulut
Magşuk gyza uzak wadalar berýän
Ýigidi ýalançy etmejek bolup
Onsoň olaň ýoly bulutdan ýaňa
Akmaýaň ýoly deý barha ýagtylýar
Ertekini gürrüň berseň beriber
Söýgiň soň erteki bolmasa bolýar
Bägül Ataýewa