ÖZ-ÖZÜM
Hossa bolsa gussa her hal her ýanda,
Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men.
Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da,
Öz-özümi garsa gujaklaýan men.
Hol görünýän daglar meniň armanym,
Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar.
Gorky diýip hasaplamaň barmanym,
Gitsem, geljegime nebsim agyrýar…
Ak alkym säherleň sowuklaç mähri
Içimden ýylylyk gözleýän ýaly.
Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim
Menden bir zatlary gizleýän ýaly.
Ýadyrgaýan ýat öýdäki çaga dek,
Göwün kemençämi syhap oturýan.
Gussa erkim alsa,
özüm çagyryp,
Öz başymy özüm sypap oturýan.
Men — gözýaş dünýäniň didelerinde,
Bir gün togalansam, syryksam, diňsem…
Bildim,
ýiterin müň ideseler-de,
Ýitmerin, öz-özüm ýitirmän bilsem…
Sapa Hommadow