elya
07.11.2023 00:01
Saña gynanjak ýok bir senden başga,
Özüñi özüñ söý ana şol ýeter,
Özüñi bilmeklik günä iş bolsa,
Özüñi unutmak ondanam beter.

Saña gynanjak ýok bir senden başga,
Ýykylyp ýatsañam gol berjek bolmaz,
Üstiñden gülerler, ejiz diýerler,
Ymtylan ugryña ýol berjek bolmaz.

Eneñ diri bolsa aýatda entek,
Gynanar, gynalar, ezizlär, aglar,
Şondan ötri ynsan hemaýat bermez,
Käte hossaryñdan ýakyndyr daglar.

Emsiz galan ýaly derdiñ içinde,
Ýatsañam demiñi alañda haşlap,
Her bir hoş sözlere ynanyp ýörme,
Saña gynanjak ýok bir senden başga!.

© Baýram BEJIDOW
50
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.