elya
20.03.2024 00:21
Gorkamok, ýitseñem ýa-da gitseñem,
Gorkamok dünýämi tutsa-da tupan,
Sensizlikde ýaşarynam, gülernem,
Hökman.
Ýalbarmaryn, ýazgarmanam gidenñi,
Elim señ eliñi tutmasa-da bor,
Geleniñde şatlanmadyk ýüregmi,
Gyssama zol-zol.
Düşünemok, gülki näme gam näme,
Seniñ her bir ýylgyranyñ ýazmy nä?,
Kiçijek göwnüme beren gussalañ,
Azmy nä?,
Terk etseñem, erk ederin ýürege,
Uly bagt garaşýandyr belki-de,
Gara başa sowgat edilen ömür,
Señki däl.
Hanha ýoluñ açyk, gitseñ gidiber,
Durmuşyñ saýlowy, ine orta ýol,
Gitseñem ýa ýitäýseñem bakylyk,
Gorkamok...
36
52
elya
17.03.2024 13:49
Tüýs wagtynda geldiň...
Güýzän ýüregime bolup teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.
Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa,
Iglän arzuwlarna bolduň-da direg.
Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini,
Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly.
Geçip barýan günler garrylyga däl,
Äkidip barýan deý ýaşlyga sary.
Gözleň göl döredip göwün öýümde,
Kalbyma keşde deý çekildi adyň.
Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär
Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym.
Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma
Tämiz sahap bolup, müdimi girer.
Sebäp, duýgularma berip teselli,
Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.
49
65
elya
14.03.2024 11:32
Ýyllary suw deýin äkitdi günler,
Geçen möwsümleri ýaşadym tenha.
Unudyp bilmeýän duýgulam bilen
Men geldim, ynha!
Seni her küýsämde dörän goşgulam
Depe bolup ýatyr beýlämde, hanha.
Gönüläp gözlerňe garamak üçin
Men geldim, ynha!
Saňa barýan ýol tapmadym elenip,
Hezil etdi şor täleýim bulanyp,
Şu ýaşymda ilki söýgä sygynyp,
Men geldim, ynha!
Sudur bolup geçmişime siňipsiň,
Aýralygy ne tär bilen ýeňipsiň,
Diýme maňa: «Wah, näm üçin gelipsiň»,
Men geldim, ynha!
43
42
elya
14.03.2024 05:37
GOŞGYNY NÄDIP ÝAZÝAŇ?
(Köpçülikde berlen sowal)
Sözlemäýin gaýrylarny,
Ýokuş gördüm aýrylanmy...
Şol hakdaky duýgularmy,
Syrymy paş edip ýazýan.
Uzak gepiň mahlasyny,
Duzlap kalbyň ýahnasyny,
Geçen günleň ählisini
Görülen düýş edip ýazýan.
Geregi ýok diýmegimiň,
Sebäbi ýok söýmegimiň,
Gül keşdeli köýnegimiň
Etegni ýaş edip ýazýan.
Setirde özüm däl, meniň
Duýgulam ýaşaýar, biliň!
Hyýalda özümi şonuň
Öýünde ýaşadyp ýazýan.
Gadyrym başgadyr söze,
Ýetdiren paýdyr bu bize,
Özümi şeýle bir yza
Meýletin noş edip ýazýan
37
103
elya
14.03.2024 00:20
"DYRMALANAN ÝARA BOLUP GANADYM"
Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük,
Kalby ýere garşy sozdy, ine-de.
Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň
Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de.
Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler,
Düýşler talanyldy, umyt şel açdy.
Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň
Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy.
Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň,
Sekuntlary barmak basyp sanadym.
Setirlere ruhum bilen siňdim-de,
Dyrmalanan ýara bolup ganadym.
Başym sämäp hijriň derdinden ötri,
Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden.
Sözläň, eý betbagt duýgulam,
Öňki
özümi men gözlemeli nireden?
© Sapa HOMMADOW
43
68
elya
13.03.2024 20:40
UMYDYM BAÝ
Ak bagtymyñ güneş bolup,
Dogarna garaşýan, agam!,
Sabrymdan bir ülüş alyp,
Oñarma garaşýan, agam!.
Ykbal gamly saz çalanda,
Azaşdym urpak, alañda¹,
Gara gözleñ ak ýalandan,
Doýarna garaşýan, agam!.
Utulyp ýalñyş göçümden,
Ýadadym, ýalñyş biçimden,
Gelip, salgymyñ içinden,
Kowarna garaşýan, agam!.
Sabrymyñ şowly çözümi,
Haçan görkezer özüni?,
Ýalançyñ dogry ýüzüni,
Görerme garaşýan, agam...
39
75