elya
24.03.2024 21:41


GALDYM BU ÝOLLARDA SÜTÜNIM SÜÝNÜP

Şunça ýyl aýlanyp bu älem içre
Bu söýgüniñ öñün-ardyn tapmadym.
Üleşikde ýetdi bir yşky hüjre-
Bagtym däl,
Içinde derdim sakladym.

Gör, yşkyñ eşreti kime galypdyr,
Gör, kimler tirip ýör umyt jemalyn?!
Men bolsa agaja dañlan ýaglyk deý
Çetde galgap durun sowuk şemala…

Yşkym gitdi ak guwlaryñ perinde
Ysgyn gitdi düýnki yşkbaz gõwreden.
Gyratymyñ sesi gelýär Pereñden
Ýollaryna gõzüm dikip garradym.

Galdym bu ýollarda sütünim süýnüp
Elter ýene nämeleriñ üstünden?!
Hool öñümde bolsa çykarman üýnün,
Kõpek ýatyr zyñlan köne possun deý..

Döwletgeldi ANNAMYRADOW
40
173
ayka_
25 Mart 2024
Senem sagamanja yatyp tur akylym@melhem,
ayka_
25 Mart 2024
@elya, 🫢hawola
melhem
25 Mart 2024
Post goýdum🙈indi ýataýyn,gijäñiz rahat bolsun sag amanja ýatyp turuñ 💫🤍
ayka_
25 Mart 2024
@elya, 🫢 mana wagt kop
ayka_
25 Mart 2024
@elya, 🫢gyy biz 1den on gidaymali
ayka_
25 Mart 2024
@elya, 🫢gowy habar bu
melhem
24 Mart 2024
@elya,geldim :)
ayka_
24 Mart 2024
@elya, 🥺way cyndanam
ayka_
24 Mart 2024
@melhem, sagbol 😊 akylym
ayka_
24 Mart 2024
@elya, 🫢sen yerini alyp bolmaza seni onurak suysurip menem sonyndan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.