elya
14.03.2024 05:37

GOŞGYNY NÄDIP ÝAZÝAŇ?

(Köpçülikde berlen sowal)

Sözlemäýin gaýrylarny,
Ýokuş gördüm aýrylanmy...
Şol hakdaky duýgularmy,
Syrymy paş edip ýazýan.

Uzak gepiň mahlasyny,
Duzlap kalbyň ýahnasyny,
Geçen günleň ählisini
Görülen düýş edip ýazýan.

Geregi ýok diýmegimiň,
Sebäbi ýok söýmegimiň,
Gül keşdeli köýnegimiň
Etegni ýaş edip ýazýan.

Setirde özüm däl, meniň
Duýgulam ýaşaýar, biliň!
Hyýalda özümi şonuň
Öýünde ýaşadyp ýazýan.

Gadyrym başgadyr söze,
Ýetdiren paýdyr bu bize,
Özümi şeýle bir yza
Meýletin noş edip ýazýan

37
103
guce
15 Mart 2024
😘
medik_
14 Mart 2024
@elya, @awgust, adyna seretmandirin🤦🏼‍♀️
awgust
14 Mart 2024
@elya, Bilyän, @medik_, soragyna jg berdim
awgust
14 Mart 2024
Ogulnur Atayewa
medik_
14 Mart 2024
Ozun yazyanmi gosgulani🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.