https://owrenmeli.app/64952-layn-bazarowa.html#comment
elya
24.03.2024 11:58
Ýadadym-aý meňzeşlikden!..
Öz-özümi ýigrenýänem
(Mahal-mahal hut şu sebäp
Kalba “pyçak direýänem”).
Şo bir heňde ýaşap ýörmäň
Jansyzlykdan parhy ýok.
Sa:gat ýaly: “jyk, jyk, jyk, jyk...”
Edýän işiň nyrhy ýok.
Eýer ýok diýp syrtymyzda,
Kabul etdik: adammyşyk!
Biz bu dünýäň aldawyna
Dogulmakak aldanmyşyk.
Gör-le dünýäň tilsimjigni:
“Janly” diýip at hem dakmyş!
Jylaw dakmyş agzymyza,
Heý, al kakmyş!
23.03.2024ý.
38
55