elya
10.09.2023 18:28

Barysy bir günde gutardy birden,

Dowam etdirmeli öňkije ýerden,

Ýatlamaň baryn öçürip serden,

Başardykça seni unudyp ýörün!


Şunça söýgi ýeke demde soňlandy,

Gulagymda şat gülkileň ýaňlandy,

Çekýän derdim ne özgäge aňlandy,

Ýalňyz gara bagrym gan edip ýörün!


Kino dälä söýgi gutarar ýaly,

Bir günde ýok edip ýitirer ýaly,

Yşk bir müdümi zat ertirler ýaly,

Seniňde gulagňy şaňladyp ýörün!


Düzetmäge maý bermediň arany,

Ondan soňam görkezmediň garaňy,

Herdem ýatlap ýene köne ýaramy,

Öz ellerim bilen bilen ganadyp ýörün!


Sen oňjak ekeniň durmuşda mensiz,

Ýalňyzlykda menem kösendim çensiz,

Ýer gök arasynda ýüreksiz sensiz ,

Menem ýaşamaga jan edip ýörün!


Süleýman Tekäýew

60
104
elya
09.09.2023 20:04

Saňa bakdygymça damagym dolýar,

Sesiň eştdigimçe ejizleýärin.

Meniň ýüregimi diňe sen bilýäň,

Saçymy sypa-da, ezizle, ýarym!


Dünýäň derdi piňime däl sen barkaň,

Elimde saklaýan bagtyň epeýin.

Hijran howasyndan nepes alýarkam

Ýüzüň öwür, maňlaýyňdan öpeýin.


Gujagyňda uklap ga:lsam, galmasam...

Elleriňi ysgap ýatsam, oýatma!

Birden söýgi yraň atsa, galgasa...

Ony ýykman, tutaly biz aýakda!


Yşkyň diri heýkeline öwrülip,

Ap-ak ertirlere bolaly buşluk.

Ynamy, wepany, ähti öwrenip,

Ýüz ýaşda-da bizden doýmasyn ýaşlyk!



✏Sapa HOMMADOW

62
86
elya
09.09.2023 16:50

Her gün kalby gussa guçar,

Ol ertirki gülüşimmi?!

Äkitmäge inen uçar

Iki ýyllyk ölüşimmi?!


Sensiz gijelem dat edýär,

Ýylgyryşlarňy ýat edýän...

Meni bir zad-a ýadadýar...

Bu gamam bir ülüşimmi?!


Ýüregimde gatbar-gatbar

Ýazylan bagt doly hat bar.

Atyrylýan daňlar ýatman

Geljegmizden çilişimmi?!


Gije Aýyň öwüşgini

Aý ýüzüňe höwes berer...

Güýzleň mymyk öwüsgini

Ýüregiňmi?! Ýüregimmi —

Gelişiňmi?!


07.09.2023ý.


✏Sapa HOMMADOW

61
56
elya
08.09.2023 23:15

Sürmeler bozulsa gaşdan,


Baharlar aýlansa daşdan,


Tapawdy ýok haýsy ýaşda,


Sen bir zady bilseň bolýar,


Kä gözüme ilseň bolýar!


*****


Asman hem Zemin arasyn,


Söýginiň hökmi sorasyn.


Didämiň agy-garasy,


Sen bir zady bilseň bolýar,


Maňa mydam gülseň bolýar!


*****


Köşeşmez kalbym zary hiç,


Galan zatlaryň bary hiç.


Ýa ir bolar, ýa juda giç,


Sen bir zady bilseň bolýar,


Çakylygma gelseň bolýar!


*****


Armanym äkider ýeller,


Goý, geň görse görsün iller,


Soňky pursat gyssam elleň,


Hem bir zady bilsem bolýar,


Ýüregiňde bolsam bolýar!


Gülşirin HANOWA

57
53
elya
08.09.2023 19:05

Söý meni ýar söý!

Başymyñ gowgasy bulutlardan köp,

On gün ýasa dönýär, bir gün bolsa toý.

Şatlygym kemelip, gam-gussa top-top,

Şo ýazgytdan saplap,

Söý meni ýar söý!


Daşym ot, içim ot, öçesim gelýär,

Kä-te göz ýaşymy içesim gelýär.

Dünýä kert bolsady...,

Gaçasym gelýär,

Ýaman neti ýoklap,

Söý meni ýar söý!


Dilimiñ ujunda saklanýar ahym,

Men ony saklaýan berk tutup myhyn.

Çykjak deý damakda çaýkanýar ruhum,

Oñ islegin çäkläp,

Söý meni ýar söý!


Duýgy diýilýän zat-dilsiz bir tilsim,

Kä-te mälim bolýar ýörseñ-de ümsüm.

Dañdan oýanjagmy aýt gyz kim bilsin,

Ajalam bir ýatlap,

Söý meni ýar söý!


Ýanan göwün, ýaýnap heýjana gelsin,

Dogrusy söýgüsiz sen maña delsiñ.

Birden señ söýgiñe bogulyp ölsem,

Aşyk ruhum şatlap,

Söý meni ýar söý!


Kerim Hally

51
66
elya
07.09.2023 21:16

Gel, hasaply bolaly!

Goý, uzaga gitsin täsin duýgular.

Öwrendim men söýgiň kadalaryny,

Eýýäm oňa bolup barýan uýgunam.

Gerek muny duýmagyň.


Gel, hasaply bolaly!

Gijeleri çirim etmän geçirdim:

Seň zaryňy çekip, gaýtalap adyň,

Oňa derek has uly bagt eçil sen.


Geçir sen yşkymy  kalbyň törüne,

Öçür eger şonda söýgi barmasa.

Indi öwezini söýülen günleň,

Söýgi bilen doldurmaga alňasa.


Gel, hasaply bolaly!

Emma şatlygymyz bolsun hasapsyz.

Meniň arzuwlarmy geçir durmuşa,

Hyýalymda bagtly geljek ýasapdym.


Zyýany ýok, zeýren kejirligimden,

Ejizje ýüregim mätäç goraga.

Gel, hasaply bolaly!

Ýöne meniň senden birje haýyşym,

Seni niçik söýýänimi sorama.


Altyngözel AMANMÄMMEDOWA

47
34
elya
07.09.2023 17:10

ÝAG, GUSSAŇ MELHEMI!



Ýagyş ýagýar, uçmah ysly damjalar


Ýagýan ýaly ýere däl-de, ýüregme.


Bilmen, hyýallarym barýar hanjaga,


«Köne ýazgylary» goýup deregne.



Ýag, gussaň melhemi, yşkyň hemdemi,


Poslan göwünleri päklige ýetir.


Senden – umyt,


Razy, galsa mendenem


Ýaşaýşy beýgeltjek ýekeje setir.



Tebigat asylky keşbine girse,


Duýgular düýpgöter barýar özgerip.


Adam ýaşamaly giçde ýa irde


Erkini olaryň eline berip.



Gurbanjemal ANNAKOWA.

52
40
elya
06.09.2023 21:12
“MEN BAR ZADY SENIŇ BILEN BAŞLARYN...”

Kä köňlüň gubarlap, sygmasaň öýe,
Bilgin bir ýerlerden ideýänimi.
Men deňze çalymdaş hüllämi geýip,
Gözläp ýörendirin idealymy.

Duşup öz söýgimiň mozaikasyna,
Bu kenary az wagtlyk taşlaryn.
Güllän erikleriň arasyn syryp,
Men bar zady seniň bilen başlaryn.

Pudagyna kelam ýazyp badamyň,
Ak bulutlaň arkasyna zyňarys.
Pelek içre öwrülip bir ygşylla,
Biz bir oýnam hurma bilen oňarys.

Kä köňlüň gubarlap sygmasaň dünýä,
Bilgin bir ýerlerden ideýänimi!
Men kenarda ot başynda ot bolup,
Gözläp ýörendigim idealymy.


✏Orazbibi Mälikguly gyzy
50
78
elya
06.09.2023 18:39

— Salam! Maňa bir petek beräýiň-dä. Bir tarapa. Diňe gidişin.


— Bir tarapa bolanok. Diňe gidişin hem gaýdyşyn.


— Ýeri, bolýar. Onda gidişin-gaýdyşyn, şu güne!


— Bu günki petekler eýýäm gutardy.


— Haçana bar? Iň golaý wagtdakysy gerek. Juda zerur!


— Iň golaýy… Bagyşlaň, diňe bir ýyldan.


— Hiç bolmanda, bir ýyldanam bolsa… Tutuş güne niýetlenen bolsun.


— Uzynly güne rugsat edilmeýär.


— Bolmanda, bir sagatlyk.


— Diňe bir minutlyk mümkinçilik bar.


— Bolýar, bir minutlygyny beriň onda.


— Ine, üç sagatlygam bar eken, ýöne bu ýene iki ýyldan…


— Ýok, maňa bir ýyldan bir minutlygyny beriň.


— Beýle bolsa, ýene bir ýola barlalyň: Gidişin-gaýdyşyna bir petek, ýene bir ýyldan, bir minutlyk. Dogrumy? Ylalaşýarsyňyzmy?


— Hawa.


— Alyň, ine, siziň çagalyga petegiňiz.


— Köp sag boluň.


— Ýogsa-da, bir zat sorap bilerinmi?


— Elbetde, soraň.


— Bary-ýogy ýekeje minut… Ýeri, siz näme etmekçi? Nämä ýetişerin öýdýärsiňiz?..


— Ejem bilen kakam ikisini bilelikde bagryma basmaga…

57
82
elya
05.09.2023 18:50
Diňdirjek bolmalyň aglaýanlary,

Goý, egissin ýüreginiň gussasyn!

Bu jahanda gam çekmäge esas bar,

Şatlanmaga bolsa iki esse kän.

 

Dogýan güneşleri maňlaýa sylyp,

Ýaşan şapaklardan many gözleýäs.

Kä öz bagtymyza mübtela bolup,

Özgäň agyr hasratyny görmeýäs.

 

Aýlanyp ýör hasabyna jür wagt,

Maslahat soranok, duýanok öýkäň.

Girse bir gapydan sallançak bolup,

Tabyt alyp çykýar başga bir öýden.

 

Diňdirjek bolmalyň aglaýanlary,

Belki, aýralygyň çekýändir ahyn

Ýa-da öz hasratyn aňmaýanlaryň

Göterip ýörendir betbagt agysyn.

 

Şatlyk, hasrat — barysy bir ömürde,

Käte derdiň gözýaş bolup döküler.

Meger çyndan aglap görmediklerden

Bagtlydyr ömrüni aglap ötüren.

Döwlet GARKYN.
51
42