elya
10.09.2023 18:28

Barysy bir günde gutardy birden,

Dowam etdirmeli öňkije ýerden,

Ýatlamaň baryn öçürip serden,

Başardykça seni unudyp ýörün!


Şunça söýgi ýeke demde soňlandy,

Gulagymda şat gülkileň ýaňlandy,

Çekýän derdim ne özgäge aňlandy,

Ýalňyz gara bagrym gan edip ýörün!


Kino dälä söýgi gutarar ýaly,

Bir günde ýok edip ýitirer ýaly,

Yşk bir müdümi zat ertirler ýaly,

Seniňde gulagňy şaňladyp ýörün!


Düzetmäge maý bermediň arany,

Ondan soňam görkezmediň garaňy,

Herdem ýatlap ýene köne ýaramy,

Öz ellerim bilen bilen ganadyp ýörün!


Sen oňjak ekeniň durmuşda mensiz,

Ýalňyzlykda menem kösendim çensiz,

Ýer gök arasynda ýüreksiz sensiz ,

Menem ýaşamaga jan edip ýörün!


Süleýman Tekäýew

60
104
gulalek_poetess
10 Sentýabr 2023
Tüweleme gaty owadan yazylan gosgy. Galamyñ ujy yiti bolsun. Sozleri bln goşgy ozune mayyl etdi🥰
sha98
10 Sentýabr 2023
Sonky dovur gyzlar elindaki sagady bn ayagny surata dusrip goymak moda bolpmy😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.