elya
08.09.2023 19:05

Söý meni ýar söý!

Başymyñ gowgasy bulutlardan köp,

On gün ýasa dönýär, bir gün bolsa toý.

Şatlygym kemelip, gam-gussa top-top,

Şo ýazgytdan saplap,

Söý meni ýar söý!


Daşym ot, içim ot, öçesim gelýär,

Kä-te göz ýaşymy içesim gelýär.

Dünýä kert bolsady...,

Gaçasym gelýär,

Ýaman neti ýoklap,

Söý meni ýar söý!


Dilimiñ ujunda saklanýar ahym,

Men ony saklaýan berk tutup myhyn.

Çykjak deý damakda çaýkanýar ruhum,

Oñ islegin çäkläp,

Söý meni ýar söý!


Duýgy diýilýän zat-dilsiz bir tilsim,

Kä-te mälim bolýar ýörseñ-de ümsüm.

Dañdan oýanjagmy aýt gyz kim bilsin,

Ajalam bir ýatlap,

Söý meni ýar söý!


Ýanan göwün, ýaýnap heýjana gelsin,

Dogrusy söýgüsiz sen maña delsiñ.

Birden señ söýgiñe bogulyp ölsem,

Aşyk ruhum şatlap,

Söý meni ýar söý!


Kerim Hally

51
66
dowletmyrat1990
9 Sentýabr 2023
@garlawac_, Nikadan soň ýary bolýa
dowletmyrat1990
8 Sentýabr 2023
Ondan öň biri birine ýar däl
dowletmyrat1990
8 Sentýabr 2023
Ýar sözi nikadan, ýagny toýdan soň diýilýä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.