elya
03.08.2024 11:30
Bagyşla!
Men seni söyüp bilemok,
Sebabi galdyň sen indi düýnümde.
"Saňa garaşaryn!" diýip bilemok,
Munuň uçin ýokdur meniň müynüm-de.

Bagyşla!
Bilmediň bagtyň göternip,
Ýeri, saňa ynam baglar ýalymy?
Öterin, men indi sensiz öterin,
Özüm ötlem-ötlem ömür ýolumy.

Bagyşla!
Günsayyn saýry görünýän,
Ýüregimem atygsanok "sen" diýip.
Aglamaryn gaýdyp: "Dar bu giň dünýä,
Sensiz maňa yagty jahan tün..." diyip.

Bagyşla!
Sen göýä ötegçi bulut,
Apalaplar aýlanmaryn adyňdan.
Geçeni geçdi bil, sen meni unut,
Menem seni çykararyn yadymdan.

© Solmaz AZYZOWA
13
54
elya
29.04.2024 15:08

IBERILMEDIK HAT
Eje, saňa gizlin-gizlin hat ýazýan,
Ýöne hatym saňa gowuşman galar.
Seni ýatlan çagym her gije-gündiz,
Tukat gözlerime birden ýaş dolar.

Men hat bilen gül iberjek bolamok,
Güle hat iberjek bolýan aslynda!
Ol jennet güli däl, ondan-da eziz,
Çünki jennet aýagynyň astynda.

Hemmeler diýýärler:"Ene mähriban!",
Emma men olara goşulmaýaryn.
Bir sözde kesgitläp bolmaz enäni,
Müň sözde-de ony başarmaýaryn.

Biz bilen agladyň, güldüň biz bilen,
Hemme şaýat: sabyr käsäň dolmady.
Kalbyňy parçalap, bize paýladyň,
Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady.

Ejem, saňa "Seni söýýän" diýmedim,
Diýmedim, söýsem-de men seni çensiz.
Çensiz dilegleňde ýaşaýaryn men,
Men seňki bolsam-da, ýene-de sensiz.

Bu aýralyk däldir, bu hasratam däl,
Artmagydyr saňa bolan söýgimiň.
Eje, saňa bu ýazanlam gowuşmaz,
Kemelmegin islemeýän duýgymyň...

22
144
elya
29.04.2024 10:41

SÖÝÝÄNIM BAR...

Ýüregimde güller bar
elwan-elwan:
paýlamaly çemenlerim bar
dünýä güller bagyşlamak meýlim bar.

Ýüregimde bilbilim bar,
saýranynda ýyldyz doglar didämde..
Dillerim dymanda süýjär
güýjär gözleriñ gürlände
aýtmajak sözlerim bar

ýüregim ýeke, hem-de ýeke
Biribar,
Onuñ söýeni bolsadym
Çykmasadym sözlerinden
ýalkany bar
bir nepes, bir dem, bir ömür
Sypmajagym nazaryndan
Söýýänim bar...

25.04.2024

21
113
elya
26.04.2024 00:05

@harikaa Bu gün neneñ ajaýyp hä? Bilýäñmi näme üçin? Çünki edil şu günde 21 ýyl ozal, bir hoşniýet, owadan, tämiz kalply, ýagşy, mylaýym ynsan dünýä geldi. Şol ynsanyñ bolsa, meniñ syrlarymy syzyp, dertlerimi duýup, gamgyn wagtym şat edip bilýän joramdygyna şeýle begenýän. Joram, meniñem saña bu günki etjek sowgat sözlerimi, öz "Kalp Sandygyñ bir töründe ezizläp saklarsyñ diýip pikir edýän. Goý Beýik Allahym seniñ bahar açan güllere meñzeş ömrüñi hemmelerden uzak etsin, dür dökülýän mylaýym elleriñ uzadan ýeriñe ýetsin, dertleriñ, gam-gussalaryñ bolsa saña ýetip bilmän 7 gat ýeriñ astynda ýatsyn. Sowulmajak şatlyk daşyñy gurşasyn. Bagt al ýakañlaryñ owşasyn. Göwnüñde beslän ajap arzuwlaryñ göz açyp ýummankañ hasyl bolsun. Ýylyñ ähli günleri bir seniñ üçin atyr saçan bagülli bahar bolsun. Görjegiñ we geljegiñ gowy bolsun we iñ süýjiden süýji, şirinden şirin arzuwlary saña dileýän Aýnam.Doglan günüñ gutly bolsun. Gyzgyn söýgi bilen Elýa jorañ
🧡👭🥰

Goý guwansyñ sana eziz maşgalañ,
Törlerinde mahmal owaz sazy bol.
Bu dünýede höwes etsin hemmeler,
Ýüze sylyp guwanylýan gyzy bol.🎂🍰

73
738
elya
24.04.2024 10:20

NÄME ÜÇIN?

Biz nämüçin ýüregmiziň deregne
Bagt hakynda aýdymlary diňledik?
Nämüçin şunça ýyl awtobuslaryň
"Bagt köşke" gidýänine münmedik?

Duýgusy daşyna çykýan suratlaň
Göwherden, gyzyldan bolsa-da içi,
Toý lybasda düşülmese, barybir,
Pozmaly boljagny bilmedik neçün?!

Kesirligňe näme düşdi, aýtsana,
Neçün gedemligim utuldy utman.
Özüni belentde goýmaň deregne,
Nämüçin biz bilen deň boldy ykbal?!

60
512
elya
16.04.2024 12:39

Aýym, Günüm dogulmasyn goý, sensiz,
Çensiz agyr düşer maña ol kysmat.
Gitmeli bolsamam dünýäden gyssag,
Nesip etsin mährem ellerñi gysmak.

Sen isleseñ men bar zadym bererin,
Edil alşyñ ýaly akyl-huşumy.
Men bu dünýäñ şiresinden geçerin,
Edil berşim ýaly süýji düýşümi.

Ýüregmi sorama, ol eýýam sende,
Tende özge ýürek sürýär hökümin.
Ezraýylam boş dolanar gelende,
Meniñ janym alar seniñ ýakymyñ.

Güller näme, süýji günlem seniñki,
Bagş edýärin ygrar, namys, ynsabym.
Söýgim üçin geçsem men şunça zatdan,
Hudaýam boş goýmaz söýen ynsanyn.

Görüm Ýerde galar, törüm saña bagş,
Oña laýyk diñe özüñsiñ çünki.
Wada berseñ "ejem" diýip söýmäge,
Iñ mähriban ynsan, ejemem señki.

34
50
elya
15.04.2024 15:50

Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär.

Men uçmak islämok, guş dek asmana,
Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.
Isleg ýok özümi Gökden asmaga,
Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.

Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,
Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,
Alma!
Ömür görsün atamdyr-enem,
Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.

Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,
Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.
Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,
Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.

Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,
Itler uwlasa-da garyp halyma...
Hallalykdan haýrym ýetip ilime,
Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.

Togtamazdan barýar ömür kerweni,
Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.
Alladan dilegim bize berleni,
Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.

Durmuş oýun edýär adamzat bilen,
Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.
Bu islegim başa barmanam biler,
Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär.



35
102
elya
12.04.2024 14:19

Ýürekdeşime
Ýylgyrsañ, ýygrylýar diÿjek sözlerim,
Ýygrylsañ, ýüregim gyzyp ugraýar.
Ýylgyrşyñy, ýygrylşyñy görmekden,
Hergiz mahrum etmäwersyn Biribar.

42
357
elya
11.04.2024 13:04

Süýnen ýyldyz
Ýa­dyň­da­my, kän ady­mam tut­maz­dyň,
Ýa: «Bag­tym» di­ýer­diň, ýa: «Bagt ýyl­dy­zym».
Ýyl­dyz süýn­di, ýak­dy ýe­riň bag­ry­ny,
Asu­da as­man­da çak­dy ýyl­dy­rym.

Şon­dan soň se­ti­re bag­ry­my oý­kap,
Gi­je­ler­ne goş­gy ýaz­dym kän ge­zek.
Ýa­kyp ýü­re­gi­miň bir bö­le­gi­ni,
Aýyl­ganç ýyl­gyr­dym ag­la­ma de­rek.

Ar­zu­wy, aý­dy­my ara­myz­da­ky
Unut­dym, ýu­wut­dym le­biz-yg­ra­rym.
Sen ha­kyn­da bo­lan ýat­la­ma­la­ry
Ýa­dym­dan çy­ka­ryp, alyp­dym arym.

In­di ma­ňa deň sen öz­ge­ler bi­len,
Hu­şum­dan uçup­dyr gör­me­giň-gör­küň.
Ýol­da sa­taş­sa­ňam di­ýäý­jek za­dym:
«Sen kim?».

63
262
elya
08.04.2024 12:44

Ýürekdeşime
Señ gaharly wagtyñ, gaharly menem,
Sen ýylgyran wagtyñ, ýylgyryş dogýar,
Eger pikirlermiz çapraz geläýse,
Dymýan,
Kä ýöneje ýylgyryp oñýan.

Sende mähirem kän, mertligem kän,
Gepleri diñlemek seniñ deñiñ däl,
Bir zat päsgel berýär, olam owaldan,
Gyz bolup dogulan ejizligiñ-dä.

Çözüm kän ykbala siñe garasañ,
,,Çykalga ýok" diýme, dertdeşiñ men,
Köp zat niýetiñe, päliñe görä,
Ýeñilme durmuşyñ şertlerinden.

Sen ýene müzzerýäñ, sähelçe söze,
Seret! Bahyllaryñ sen boljak bolýar,
,,Gorkynyñ gözüne seredip ýaşa"
Gussaly sazlara heñ boljak bolman.

Umyt bar öýkende dem barka entek,
Sen ýeke däl, daş:a itme golaýyñ,
Eger-de isleseñ, ynamym baglap,
Bir ömürlik ýürekdeşiñ bolaýyn.

Seniñ tukat wagtyñ garalýar älem,
Eger ýylgyraýsañ ýagtylýar pany,
Ruhum mähriñ bilen iýmitlenip dur,
Kem-kem azalyp dur gussamyñ sany.

Men seni özüme meñzedip ýörün,
Ýüregimiz meñzeş, pikirmiz meñzeş,
Boşadyp kineleñ ornaşan törün,
Adaty durmuşda şükürmiz meñzeş.

,,Owarram" diý, geçip gitsin deñiñden,
Iñ ajap duýgyny duýup ýaşaly,
Kemlileriñ kem gözlemän keminden,
Ýigrenip däl, diñe söýüp ýaşaly!...

44
186