elya
15.04.2024 15:50

Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär.

Men uçmak islämok, guş dek asmana,
Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.
Isleg ýok özümi Gökden asmaga,
Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.

Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,
Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,
Alma!
Ömür görsün atamdyr-enem,
Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.

Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,
Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.
Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,
Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.

Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,
Itler uwlasa-da garyp halyma...
Hallalykdan haýrym ýetip ilime,
Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.

Togtamazdan barýar ömür kerweni,
Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.
Alladan dilegim bize berleni,
Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.

Durmuş oýun edýär adamzat bilen,
Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.
Bu islegim başa barmanam biler,
Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär.



35
102
XL-19
15 Aprel 2024
cekilen suraty gowy cykypdyr 🦥🤔
gulia_maksatmyradowna
15 Aprel 2024
@sammysum, ýokarsynda ýazylgaaa🙄
jady
15 Aprel 2024
💕💕💕🌹🌹👍👍
sammysum
15 Aprel 2024
Surat owadan çekilipdir welin goşgyň awtory kimkä
nabat_
15 Aprel 2024
Surat owadan çekilipdir🥰😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.