https://owrenmeli.app/66038-ilmyrat-babaew.html#comment
elya
11.04.2024 13:04
Süýnen ýyldyz
Ýadyňdamy, kän adymam tutmazdyň,
Ýa: «Bagtym» diýerdiň, ýa: «Bagt ýyldyzym».
Ýyldyz süýndi, ýakdy ýeriň bagryny,
Asuda asmanda çakdy ýyldyrym.
Şondan soň setire bagrymy oýkap,
Gijelerne goşgy ýazdym kän gezek.
Ýakyp ýüregimiň bir bölegini,
Aýylganç ýylgyrdym aglama derek.
Arzuwy, aýdymy aramyzdaky
Unutdym, ýuwutdym lebiz-ygrarym.
Sen hakynda bolan ýatlamalary
Ýadymdan çykaryp, alypdym arym.
Indi maňa deň sen özgeler bilen,
Huşumdan uçupdyr görmegiň-görküň.
Ýolda sataşsaňam diýäýjek zadym:
«Sen kim?».
63
262