elya
03.08.2024 11:30
Bagyşla!
Men seni söyüp bilemok,
Sebabi galdyň sen indi düýnümde.
"Saňa garaşaryn!" diýip bilemok,
Munuň uçin ýokdur meniň müynüm-de.

Bagyşla!
Bilmediň bagtyň göternip,
Ýeri, saňa ynam baglar ýalymy?
Öterin, men indi sensiz öterin,
Özüm ötlem-ötlem ömür ýolumy.

Bagyşla!
Günsayyn saýry görünýän,
Ýüregimem atygsanok "sen" diýip.
Aglamaryn gaýdyp: "Dar bu giň dünýä,
Sensiz maňa yagty jahan tün..." diyip.

Bagyşla!
Sen göýä ötegçi bulut,
Apalaplar aýlanmaryn adyňdan.
Geçeni geçdi bil, sen meni unut,
Menem seni çykararyn yadymdan.

© Solmaz AZYZOWA
13
54
teacher
3 Awgust 2024
@tim_, ÖTLEM-ÖTLEM [ötlöm-ötlöm], sypat.Biri- biriniň içinden geçilýän birnäçe otagdan ybarat; birnäçe ötlem (tam hakynda). Häzir ötlem-ötlem otagly jaý.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.