efsane_tm
28.02.2024 02:24
Ilon Mask XMail şertli ady bilen poçta hyzmatyny işe girizmegi mümkin. Bu habar Google Gmail kompaniýasynyň poçta hyzmatynyň ýapylýandygy barada gürrüňler ýaýrandan soňra peýda boldy.

X sosial toruň howpsuzlyk boyunça inženeri Nate McGrady “Biz XMail-i haçan dörederis?” diýende Ilon Mask “Ýakynda” diýip jogap berdi.

Häzirki wagtda X sosial tory köp sanly taslamalaryň, şol sanda onlaýn-tölegler hem-de wideojaňlar ýaly taslamalaryň üstünde işleýär.

1-nji awgustdan başlap Google kompaniýasy köne kompýuterlerde poçtany oňaýly ulanmaga mümkinçilik berýän HTML wersiýasyny aýyrmagy göz öňünde tutýar.
46
61
efsane_tm
27.02.2024 01:47
Aýagyñ astyna bir kilim deýin,
Sereýin ýolyña jan bilen teni.
Keýige topulan aç böri deýin,
Söýenim, bu göwün isleýär seni.

Bir näzenin goýdy meni girýanda,
Söýgisi kalbymda, hasraty janda,
Kyýamat gününde, uly diwanda,
Söýenim, bu göwün isleýär seni.

Hyýalymda ýaşa mesgeniñ tutyp,
Gezerim ýaly gaýgyny unudyp,
Dileg edenimde adyñy tutyp,
Söýenim, bu göwün isleýär seni.


Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
43
57
efsane_tm
26.02.2024 10:50

Seniñ söýgiñ bilen meni hemişe,

Dünýäniñ kirinden ýuwar ýüregim.


Seniñ bilen bagly hyýallarymy,

Umyt sergisinde goýar ýüregim.


Gursakda atylyp her böküşinde,

Bir seniñ adyñy sanar ýüregim.


Damarda gaýnaýan gan akymynda,

Saña barýan ýoly yzlar ýüregim.


Ýaşamak üçin alýan her deminde,

Gije-gündiz seni küýsär ýüregim.


Hüýr gözeller içre mestan gezsem-de,

Elmydama seni söýer ýüregim.


Bir gün biläýse, indi ýoklugyñy,

Meni Jähennemde ýakar ýüregim.


Gark eder özüni jebir kölüne,

Hasrat girdabyna batar ýüregim.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.

49
32
efsane_tm
24.02.2024 20:47
Bahar güni açylan,
Gunçaly gül ýalydyñ.
Bagt nury eçilen,
Asmanda Gün ýalydyñ.

Däli Mejnun bolamda,
Sen söýenim bolanda,
14-i gün dolanda,
Asmanda Aý ýyldyñ.

Şygra baglap bossany,
Azdy ýazsam dessany,
Bejeräyjek hassany,
Sen melhemim ýalydyñ.

Her ýigidiñ bar jereni,
Şirin janyn bar bereni,
Bu durmuşymyñ diregi,
Sen geregim ýalydyñ.

Geljegimiz bile ýagty,
Tapmadyk bile bagty,
Durmuşymyñ täji tagty,
Sen soltanym ýalydyñ.

Diýerdiñ bir özüñ gerek,
Saña baglapdym ýürek,
Bolanymda ýelken kürek,
Sen gaýygym ýalydyñ.

Söz ýok başga ýazmaga,
Seni taryplamaga,
Ömüriñ janyn almaga,
Gelen ajal ýalydyñ.
A men iýmit bolmaga,
Gelen olja ýalydym.

Awtor: Ömürdag Tagandurdyýew.
52
30
efsane_tm
23.02.2024 21:10
Käbäni zyýarat edip, parzymyzy berjaý etmek ählimize niýesser etsin Ylaýym!



Rehim et, Ýa Ýaradan,
Barsam, Käbäni görsem.
Tümlükden nur döreden,
Barsam, Käbäni görsem.

Muhammediñ ymmaty,
Yslamýetiñ gymmaty,
Ybraýymyñ sungaty,
Barsam, Käbäni görsem.

Hakdan gelen permanym,
Ähli derde dermanym,
Bolmaz asla armanym,
Barsam, Käbäni görsem.

Berjaý etsem parzymy,
Üzsem goýlan karzymy,
Eşit Allam arzymy,
Barsam, Käbäni görsem.


Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew.
59
102
efsane_tm
22.02.2024 22:38
Biz hem bu seýilgähe geleris,
Agaýyn-dostlaryñ gerdeninde.
Daşlara meñzäp sessiz ýatarys,
Zyýaratlara gelenlerinde.

Gürlemek bolmaz soñra bu ýerde,
Ulag höwesi, howlukmaçlyk ýok.
Uçramak ýokdyr yşk diýen derde,
Iş-güýç derdi ýok, pulyñ derdi ýok.

Bu ýerde bolmaz hassa-keselli,
Ölümden başga dünýe ýalandyr.
Her kime imany bolsun teselli,
Bolmasa öleniñ haly ýamandyr.


Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew
48
53
efsane_tm
19.02.2024 19:00

Gijedir gündizi söýgiñe zarkam,

Hoşnut mähirli bir sözüñ ýetmedi.

Ähli zatdan ötri seni söýýärkäm,

Biwepa aýt saña näme ýetmedi?


Isleginde sendiñ biçäre göwnüñ,

Dikeniñ batyrdyñ ganaýar göwnüm,

Yşgyñda ýanmaýar indi meñ göwnüm,

Kalbyña söýginiñ közi ýetmedi.


Gam bilen siñdirýän goşga dadymy,

Datmadym duýgyñdan damja dadymy,

Bir gün unudaryn seniñ adyñy,

Bugün unudara gurbym ýetmedi.



Awtory: Ömürdag Tagandurdyýew

54
85
efsane_tm
14.02.2024 19:26
Hoş geldim!
58
163